Ýürekdeş sözler!
"Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar"
Täzejedabir [1m]
Şugün, 08:55
“Ýamanyň ýagysy ýanynda, halalyň hemaýatkäri özünde” diýilýäni (Muny ýeke sözde: “ynsap” diýip atlandyrsaňam bolarmyka diýýän?!), şahsyýetde öz-özünden emele geläýenok, birdenem bolaýanok.
Muny emele getirmek, zähmet.
Irginsizlik bilen juda sabyrly bolup, öz jylawyňdan käte näçe kynam bolsa aýak diräp dartyp, käte näçe ýaltansaňam, däliräsiň, gaharlanasyň gelmese-de özüňi mejbur edip, dergazaba münülip, özüňe agram salnyp, gije-gündizem Keremli Alladan üznüksiz rehim diläp çekilýän zähmet.
Has ýöntemleşdirip aýdanyňda bolsa, çaganyň terbiýesinde her gün diýen ýaly, owaly bilen-ä görelde, onsoňam Isgender Zülkarnaýnyň dag geçidinde leşgeriniň öňüne böwet bolan gaýanyň bölegini, daşyna odun üýşürip otlap, ýakyp-ýakyp gyzdyryp, soňam üstünden suw guýduryp-guýduryp, çalt sowadyp pytradyşy ýaly, çaganyň tebigatyndaky her bir süýdemdirijiler maşgalasynyň wekiline dahylly haýwany başlangyçlaryny, ýagny egoizmini (menbazlygyny), egosentrizmini (menözenligini), narsissizmini (özaşyklygyny), birehimligini we beýleki negatiw emosional düzümini pytratmaly.
Munuň üçin ilki käýemeli, soň ýalbarmaly, soň gynandyrmaly, özüňe dözmez ýaly etmeli, soňam nämäniň-ä telekdigini, nämäniňem palakdygyny düşündirmeli.
Umuman, “durmuş teatr, adamlaram onuň artistleri” bolmaly. Emma öz “atalyk roluňy” ýasama, kiçi dilden bärde “oýnamaly” däl-de, gara çynyň bilen jibrinip, her bir hereketiňi, gaharyňam, özelenmäňem, düşündiriş dersleriňem hut gyzylödegiňi üzäýjek bolup, ähli özüň bilen, aňryň-bäriň bilen ýerine ýetirmeli.
Çünki “dowzahda ot bolman, her kesiň öz ýakyljak odunyny ýany bilen eltmeli” bolşy ýaly, bizem öz “jellatlarymyzam” (estagpurulla, lä höwlä we lä kuwwatä Ilä billähil Alyýýul Azyým), öz “penakärlerimizem” (“Ämin” diýewersin, melaýyk-perişdeler!), öz eljagazlarymyz bilen terbiýeläp ýetişdirýäris.
Obamyzdan bir daýhan ýaşuly:
-Çaga-da edil gök ekin ýaly bir zat. Ekiniň suwuny az berseň-ä igläp guraýar ýa-da hasylsyz kör bolýar. Suwuny artyk berseňem köki çüýreýär-de, ýene ýa süllerip guraýar, ýa-da diňe pazylyna bat berip, “oýnap”, peýdasyz, hasylsyz palaç bolup galýar. Çaganam çakdanaşa ezizläp, mähriňi artyk berseňem, “berk bolsun, çydamly bolsun” diýip, öte gysyp, mähriňi gysgansaňam, ol bihuda ekin ýaly, haýp bir zat bolup ýetişýär,-diýerdi.
Şonuň üçin durmuşy tejribäme esaslanyp aýtsam: çagaň hakykatdanam üns bereniňe degýän, çökderräk etmiş etdimi?
(Şu ýerde: “çökderräk etmiş” diýenimde nämäni göz öňünde tutýan?
Aýdaýyn!
Öz öýünden ýa-da kesekiden bir zat ogurlasa; ejize ganymlyk etse; çilim, nas we ş.m. ýaly zatlara agyz ursa; ejesini, doganlaryny, jigilerini, ejizräk deňdeşlerini äsgermese (sebäbi ekabyr deň-duşy oňa äsgermezçilik etdirmezem, özünden ulular hakda-ha sözem ýok), olara birehimlik hem gödeklik bilen çemeleşse; köpçülikde özüni çenden aşa kilçik, kelpeň, samsyk alyp baryp, masgara etse (ýöne bu çagasöwlükden, bäbeksiremekden däl-de, lälik, özdiýenli keçjallyk sebäpli şeýle bolsa); ot-ýalyn, zäherli serişdeler, elektrik togy, howply enjamlar ýaly özüni, özgeleri öte bela-beterli ahmallyga salýan zatlar bilen kemakyllygy zerarly oýun etse; aldawçylygy endik edinse; mekdebine barman aldap, bimany entäp ýörse; tabşyrylan işi birnäçe sapar bilkastlaýyn berjaý etmese; ýumşaklyk bilen berlen öwüt-nesihaty gowşaklyk hasaplap, birnäçe sapar tersiňden tutsa; gaňryşyňa gaýdyp, äsgermezlik etse; hapa-paýyş gürlemegi edähet edinip, birki öwre duýduranyňa üns bermän, bu bolgusyz gylygyny dowam etse; özüni çakdanaşa akylly saýyp çem gelen ýerde akyl satyp ýörse ýa-da haýsydyr bir öz zehini bilen ýaşytdaşlaryndan saýlanýandygy üçin, özüni özgelerden artykmaç saýyp, temegini göge tutup başlasa, muny aýtsaňam düşünmese we ş.m.).
Ýekeje sekundam gaýra goýman, oňa näçe dözmeseňem aňryňy-bäriňi çöwrüp, ilki çynyň bilen käýýemeli!
Goý, bu etmişi hem-de kakasy-ejesi üçin munuň dünýäsygmaz “tragediýa” öwrülişi, onuň aňynda hemişelik “ahyrzaman” bolup galsyn.
Ýöne beýle diýilse-de, sähel garagolluk üçin çagaňy öldir ýaly ýençmegiň ýa-da bagyr gurduna dönüp, ony içinden iýmegiň barypýatan gabahatlykdygyny mydama ýadyňda saklamaly.
Asla, oňarsaň çagaňy urmaly däl. Her günde, her pursatda degnasyna degjek bolubam ölüp ýatmaly däl.
Şapbat – bu halys gepe düşmezegi ýola getirmek, onuň şeýtan alyna giden bezzatlyk gylawyny gaýtarmak üçin, başga zat täsir etmedik halatynda iň soňunda ulanylmaly serişde. Çünki çaga kän ten temmisini beriberseň, onuň teni gaty bahym gataýar-da, ol bedenini awundyrmaýan hiç gepi, öwüt-nesihaty kabul etmezek bolup başlaýar.
Edil şonuň ýaly ony her bir ownuk-uşak bolar-bolgusyzlyk üçin tükezziban igeläp, syhlap, gönertläp ýörseňem, soňsuz iňirdelmegine onuň gulagy öwrenişýär-de, kalbynyň “hamy gataýar”, ýüzi “galňaýar”.
Şonuň üçin çaga terbiýesinde el “gamçysyny” däl-de, “söz gamçysyny” köpräk bulaýmaly. Ýöne “herki zatda herki zadyň çeni ýagşy” diýlişi ýaly, hemme zat, hatda ynsanyň demi-de ölçegli bu dünýäden misil tutup, käýinçdir öwüt-nesihatam çagaňa çeni bilenjik ölçäp berseň, ýerine düşýär.
Melhemçi tebipleriň bir sözi bar: “Hemme zat derman, hemme zat zäher”, ýagny bu diýildigi, ölçegini bilip berseň ýylanyň zäherem derman, ölçegini bilmän berseň hatda arynyň baly hem merez.
Onsoň öte geçen etmişi üçin çagany söz bilen dalap, onuň dünýäsini oýmaga dykyp, “pirini kädä gabadyňmy”?
Birsalym oňa azar bermän, öz ugruna goýmaly.
Goý, beýnisinde-de, ýüreginde-de özi sebäpli turan bu emosional “tupan” mazaly özleşsin.
Goý, çaganyň psihikasy Owertonyň Penjireleriniň altysyndanam (1.Düýpgöter inkär etmek; 2.Çökder hasaplamak; 3.Kabul ederlik hasaplamak; 4.Akylly-başly hasaplamak; 5.Endikli hasaplamak; 6.Hemmeler tarapyndan ykrar edilen diýip bilmek) geçsin.
Çaganyň terbiýesiniň – onuň psihikasyny gyzdyrmak bilen bagly bu tapgyrynda, iň esasy zat öte geçmezlik hem-de wagtynda özüňi saklap, dymmagy, ýene gaýtalap käýýäp ugraman saklanmagy başarmak.
Soň ara birneme salym salyp, çaganyň psihikasynyň birneme wehimden, öýkeden, gahardan saplanyp, az-kem köşeşendigini aňşyranyňdan soň onda özüňe dözmezçilik, rehim oýanar ýaly oňa ýalbaryp başlamaly. Ine bu – Isgender Zülkarnaýnyň öz goşunynyň ýoluny beklän daşy dym-gyzyl edip gyzdyrandan soň, onuň üstüne sepýän “buz ýaly suwy”.
Terbiýe bermegiň bu tapgyrynda-da öte geçmezlik iň esasy zat. Sebäbi özelenme-de uzak dowam etse, onda obadaş daýhan ýaşulynyň aýdyşy ýaly “çaganyň mähir suwy artyk düşýär-de”, onda özüňe bolan dözümsizlik, halyňa gyýylmak kütelişýär. Onsoň ýene çagada, her bir ynsanyň genetiki öýjüklerinde oturan refleksleýin, instinktiw mensöýerligi, menmerkezligi oýanyp, onuň göwnünde: “Näme etsem-de, neneňsi pyssy-pyjurlyk gaýyrsam-da, ilki gygyran bolýan kakam/ejem, meni hemme zatdan eý görüp, soň meni bagyşlaýarlar. Meni ýene-de öňküleri ýaly gözlerine sürme edinip, kükreklerini ýaryp, ýüreklerini sogrup, maňa ony kakmaç edip bermäge desbi-dähil bolýarlar. Şonuň üçinem men ýene edenimi edibermeli!” diýene meňzeş duýgy döreýär.
Çagaň etmişinde berilmeli terbiýäniň üçünji tapgyram, öýde hemme gaýa-gopuz sowlup, çaga-da, özüňem doly rahatlananyňdan soň, oňa eden etmişiniň manysyny, onuň hereketiniň ahyrynyň nirä baryp degýändigini, degjekdigini, özüň näme üçin şol etmişe şeýle ýiti reaksiýa bildirendigiňi birme-bir düşündirmeli. Özem hem-ä çagaň ýaşyna görä düşnükli düşündirişi saýlap almaly, hemem seniň düşündirişiň hut uly adam bilen iç döküşýän ýaly bolmaly.
Çünki, çaga bilen baglanyşykly elmydama ýadyňda saklamaly iň esasy zat – çaga oýnasyň gelen wagtyň oýnap, ondan iren pursatyňam tekjä oklanyp goýberilýän güýmenjelik gawurşak (oýnawaç) däl.
Ol, “Jit! Bar, git ketegiňe (ýagny, “me aýpad, aýfon, telefon, telewizor, kitap, galam, flomaster, jäjek we ş.m, bar git, güýmen!”)” diýlip, ýatagyna kowlup goýberilýän garawsyzja güjüjegem däl.
Olam edil seniň ýaly – adam!
Özüniň gaýgydyr-şatlyklardan, oýlanmalardyr duýgulardan, daşyny gurşaýan her bir zat hakda öz felsefewi garaýyşlaryndan dos-doly, juda, juda, juda... belki seniň özüňkidenem müňbeter çylşyrymly, heniz kindiwanja ýaly bolup görünýänem bolsa, hakykatda ýaman äpet, bijaý mähnet ruhy dünýäsi bolan ŞAHSYÝET!
Edil saňa zerur bolşy ýaly, oňa-da hormatam, ünsem, sylanyşygam, özüniň zerurdygyny, ähmiýetlidigini, akyllydygyny, bi bipaýan jahanda asla bihuda däldigini, Gurbannazar agamyz aýtmyşlaýyn: “her hal ýolda ýatan daş däl ekendigini” ömrüniň her pursatynda duýmak lazym.
Esasy zadam çagaň senden çekinjine seni diňe diňläp/diňleýänsiräp oturman, ol özüňi eşider ýaly edip, oňa özüňi eý gördürmeli, sylatmaly.
Seniň janu birle teniňden, ýüregiňdenem däl-de bagyr-böwregiňden syzdyryp aýdýan sözleriň, Magtymguly pirimiz aýtmyşlaýyn, “jemagatsyz okalan azan” deý çagaň üçin “gury ses” bolman, ony mukaddesligiň hatyrasyna sežde etmäge, mynajat etmäge çagyrýan, hut ýürekden çykyp ýürege barýan, janly, jadyly owaz bolmagyny mümkingadar gazanmaly.
Çagaň bilen bagly hemme zatdan ýokarda duran hakykaty bolsa, meniň-ä durmuşy tejribäm şeýle hetjikleýär:
-Çaganyň, ha ogul bolsun, ha gyz, özi üçin dünýäde iň rahat, iň penakär, iň asuda, iň lezzetli, iň özüni goragly saýýan synmaz galasy – eşret mekany hökmünde diňe özüniň dogduk öýüni saýmagyny üpjün etmeli. Öýi – çaganyň Zemindäki jenneti bolmaly. Şonda çagaň nirä gitse-de, nähili şagalaňly, lezzetli mekanlardaky toý-meýlislere gatnaşsa-da, barybir öýüne çaltrak dolanmagyň wysalynda bolar. Şony şeýdip bilmeseňem eje-kaka hökmünde seniň bahaň gara şaýy. Şonda: “Eger-de seredip başarmajak bolsaň, dogrup nätjekdiň?” diýilýän öte zalym, öte gödek jümle hakykatdanam saňa degişli.
Ýöne bu ugurdan, megerem, näçe kelle döwseňem, gep uzaldyp, gürrüň bezeseňem, “Çaga – ýedi ýaşyna çenli öýüň patyşasy, ýedi ýaşdan on dördüne çen – öýüň guly, ondan soň – öýüň habyby (dosty) bolar ýaly etmeli” diýýän ata-babalarymyzyň terbiýe tejribesiniň gadymy gaýmagyndan zor hiç zadam has jaýdar hem gysga edip aýdyp bolmaz diýip hasaplaýan.
Onsoňam çaga, terbiýe, durmuş meselesinde, bir zady ýaman anyk bilýän – näme edeniňde-de, nädip edeniňde-de iň esasy zat: ozaly bilen-ä çagaňa Allatagalanyň özi ynsap bilen rehim-şepagat bersin!
Onsoňam çagaňam, seniňem maňlaýyňa gowusyny ýazan bolsun!
Diňe şu!
Başga hiç zat.
Şu terbiýe meselesem “Bendesiniňki dadymlyk, Eýesiniňki doýumlyk” diýilýäniniň bir jäheti. Eýesi owala-ha perzendiň maňlaýyna gowusyny ýazmasa, soňam onuň kalbyna rehim-şepagat nury bilen päk ahlaklylyk, adamkärçilik enwerini çaýmasa, oňa nädip terbiýe bereniňde-de, hernäçe yhlas edeniňde-de, bagryňa ganlar öýdürip, her gülküsine begenip, her katra gözýaşyna gyýlyp, gundagdaka jenneti ysjagazyna melul boluplar, ýarym beýhuş boluplar ese-boýa galdyran zürýadyň (Alla görkezmesin, müň mertebe estagpurulla, estagpurulla...!), “näletkerde ogul dogdy-dogmady” diýilýänindenem bäş esse beter geçirip, halysalla: “dogman geçen” diýilýän bir tükenen nekgende bolup ýetişip bilýär. Durmuşda näçeler gördüm, negözel salyh ata-eneden doglan negözel sypaýy, ýagşy dogan-uýalaryň arasynda, misli tyllabaş bugdaýly meýdanda gögeren gyzgan deý ruhy bedroýlygy göze dürtülip duran adamlary.
Şol bir atanyň bilinden inip, şol bir enäniň goýnunda kemala gelen, şol bir päkize ynsanlar bilen bileje eklenip-saklanyp, hemmesine-de deň-derman yhlas edilen oguldyr ýa gyzdyr welin...
“Nädip beýle ahlaksyz, gylyksyz, “haýwan” diýip ony aňsyz mahluga deňeseň, hatda haýwanat dünýäsinem masgaraladygyň boljak, wejera üflis hut şu maşgalada emele geldikä?” diýdirýär.
“Bir goýundan ak hem dogar, gara-da” diýilýär-ä.
Ýöne ýene-de diýilýär: “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar”. Köne sopular, hatda, uşbu ýetmiş ýedi müň Älemler içre iň üýtgewsiz hem çürt-kesik gutarnykly hasaplanýan zat – ýazgydy hem bimöçber yhlasyň üýtgedip bilýändigine ynanypdyrlar.
Meniň pikirimçe, terbiýe meselesinde ýene bir ugur alynmaly, iňňän parasatly söz: “Gamyş ekip galla almarsyň, ýel tohumyny sepeniň hasyly harasat bolar (gysgaça: “ýel ekýän, harasat orar”)”.
Meniňçä-hä, ine şeýleräk ýaly, özi...
Galan zatlaram her “dinozawr ekgäň özi ýahşi biledi”...
... Bujagaz ýazanjalarymy şuňa meňzeş zatlar hakda azda-kände okasy gelýän ene-atalara berseň bolarmyka diýýän.
Belki, birine haýry deger...
Umuman, ilk-ä alty-ýedi ýaşyndan başlap jigilerini terbiýelemäge, soňra akly ýetensoň mümkin boldugyndan, bilenjesinden, oňaranjasyndan, eýgerenjesinden özüni terbiýelemäge, soňam öz çagalaryna oňardygyndan terbiýe bermäge, käte şowsuzlyga uçrap, käte siňdiren yhlasy ýerine gowşup, ýöne hijem umytdan düşmän 40 ýyl bäri çyr-çytyr çytraşyp gelýän, bir adaty ynsanyň özi ýalylar bilen tejribe paýlaşygy ýaly bir zatjagazlar-da bu ýazylanlaram.
S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. VIII jilt. Golýazma hukugynda. A.,2025.
14 |
6 |
0 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Saýydaky dostlama kömek
Yenede yatlayn sen isle mary bol ahal bol balkan bol lewap bol dasoguz bol men komek etyandirin milet parazlyk yok mende...dowamy...
Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Tova...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden. Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:13)
Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Okayan adam yok barde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:12)
Vector_Pro (02.11.2025 / 23:12)
Kaka, diýsem bolarmy? (Hekaýa)
Hmm, täsin, gaty täsin. edil häzirki dögri alsak kim ejesiz kim kakasyz. aý indi o zatlar geňem görlenokla... diýjek bolýanym ideýa gowy, ýöne ga...dowamy...