Ýürekdeş sözler!
 Bu saýtda kim guzyjyk kim tilki
Mishel [off]
Şugün, 08:49
Bir bar eken biz ýok eken. Bir guzujyk bar eken. Ol örän sada eken. Ol ynanjaň etken. Onuň kalby näzik eken. Onuň göwnünde beýleki jandarlara diňe söýgi bar eken. Ol şeýle sada bolansoň özüniň daş-töwereginde ony iýmekçi bolup ýören möjegiň, tilkiniň, şagalyň bardygyny bilmeýän eken. Ony iýjek bolýan bu jandarlar guzujygyň ulalyp etli bolmagyna garaşyp ýören eken.
Olar maslahat edipdirler.
-Goý ulalsyn hem semresin. Oňa çenli ol öz ynanjaňlygynda galsyn. Hiç haýsymyz syr bildirmäliň. Biz ony gowy görýän kişi bolalyň. Emma gözden ýitirmäň. Birden ol akyllanyyp biziň ony iýjekdgimizi aňmasyn. Onda biz ony şu horlygynda hem iýeliň.
Guzujyk bolsa bu dünýä diňe hezillikden durýar diýen pikirde bolupdyr. Ol özüni bu jandarlaryň iýjekdigini aňman her gün otlaga çykyp iýibilenini iýip hezil edip oýnapdyr. Şeýdip ol mazalyja semräpdir.
Ilki bilen tilki aňypdyr. Guzyjygyň etiniň köpdügini. Ol oýlanypdyr. Bir özüm tutyp iýsem et özüme köp ýeter. Şonuň üçin guzujygy aldap ony bir gyra çykaryp özüm ony basyp ýykyp iýeýin diýipdirde hiç kime bildirmän assajykdan:
-Eý guzyjyk ýör bile seýil edeli. Onsoňam seni täze otlag ýere elteýin. Ol taýda sen özüňe jora tapynarsyň diýipdir. Guzyjyk oňa ynanypdyr. Tilkiniň yzyna düşüp gidipdir.
Tilki ony tokaýyň gür ýerine eltip
-Guzyjyk sen özüň razy bol! Men seni gynaman, hiç ýeriňi agytrtman iýeýin. Ýogsa seni bogyp iýmekçiler. Olar köplük bolup her haýsy senden bir bölek mazaly we semiz etiňi goparyp alyp seni gynarlar. Men bolsa agyryny bildirmeýän em ederin. Bu emden sen özüňi bilmeýän halda gowy düýşler görüp ýatarsyň. Bu düýşüňde hemmeler saňa dost bolarlar. Ýogsa sen bu dünýäniň aýylgançdygyny gözüň bilen görseň sen özüňden nägile bolup ölersiň.
Guzujyk iki odyň arasynda galyp aglap:
-Onda sen meni iýäý, goý men ýaman zatlary görmän öleýin diýipdir.
Tilki ony iýmäne şaýlanypdyr. Guzujyga uky derman berip ony ukladypdyr. Guzujyk düýşünde bahar aýynyň güller açylýan döwründe otlagda öz dostlary bilen hezil edýän düýşleri görüp ýatypdyr. Tilki bolsa guzujygy bogup öldüripdirde ony iýipdir.
Ýöne ýene bir guzyjyk bar eken. Bu guzujyk düýäniň diňe hezil zatlrdan durmaýndygny irte aňypdyr.
Edil şu tilki, şagal, mojek onuň ýanyna gelipdir. Onuň bileen dost bolupdyr. Bu guzyjyk olara özüniň otlagynda otlamany hödür edipdir emma onuň bu dostlary ot iýmekden ýüz dönderipdirler.
Onda guzyjyk enesinden sorapdyr. Ene tilki, şagal, möjek näme iýýär diýip sorapdyr. Enesi guzyjygyna
-Olar bizi iýýäler diýip jogap beripdir. Sen olardan ägä bol. Olaryň ýanyna barma!
Guzujyk otlaga çykyp gaýgy-gama batypdyr. Ot iýmesem açlykdan ölerin, semresem tilkiler mei iýerler. Näme etsemkäm diýip oýlanyp başlapdyr. Oý-pikir ony ahyry şu maksada getiripdir.
-Olar meni iýýänçäler garaşyp otyrmaýynda gowysy men ilki bolup olary öldüreýin.
Haçan guzyjyk semräp ulalyp güýç topalandan soň öz hyýalyny amala aşyrmana girişipdir. Ol tilkiniň ýanyna baryp
-Indi men semredim. Etim meniň tenimi gijedýär. Sen meniň etimi iýde süýegimi goý.Men janymdan doýdum. Men saňa janymy gurban etmekçi. Sen bu dünýäde waglap gez men bolsa seniň üçin öleýin çünki biz guzyjyklar başyndan siziň bizi iýmegiňiz üçin dünýä geldik.
Tilki guzyjyň teklibinden mes bolup gidipdir
-Eýsem näme guzyjyklar tilkiler üçin dünýä gelen. Tebigatyň özi biz tarapda. Biz et iýýän jandar siz bolsa ot iýýän jandar. Biziň et iýmegimiz bu biziň üstünligimizi görkezýär.
Ýör gideli. Men seni tokaýyň gür ýerine eltip hiç kime bildirmän iýeýin diýipdir.
Guzyjyk ýalanadan tilkini aldap onuň yzyna düşen bolypdyr. Haçanda tokaýyň gür ýerine baranda guzyjyk tilkä meniň toýnajyklarymyň arasyna hapa zat girdi. Sen şony aýyr ýogsa hapa meniň etimi zaýalar diýipdir. Tilki guzyjygyň ýalan gepine aldanyp onuň toýnagyna yz tarapyndan barypdyr. Şonda Guzyjyk toýnagy bilen tilkiniň gözüne depipdir hemem yzyna aýlanyp gelip kellesi bilen tilkini süzüp ony şu ýerde bar bolan çukyra ýykypdyr.
Guzujyk oba gaýdyp gelipdirdde indi möjegi aldap äkidip öldüripdir. Yzyndan şagaly hem şeýdipdir.
Şundan soň guzyjyga hiç kim ýakyn barmandyr. Sebäbi hemme jandarlar bilipdir. Guzujygyň danalaygyny. Onuň özüni gorap biljegini.
31  | 
13  | 
2  | 
2  |  
0  |  
0  | 
0  | 
Teswirler:
 TäzejeMmmmm [3m]
Şugün, 14:24
+0
Brawooo
Soňky teswirler
Saýydaky dostlama kömek
Yenede yatlayn sen isle mary bol ahal bol balkan bol lewap bol dasoguz bol men komek etyandirin milet parazlyk yok mende...dowamy...
bu saýta hiç zat ýazmaryn
Meniň siziň bilen kejeleşip ýörmäne wagtym ýok. Men özüm işlerimden netije gözlemeli. Saýta gezek gelne bolsa men dogrymy aýydýan. Siziň hiç haýs...dowamy...
Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Tova...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden. Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)