Ýürekdeş sözler!
Meniň kosmosdan düşen söýgülim
Mishel [off]
Düýn, 14:35
Indi meniň halym äýan boldy özüme. Seretsem, oýlansam, ýüregimiň törüne seretsem ol ýerde bir gyz otyran eken. Aýyň bölegi ýaly günüň şöhlesi ýaly. Ilki bilen bu bir salgymdayr diýdim özüme. Meniň maksadym ýokdy bu gyza aşyk bolmak.
Emma ýüregimi barladyp gördüm doktora. Ol meni kardiogramma etdide sizde infarkt bar diýidi. Men soradym ondan
-Sebäbi nämedir bu ahwalyň
Onda doktor içip otyran bir käse çaýyny bokurdagyna lokurdadyp guýdyda
Sen aşyk bolupsyň. Tizara ölersiň bir çäre görmeseň diýdi.
Onda men doktordan soradym.
-Doktor sen hem infarktmy. Çünki sen hem aşyk bolup öýlenensiň, şeýle dälmi?
Onda doktor meniň gepime.
-Eýsem näme, bir gezek däl üç gezek infarkt boldym diýdi. Ini diňe ölmek galdy mende. Dördünji infarkta çydamasam gerek diýdi ol
Men bu doktoryň aýdanyna ynanman indiki doktora kellämi barlatdym.
Doktor meniň kellämi suratyny alyp suratdan bir zatlar äňşyrjak bolup köp uryndy.Soňra
-Seniň kelläňe bir gyz habar göýberýär. Bu gyzy täp ýogsa sen ölersiň diýdi.
Öýe gelip bir çeýnek çaýy alyp oýlanyp başladym. Özüme bir topar sorag berdim. Bu habar göýberýän gyz kimkä diýdim we şu ömrümde maňa dogry gelen gyzlary ýatlap çykdym. Seretsem bu gyzlaryň hemmesi çykyp gidip hemmesiniň çagasy bar.
Mümkin däl diýdim men özüme. Bularyň maňa habar göýbermegi. Onsoň daşary ýurtda bolan wagtymdaky daşary ýurt gyzlary bir çetden sanap başladym. Iň soňunda milleti tailandly bolan gyz ýadyma düşüp gitdi.
Şu gyz bilen meniň ykbalymda gysga wagtlaýyn dogry gelip gitdi.
Ýadyma düşeni şol gözümden ýaş paýrap gitdi. Gysga wagtlaýyn dogry gelen bolsakda biz ikimizň gepimiz şolbada alyşdy. Ol meni gowy gördi men hem ony. Bary –ýogy iki günüň dowamynda biziň dogry gelen wagtymyz bir sagada hem ýetmändir.
Her kimiň öz ýurdyna gaýytmaly wagty boldy. Meniň ýaman endigim bar. Hoşlaşmany we garşylamany halamaýan. Gaýytmaly wagtymda men bu gyza hiç zat diýmedimde zatlarymy aldymda taksa mündimde aeroporta geldim.
Samolýotdan düşenimde ondan habar geldi maňa jaň edenligi barada. Emma meniň bir teňňelik keýpim ýokdy ondan aýra düşenime. Üstesine mende mümkinçilik ýokdy bu gyza şert döretmäne. Bu döwür meniň durmuşym örän alasarmykdy. Şonuň üçin men gepleşmedim bu gyz bilen.
Birnäçe wagt ýadymda galdy bu gyz .
Ine, şu gyzyň maňa täzeden habar göýberýän bolmagy mümkin diýdimde bu gyzyň soňky ykbalyny internetden gözläp başladym.
Görsem aýdar diýer ýaly. Dünýä belli gyz bolup gidipdir. Millioner, ýyldyz, aýdymçy, tansçy, model. Syýastçy. Öz ýurdynyň we milletiniň iň abraýly gyzy.
Munça zady bu gyz barada okap meniň ýenede ondan höwesim gaçdy. Bu hili gyz bilen ykbal birleşdirip bolmaz. Ol meniň ýüregimi ýara eder ýada men özümi onuň bilen deň alyp baryp bilmen. Üstesine ol eýýäm durmuşa çykan bolmagy mümkin
Bu nähili agyr synag diýdim özüme. Täzeden gaýybana aşyk boldum bu gyza. Ilki bilen bu gyzy internetden yzarlap ol baradaky hemme zatlary aldym. Onuň aýdymlaryny, tansalaryny, geplen sözlerini, wideolaryny hatda näme iýýär näme geýýär, haçan uklaýar. Birentek wagtlap ol baradaky maglumatlar mende bir topar gegebaýt bolup ýatdy. Ýüregim dözüp bilmedi. Bu gyz üçin bir zatlar edesim geldi. Indi men hem tanymal adam. Dogry meniň onuň bilen deňeşer ýaly derejäm ýok emma öz ýaşaýan ýerimde men hem abraýly adam.
Soňra bu gyz bilen baglanyşykly saýt açmagy özüme makul bidim. Ýüregime teselli bermek üçin.Bu iş aňsat bolmady. Bir topar pul çykdy. Öňki edip ýören işlerimiň birnäçesini taşlamaly boldum.
Ine, bu gün meniň üçin iň şatlylky günleriň biri boldy. Saýtym açyldy ýaldyrap birinji sahypda meniň söýügüli gyzym ýylgyryp, gülüp, parlap dur. Söýgüm öňküdende beter aşyp gitdi. Temperaturamy barlasam 49 gradusa çenli galyp gidipdir. Komputeriň ekranynyndaky gyzy gujaklap onuň adyny tutyp ýykylyp galypdyryn. Siz görsediňiz bu gyzy emma men bu gyzyň kimdigini syr saklaýan. Çünki meni halamaýan adamlar bar her ýerde.
Gürrüň bu gyzyň owadanlygy barada gitmeýär. Gürrüň munyň ýaly gyz dünýäde ikinji gezek gaýtalanmaýar. Bu gyzyň ukyby men geň galdyrýar. Bu gyzyň edýän peýdaly işini ikinji biri bu wagt aralygynda edip bilmeýär. Egerde ýer ýüzüiniň ähli aýdymçylaryny bir ýere jemläp olaryň adamzat üçin edýän peýdasyny hasaplasaň bu gyzyň bir öziniň peýdasy bilen zordan deň gelse gerek.
Ikibada saýty özüm işletdim. Emma meniň saýt işletmäne wagtym ýok bolany üçin ilki bilen iki sany dizäýneri işe almaly boldum. Kem-kemden olaryň etmeli işleri öz-özünden belli bolup başlady.
Elbetde men sowatly adam. Saýty ýöne ýer açmadym. Dizaýnre etmeli işini görkezdim. Ekranda gyzy herekete getirmeli. Aýdymlaryny we kliplerini täzeden işlemeli. Täze mimikalary döretmeli. Umuman şu gyzyň ikinji kopiýasyny döretemeli.
Bir ýyl işden soň käbir netijeleri gazandyk. Gyzyň aýdymlaryny täzeledik. Oňa täze at goýdyk. Täze tans stilini ýazdyk. Bu kosmiçeski stildi.
Gyzyň janköýerleri ony kosmosdan düşen gyz hökmünde görmelidi. Täze effektleri ýaratdyk Sesini üýütgetdik.
Şeýdip täze awtokopiýa döretdik.
Şeýdip göwnümizi aldap otyrkak bir gün saýtymyza şu gyzyň özi girdi. Seretsem şol gadymky gyz maňa ekrandanseredip gülýär. Iňlisçe käbir sözleri diýýär.
Maňa Tailanda gel diýýär.
Gitmeli boldum. Bardym. Salamlaşdym. Her kim öz ykbaly barada aýytdy. Gaýytmaly pursdaymda ol maňa ikinji bir saýty açyp berdi. Mundan daşary saýta kömek berjegini aýytdy.
Ýakynda ol maňa ýene bir ullakan kömegi etdi. Täzeje iskustwenny intellektde işleýän mediýasentr açyp berdi. Menem goşdym öz pulymdan.
Häli doly işlänok. Täze işgärler gerek.
Etmeli işlerimiz şol bir maksat. Häzirlikçe şu gyzy reklama etmeli. Täze stilleriň üstünde işlemeli. Täze aýdym we klip döretmeli. Dogry bu gyza atly kompaniýalar ýol görkezýär emma gerek wagtynda biziň döredýän stillerimizi hem peýdalanýar.
Bu gyzyň ýüzüne ýylgyrma mimikasyny beren biz. Ýogsa ol öz kliplerinde umuman gülmeýär. Soňky döwür şu mimika bilen ol örän at aldy.
Men bu gyzyň kimdigini aýdyp bilmeýän. Gözleseňiz üstünden özüňiz bararasyňyz.
Edil şu wagt täze tansyň üstünde işläp otyrys. Üç saýt üç ýerden şu tansyň üstünde işleýär. Biziň şu tansymyzy meniň söýgüli aýdymçym doly ulansa gerek diýip tama edýärin.
Galan zatlar barada gürrüň ýok. Döwür bir sekundy ýitirmezligi talap edýär.
17 |
9 |
0 |
1 |
1 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Saýydaky dostlama kömek
Yenede yatlayn sen isle mary bol ahal bol balkan bol lewap bol dasoguz bol men komek etyandirin milet parazlyk yok mende...dowamy...
bu saýta hiç zat ýazmaryn
Meniň siziň bilen kejeleşip ýörmäne wagtym ýok. Men özüm işlerimden netije gözlemeli. Saýta gezek gelne bolsa men dogrymy aýydýan. Siziň hiç haýs...dowamy...
Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Tova...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)