“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yigrencden soygi doreyshi yaljak,soygem yigrenje donup biler gowjam)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Geliň aýdym aýdalyň
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 08:59

Soňky döwür meniň aýdymçylara jynym düşüp dur. Otrisatel manyda dälde gowy, polojitel manyda.
Ilki bilen bellemeli ýerim bu aýdymçylar bilen biziň edýän işimiz ýazyjylyk bilen ugyrdaş kär. Biz ýazyjylar hem edil aýdymçylar ýaly içki dünýämizi daşky dünýä ýazmak, aýytmak arkaly suratlandyrýarys.
Aýdymçylar hem edil biziň ýaly öz içki dünýäsini ilki bilen ýazýalar onsoň ony saz bilen utgaşdyryp aýdym edip aýydýalar.
Soňky döwür aýdymçylar öz aýydýan aýdymlary halkyň kalbyna mäkäm ornaşar ýaly surat we hereketlerden durýan wideolar bilen bile utgaşdyryp aýydan sözlerini her dürli tanslar, kinolar, turizm sahnalary bilen berkidýäler.
Aýdymçylar esasan söýgi barada aýydýalar emma durmuşyň beýleki ugyrlary barada aýydýn aýdymçylarda ýeterlik.
Aýdymy gowy görmeýän adam az bolsa gerek. Aýdyma hemme öwrenişip gidipdirler. Aýdym bilen gündekik durmuşy öňküdende owadan etjek bolmak indi çagalykdan başlanýar. Elimizdäki telefon bu meseläni aňsatja çözýär.
Aýdymçylar öz aýdymlaryny orta çykarmak üçin örän köp pul, wagt sarp edýäler.Özleri hem köp pul işlemek üçin elinden gelenini edýäler.
Aýdymçylary ýyldyzlara deňeýärler. Ýyldyz bolup görmedik adam ýyldyz duýgysyny başdan geçirmeýär.
Eýýäm kiçijik döwründe ýyldyz adyny alyp ýören aýdymçylar ýeterlik. Aýdymçylary şunça köp synasamda, olary gowy görsemde olar barada meniň ýüregimde kiçijik uçgyn bar. Bu uçgyn lowlap ýanmanyň ornuna zordan ýylpyldap öçmekçi bolýar.
Şunyň bilen birlikde aýdymçylary jebire goýmak gerek däl olardan gereginden artykmaç zady talap etmeli däl diýip düşünýän. Öz edip bilmedik işiňi olaryň boýnuna ýüklemek adalatsyzlyk bolanokmy?.
Aýdymçylar özleri näme üçin aýdym aýydýalar aslynda.
Bu durmuşy gözel etmek üçin. Bu durmuşda ölümden başga owadan zatlaryň köpdügini şolardan biri öz söýgülisidigini aýytmak üçin.
Men näme üçin aýdym aýytmaýan..
Ýöne aýdym aýdasym gelýär. Meni togtadýan zat aýdym bilen öňümde goýan durmuş meselesini çözüp bilmesem nähili bolar. Ine, şu pikir meni sägindirýär.
Çünki adamlar aýdymy diňleýärler, öz kalbyndaky agyr duýgylary ýeňledýäler emma aýdymyň aýydan gözelligini durmuşa ornadyp bilmeýäler.
Aýdymçylar diňleýjiden nämäni talap edýäler. Muňa düşünmek üçin olaryň aýydýan sözlerine üns beriň. Olar hem biziň ýazýan sözlerimizden ugyr alýalar we bizden tapawutlylykda orta çykyp halka ýülenýäler.
Siz owadan boluň diýýäler. Emma adamlar edil aýdymy eşidip tomaşa edip duran wagty aýdymyň täsiri astynda wagtlaýyn gözellige beilýäläer we yz ýanyndan aýdymdan soň iki sagat geçmän ýene şol açgözligine, aldawyna, tarapgöýligine gaýdyp gelýäler.
Meniň bu aýydanym ýalňyş bolsundä hernä. Aýdym bilen durmuşyň kyn meselesini çözenler bolsun. Meniň garşylgym ýok munyň üçin. Men diňe gowylygyň tarapynda.
Aýdymçylar bilen iş salyşyp gördüm. Mekdepde we okuw jaýynda horda aýdym aýytdym.
Ýöne men aýdymy kär edip saýlap bilmedim. Diňe daşyndan aşyk bolup gezdim.
Saz guralyndan iň gowy görýänim deprek çalmana ökde. Şonuň üçin aýdymlaryň güýçli deprek çalynýanlaryny gowy görýärin. Ýaşaýan ýerimde aýdym-saz ösmedik. Ýogsa aýdym aýytmana gatnaşardym diýýän


7

4

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ÝUMRUK ÝALY NABAT


Emma bu ozu hakda bolup bilmezmika diyan sebabi gyz bolsa ol beyle kosencli yylarda yashan bolmaly dal...dowamy...

ÝUMRUK ÝALY NABAT


Hakykatdan yadyna dushse aglatyan hekayady bu hem sondan alynana menzes manysh...dowamy...

ÝUMRUK ÝALY NABAT


Biz yash wagtmyz okuw kitapda bir tokga nabat diyen hekaya bardy sol yadyma dusup gitdi...dowamy...

Gutarylmadyk goşgy


Saytda sene nadogrymy ya da bu geçen yylkymy...dowamy...

Degismeler 10


Deystvitelna sheylemi sho 3harp barada pikir edyanizmi kop?...dowamy...
Degişmeler älemi | Degismeler 10
Ylmytalyp (28.10.2025 / 15:16)

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Nike tech😎...dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Ay tuweleme. Dowam et, garasyas....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


ýaş wagtym kakamyň adidasyny geýipdim, indi şony oglum geýýä. olam agtygna berer... diýä öňem biri....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Tommy Hilfiger number one...dowamy...

Bu gyzykly durmuş


Ýazyberiň!!! setirleriň arasyndan kän zat düşinse boljak. bärde köneler aýtmyşlaýyn: ... ýaňy bar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Fantom (26.10.2025 / 19:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->