“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Bazen öyle soğuk davranıyorsun ki, gelişin bile ısıtmıyor sonra...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy.
Premium
 Huzur [1m]
 02.11.2025 / 22:54

Humaý Kyýasa sekiz aýlap çyn aýalyň hyzmatyny etdi. Sekiz aý! Şunça wagtlap är-aýal bolup ýaşaňsoň, çaga galmasa o nähili bor?! Galjak bolsa, galarça wagt geçd-ä.
Humaýyň kellesine mojuk bir pikir geldi: “Erkegem däldir şu häli görseň”. Bu pikir onuň ýüregine wehim saldy. Indi çaga dogurman ýaşamalymy? Ölen günüň tabydyňy egnine alyp, ses edere-de biri gerekdir. Sallançakda ýatan ak bäbegi ýanap emdirmek hakyndaky bolsadysy bitmese Humaý-a şu dünýeden gidibilmez. Gidäýse-de, gözüni açyp gider.
Humaý: “Göwnüme getirmäýin-le şuňňaly zady” diýdi. Tersine boldy. Şol mojuk pikire assa-ýuwaş ynamy artdy. Artyp-artyp, mizemez bir zada öwrüldi. Humaý ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Diýjekdi. Ynamyna müňkürlik etmäge delil tapmady.
Humaý Kyýasy ýigrenip-de bilmedi. Aslyýetinde ol ärini nämüçin ýigrenmeli? Onuň etmişi näme? Kyýasy Hudaý näletländir. Zürýatsyz ötmegi oňa Hudaýyň özi buýrandyr. Adama şundan çökder jeza berip nätjek?!
Başga birine äre barsa, Humaýyň çagasy bolar. Hökman! Şuňa däl diýip biljek ýok. Kyýasdan welin çaga önmez. Çaga erkek adamdan önýär-ä. Kyýas erkek däl. Kyýas betbagt adam. Humaýyň ärine nebsi agyrdy.

* * *

Belanyň başlangyjy şu: Bir oglanjyk oňa aşyk boldy. Magazine baryp gelýärkä. Oglanjyk bolup, oglanjygam däl, Kyýasdan uly bolmasa, kiçi däldigi göz-görtele.
Oglan Humaýyň çörekli sumkasyny ýük gördi. “Getir göterşeýin” diýdi. Ýük görmedik bolsa beý diýmezdi. Humaý ýüz bermedi. Öz-özüne: “Bi ýerçeken nirden çykdy, gyz” diýdi. Dagy näderini
bilmän, haýsydyr bir düşnüksiz hiňlenmä maýyl boldy.
— Ýaman gowy sesiň bar, aýdymçy bolmaly ekeniň sen.
Humaý dilini dişinden aňyrda saklady. Ýogsa, onuň jogaby taýyndy. “Seň ejeň aýdymçy bolmaly ekeni” diýýämelidi. Diýmedi. Haçana çenli onuň ýaly köçede gezip ýören işsiz bilen darkaş gurup ýörjek?!
Ol öýüne ýetmäge howlukdy. Ikinji gezek Humaý oglan bilen bir hepdeden soň gabatlaşdy. Zibil döküp gelýärkä. Oglan hapa atylýan bedräni ýük görmedi. Ýük gören bolsa, getir, göterşeýin diýerdi. Diýmedi. Diýäýende-de Humaý oňa bedre götertmezdi.
Oglan adyny aýtdy. “Mergen” diýdi.
— Kim seň adyňy soraýa şumat?!
Oglan sarsmadam.
— Men seň adyňam bilýän. Aýdaýynmy? …Humaý. Ýaman gowy adyň bar.
Humaý: “Meň adymy nirden bilip ýörkä bi ýerçeken. Masgara janym, biriniň dulunda otyrkam bir haýasyza sataşaýdym-da. Kyýas bilse öldir meni” diýdi.
Ol oglanyň yhlasyny zor gördi. Mergen Humaýy gürletmäge ilgezik boldy. Pylan ugurdan okaýan, heniz öýlenemok, özüňiz ýaly meniklije maşgala bolsa öýlenäýmek hyýalymam ýok däl diýen ýaly Humaýyň teý gyzyklanmaýan zatlaryny aýdyşdyrdy. Ol welin sesini çykarmady, ne ýagşydan, ne ýamandan.
Ol Mergeni halamady. Ertesi olar üçünji gezek duşuşdylar. Mergen olaryň göni öýlerine geldi. Günortanlar. Gelşine-de gapyny kakdy. Humaý gapyny sesini çykarman açdy. Kyýas gelendir öýtdi. Mergeni görübem içini çekdi.
— Ertirden bäri daş çykmadyň-la bir gezegem. Häliden bäri saňa garaşdym men. Içiň gysanokmy öýde?
Humaý ýakasyny tutup, oňa git diýdi.
— Kowmasana, seni görmesem ýüregim gysyp, ölüp barýan.
Humaý pyşyrdap gepledi:
— Utanaňokmy biriniň heleýiniň üstüne atalap durmaga… Bar, git, şu ýerden abraýyň barka. Ärim ýatyr öýde.
— Aldama! Ol-a işe gitdi häli. Öýlän bäşden bärde gelmeýä. Bilýän-ä men.
Mergen gapyny iç ýüzünden ýapdy. Arkasyny diwara ýaplady-da, Humaýa çiňerilip seretdi. Humaý dagy nätjegini bilmedi. Ýüzüni kese sowdy. Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykanda näme etmelidigi barada öňünden pikir edip goýmandygyna ökündi. Iki sekuntlyk dymyşlykdan soňam:
— Bar, çyk, gyýw, meni biabraý etmejek bolsaň. Ilgün näme diýer – diýdi. Kesä bakyp durşuna Mergeniň birjik-de sarsmandygynam edil gözi bilen gören ýaly duýdy.
— Ärim biläýse öldir seni.
Şeý diýibem göni oglanyň gözlerine seretdi. Ol onçakly görmeksiz hem däl ekeni. Gözleri ýanyp dur. Humaý onuň garaklarynda yşkyň açlykdan surnugan keşbini gördi. Onuň didelerinden özüniň naýynjar keşbini hem tapdy.
— Gitjek, häzir gitjek.
Mergen hatda gözlerini-de gyrpmady. Örän parahat gepledi. Onuň ýüreginiň gürsüldisi Humaýyň alkymynyň aşagyndan eşdilip ugrady. Häzir Humaýyň bir-ä gözi gördi, birem gulagy
eşitdi. Galan zatlar togtady. Şu pursat ýüregi-de urmasyny kesäýdi öýdýän. Burun-a öz wezipesini unutdy. Aşhanadan gelýän köýen etiň ysyny alybilmese öz wezipesini unutdygy bolýa-da. Başga näm bolsun?! Soňky wakalara-da düşüner ýaly bolmady. Ýa-ha Mergen ony gujagyna gysdy, ýa-da ol Mergeniň gujagyna gysyldy. Bir zad-a belli, Humaýyň huşy başyndan uçdy. Huşy bar bolsa, Mergeniň boýnundan aslyşmazdy.
Humaý soňuny saýmady. Soňuny saýmaga wagtam bolmady. Wagt bolaýanda-da ol akylly-başly pikir edip biljek däldi. Beýnisi işlemeýän adam nädip pikir etsin?! Onuň huşy beýnisini terk etdi.
Humaý öldi. Ýaňyja-da Mergene: “Bar, git, oglan, iliň heleýi bilen näme işiň ba” diýip duran Humaý onuň gujagyna özüni oklady-da, öläýdi. Sojap-sojap dem alyp ýatyşyna hakyt öldi oturyberdi. Gutardy…
…Humaý ýedi minutdan soň direldi. Gözüni açmady. Ýöne direldi. Direlen badyna-da iňledi. Nämeleriň näderejede nähili bolup geçendigini bilesi geldi. Bilip bilmedi. “Nepesimi bir durlaýyn-la” diýdi. Süýndi. Barybir anyk aňşyryp bilen zady bolmady. Kösendi.
Çak urdy. Humaý göwresinde galan çaganyň Mergendendigine
şübhe etmedi.


76

14

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Mmmmm [off]
 04.11.2025 / 14:25

+0

Berekelaa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.


Gadyrly ýazyjymyzyň jaýy jennet bolsun....dowamy...

Dogulmankam günäm näme!?


Gaty täsirli okanyňda perişde ýaly çagajyk gözleri ýaşly, ýüzünde gam gussa aglap ýüzüňe seredip duran ýaly. Her çagany hem Allatagalla ryzky bil...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogulmankam günäm näme!?
Perhatsabirovv (Düýn, 23:42)

Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.


talyplar.com, 2022-nji ýylda @soho agzanyň paýlaşan mowzugy....dowamy...

Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.


Atajan TAGAN 1. Atajan Tagan Russiýanyň Prezidentiniň Permany bilen "Russiýa Federasiýasynyň medeniýetde at gazanan işgäri" diýen hormatly at be...dowamy...

Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.


Okuwçy wagtymyz halypanyň Uruş haçan gutarýa atly kitabyny mekdep kitaphanasyndan alyp okardyk. Halypanyň jaýy jennetde, imany hem hemrasy bolsun...dowamy...

DAŞDA SEN


Oglan; Ýañy bir güýz düşen çagy, Howlukdyñ-da goýduň gyşda. Ýüzüm sowuk, kalpda agy, Sen ýene-de menden daşda. Gyz; Hawa, şonda güýz...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | DAŞDA SEN
Gulmahrem (Düýn, 23:24)

Mekdebi we dünýäni gowy tarapa nädip üýtgetmeli?


Mekdebi gaytadan okaymaly etdiñ senä...dowamy...

Birahat ruh.(mistiki hekaýa)


21+ ýazyp bildiriş bermeli ekeniñ...dowamy...

Birahat ruh.(mistiki hekaýa)


Ay bunýaly zatlary çagalar okamaly däl...dowamy...

Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.


Allah öz rehmetine alsyn!!!...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->