“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
BiReYsEl : Garaşmak gowy zat,dogry adama dogry duralga-da!!!_BiReYsEl

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÝUMRUK ÝALY NABAT
 Täzeje
 FENX [off]
 30.10.2025 / 11:19

Syrkawladyň, ýaş gelindiň bäbekli,
Durmuşmy ýa kesel aldy haýyňy,
Hyk-çok edip, keşde çeken bolýardyň,
Agyrylaň beren wagty maýyňy.

Çagaňa-da mätäç bolduň şo günler,
Bileňokdyň eýläňe-de öwrülip,
Kakamam şol eklenç güzeran üçin,
Säher bilen çykyp gidýär sogurlyp.

Öýüň uly gyzy sekiz ýaşynda,
Çaý demleýär köýnegine çolaşyp,
Seň çaý içýän gök güllüje käsäňi,
Äkelýänçäk otyrardyň garaşyp.

Soramana gelip-gidýän goňşulaň,
Ýumruk ýaly nabat berdi birisi,
Uşaklarny şeýle berdiň elimize,
Eliň bilen döwüp berdiň irisin.

Dişlerimiň arasynda kytyrdap,
Eräninde ýaýrap gitdi süýjüsi,
Elleriňde şire bolan külkäni,
Ýalanyňy görmän galdy hijisi.

Biz geň galdyk, birje paýlyk kem çykdy,
Sen ýalňyşan bolduň bilýädiň sanap,
Körpäň paýyn süýde garyp beripdiň,
Aglaýan jigimi döşüňe ýanap.

Sen soňam çaý içdiň aýagňy salyp,
...Ýadyma düşende aglasym gelýär.
Indi nabat tapsam gysymma salyp,
Eje öýe tarap ylgasym gelýär.

Ogulnur Ataýewa


178

23

4

9

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Nikli [off]
 30.10.2025 / 12:18

+1

Biz yash wagtmyz okuw kitapda bir tokga nabat diyen hekaya bardy sol yadyma dusup gitdi

 Täzeje
 Nikli [off]
 30.10.2025 / 12:19

+1

Hakykatdan yadyna dushse aglatyan hekayady bu hem sondan alynana menzes manysh


Täzeje
FENX  (30.10.2025 / 12:24) 

Nikli, bu gyz köplenç özi hakda ýazýa.

 Täzeje
 Nikli [off]
 30.10.2025 / 12:36

+0

Emma bu ozu hakda bolup bilmezmika diyan sebabi gyz bolsa ol beyle kosencli yylarda yashan bolmaly dal

 Täzeje
 Zuleyha [off]
 30.10.2025 / 20:41

+1

Gowy yazya su sahyr

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Şugün, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (Düýn, 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (Düýn, 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...

Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk


W.yanyn eseri...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->