“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Pechine : Hiçbirzat sebâpsiz dâldir. Her işde bardyr bir haýyr. Barybyr ýalançy bu dünýe, geçiji dünýe.#ýyldyz

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Taryhdaky käbir parallellikler
 Öwreniji
 Ahmal [off]
 06.11.2025 / 16:53
 Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görünişiň ýaly bol

Napoleon bilen Gitleriň ikisi hem 44 ýaşynda häkimiýet başyna geçýärler.

Ýagny, Napoleon 1804-nji ýylda döwlet baştutany bolýar. Gitler bolsa häkimiýet başyna 1933-nji ýylda geçýär. Tapawudy – 129 ýyl.

Napoleon Wena 1809-njy ýylda çozup girdi. Gitler bolsa Wena 1938-nji ýylda çozup girdi. Tapawudy – 129 ýyl.

Napoleon 1812-nji ýylda Russiýa garşy uruş yglan etdi. Gitler bolsa 1941-nji ýylda SSSR-e garşy uruş yglan etdi. Tapawudy – 129 ýyl.

Napoleon şol uruşda 1816-njy ýylda ýeňildi. Gitler bolsa şol uruşda 1945-nji ýylda ýeňildi. Tapawudy – 129 ýyl.

Berilýän maglumatlara görä Napoleon bilen Gitleriň ikisi-de tä ömürleriniň ahyryna çenli hiç kime ynanmandyr.

Ikkisi hem güýçli syýasy krizis döwründe halkyň umydy hökmünde öňe çykypdyr.


Ikisi hem uruş arkaly ýurtlaryny “beýik” etjek bolypdyr.


Ikisiniň hem iň uly ýalňyşy — Russiýa garşy uruş açmak boldy.


Ikisi hem dünýäniň ýüzüni üýtgedipdir, ýöne ikisem soňunda ýeňlişe sezewar bolupdyr.

Linkoln 1860-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti bolýar. Kennedi 1960-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti bolýar. Tapawudy – 100 ýyl.

Olaryň ikisi hem hepdäniň anna güni öldürilýär.

Ikisinin̈em yerine Jonson gecyar.

Linkolnyň ýerine 1808-nji ýylda doglan Jonson geçýär. Kennediniň ýerine hem 1908-nji ýylda doglan Jonson geçýär.
Tapawudy – 100 ýyl.

Linkolny 1829-njy ýylda doglan Uimer öldürýär. Kennedini 1929-njy ýylda doglan Oswold öldürýär. Tapawudy – 100 ýyl.

Jenaýatkärleriň ikisi hem sud edilmän öldürilýär.

Ýene bir täsin meňzeşlik: Linkolnyň sekretarynyň familiýasy Kennedi bolupdyr. Kennediniň sekretarynyň familiýasy Linkoln bolupdyr.
Gepiň gerdişine görä aýtsak, Linkolnyň sekretary oňa şol gün (kast edilen güni) teatra gitmezligi maslahat beripdir. Kennediniň sekretary hem oňa şol gün (kast edilen güni) Dalles şäherine gitmezligi maslahat beripdir. Emma Prezidentleriň ikisi hem edil dilleşen ýaly, öz sekretarlarynyň maslahatlaryny kabul etmändirler.


145

13

3

5

1

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Orazik [off]
  ,,Gaty arkayyn Buba"
 06.11.2025 / 17:24

+0

Hhhh gyzykly mowzuk acdyn tuweleme

 Öwreniji
 Good [off]
 06.11.2025 / 19:00

+0

Delje maglumatlar 👍

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Ýalňyşmakdan gorkup, biz ýene bir gezek ýalňyşýarys...
 06.11.2025 / 22:18

+0

Onda häkiden 129 ýyl sanagede ýene jahan urşyna garaşybermelimikä?

Palitiklar gitmän bilmeýär. olaryň duşyşmaly görüşmeli adamlary bar. olar barmasalar bu karýerany öllürip bilýär. garaz, olar üçin ölümdenem beter bolýar diýärler...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Siz


psihbolnisa ýerleşdireýin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Siz
Mugallyma (Şugün, 06:54)

Sessiz söýgi


Özüň düzdüňmi ýa bir ýerden aldyňmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
Minigim (Düýn, 15:29)

Sessiz söýgi


manysyz zatlar ýazylan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
masterdollar (Düýn, 14:50)

Mugallyma


Errrkehaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Bagana (Düýn, 09:08)

Masterdollar: Ýürekleriň Soltany (Oda-Gimn)


Hawa iň baý gyzlar masterdollary söýýär sebäbi masterdollarda dollar paçka-paçka...dowamy...

Mugallyma


Egzaminyň jogaplaryny näçeden satýeňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Outlier (19.05.2026 / 17:33)

Mugallyma


Mugallyma jan, Muawiye nikiñe gyran degdimi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Candi (19.05.2026 / 16:08)

Mugallyma


Ulanýan nikleriň hasabyny ýitirdik, brat....dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Hako (19.05.2026 / 15:33)

Mugallyma


Bu yazanlaň oziňe degişli her tüýsli bolduň.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Alyhroz (19.05.2026 / 15:03)

Dollaryň ýakymly şygyrdysy


Hemmesini okan bamy😄😀...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->