“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
King-official : Sen bir öksüz ben bir garip alayım seni #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Edebiýata baha kesmegiň röwüşleri (aspektleri)
 Täzeje
 dabir [off]
 Şugün, 12:12

Edebiýat baradaky nukdaýnazar – bu her okyjynyň öz içki dünýägaraýşyna, şahsy kabul edişine bagly. Mysal üçin, bir adamyň gulagyna “Ramştaýnyň” sazy şirin bolup eşidilip biler, beýleki bir ynsan üçin bolsa ol diňe kakofoniýa bolup ýaňlanar. Mysal, milletiň ispan bolubam gitaranyň ýa-da kastanýetanyň mukamyndan lezzet alyp bilmän bolar. Şol bir wagtda-da ýedi däl, ýetmiş arkaň Wenada doglup-döräbem Ştrausyň walslaryny halaman bilersiň. Ýa-da Afrikanyň jeňňellerinde, ýabany taýpada (Ýewropa medeniýetiniň nukdaýnazaryndan) doglubam, ömrüň başlangyjyny sowatsyzlykda önüp-ösüp, soňra beýik ýazyjy, alym, kompozitor bolmak mümkinçiligi bolup biler...
“Giňdir dünýe, geňdir dünýe” diýleni...
Edebiýat hakynda aýdylanda bolsa, ilkinji nobatda onuň täsirliliginden ugur almalymyka diýýärin. Mysal üçin, men Ýanuş Korçagyň “Korol Matiuş” kitabyny çagalykda azyndan on gezek okadym, ýöne bu meniň bütin dünýä – ähli adamzat üçin polýak edebiýatyny nusgalyk diýip hasap edýändigimi aňlatmaýar.
Ýa-da men Akutagawa Rýuneskonyň, Oe Kendzeburonyň (Kobo Abeniň) eserlerini ýöne bir tanyşmak üçin, ýüzleý okadym. Sebäbi özüne çekmedi. Ýöne bu-da ýapon edebiýatynyň derejesini pes diýip hasaplaýandygymy aňlatmaýar. Sebäbi Haruki Murakaminiň eserleri meniň üçin iňňän özboluşly proza.
Şeýle hem men şu wagta çenli näme üçin Stefan Sweýgiň nowellalarynyň gyzykly diýlip hasaplanýandygyna düşünmeýärin. Awtorynyň öz janyna kast edip aradan çykandygy üçinmikä?!
Ýa-da suratkeşlik sungatynda kubizm, awangardizm, modernizm akymlaryna uýýan hudožnikleriň: “eser” diýlip atlandyrylýan zatlaryny demlerini alyp bilmän taryplaýanlara hem düşünmeýärin.
Nireden okandygym-a anyk ýadyma düşmeýär welin, pelsepeçileriň biri: “Adam – Durmuş, dünýä bilen deňeşdireniňde edil Dünýä ummanynyň birje damjasy ýaly. Ýöne şol damjada bütin dünýä görünýär” diýipdir.
Ýene-de şol pelsepeçimi ýa-da başgasymy, ol hem anyk ýadyma düşmeýär: “Dünýäni, durmuşy öwrenmekde adamyň elinde diňe onuň özünden başga gural ýok” diýipdir.
Dogrudanam, biz islendik zada baha kesenimizde-de näçe obýektiw bolmakçy bolsak-da, barybir subýektiw netijelere gelmeli bolýarys. Bu hem öz-özünden düşnükli zat. Adam diňe özüniň şahsy aňynyň (analiz ukyplarynyň), durmuşy tejribesiniň, alan edep-terbiýesiniň, mentalitetiniň, bilimleriniň, zehininiň – umuman ähli subýektiw düzüm bölekleriniň kömegi bilen daşky dünýäniň obýektiw hadysalaryna baha berýär. Daşky dünýä içki dünýägaraýşyň kömegi bilen baha bermek bolsa hiç haçanam subýektiwlikden halas bolup bilmezmikä diýýärin.
Mysal üçin, Salwador Daliniň suratlary ýa-da Malewiçiň “Gara kwadraty” hemme kişi üçin aňrybaşy belent – çürbaşy sungatmy?!
Beýle gepleseňem, “düşünmeýän zadyňy ret etmek aňsat” diýen argument (delil) bilen çüýlemäge howlugýarlar. Ýagny, “sen nadan ýa-da seniň içki gurluşyň nepis däl-de gödeňsiz, sen diňe meýdanda goýun bakmakdan, çägä gömlüp goýlan garnyň içinde birazajyk yslanyp ugran gowurdakdan, gatap giden külçeden we birki aýlap ýuwunman, tot-tozan basyp gezmekden lezzet almaga ukyply”. Hakyky inçe-näzik-gözel duýguly adamlar bolsa beýle bolmaýarmyş...
Bilemok, belki şeýle ynançlar dogrudyr.
Ýöne, şahsy özüm üçin-ä çalaja ýagyş sepeläp geçenden soň çölüň kükäp duran ysyny alyp kömelek gözlemek, “Gara kwadrat” diýlip haýbat bilen atlandyrylýan öýjükli depderiň öýjüginiň ulaldylan görnüşiniň garalanmagyny synlap “inçe-nepis” duýguly bolanymdan has eşretli.
Aslynda, öňem birnäçe gezek aýdanam bolsam, köne kassetasynyň magnit lentasyny çeýnän “Wesna” magnitofonyna dönüp, ýene-de bir gezek ýanjaýyn: “о вкусах не спорять (tagam alyş babatda jedelleşilmeýär)” diýlişi ýaly, edebiýat hakda jedel etmegem juda çetin iş.
Her kimiňki özüne dogry.
Sebäbi edebiýat, onda-da onuň çeper edebiýat görnüşine 99 göterim subýektiw baha berilýär. Sebäbi çeper edebiýaty emele getirýän kyssa-da, şygryýetem, dramaturgiýa-da, epistolýar žanram, dokumental proza-da... ilkinji nobatda her bir adamyň içki ynam-ygtykadyna, dünýägaraýşyna, duýgularyna täsir edýär.
Şol zatlaryň esasynda-da her bir okalan esere baha kesilýär.
“Kim gaýkyny söýer, kim küýkini” diýmeýärmi, türkmenler?!
Şonuň üçinem çeper edebiýatyň obýektiw bahasy...
Men-ä dogrusy bilemok welin, bu örän efemer (howaýy, salgympisint) düşünje...
Hasam özi ýazmak bilen meşgullanýan adam çeper edebiýata baha bermek meselesinde, özüni iň ahyrky instansiýadaky (basgançakdaky, derejedäki) kazyýet hasaplap, çakdanaşa çürt-kesiklige ýykgyn edýär...
Bilemok, belki şeýle çürt-kesiklik täsinden-täsin ýazyp, mydama “öz boýuň beýikliginden has ýokaryk bökmäge” ymtylmak üçin gowudyram, peýdalydyram.
Sebäbi ýazmak pişesinde, sungat pişesinde, zehin özünden öňki emele getirilen ähli zatlary inkär etmekden başlamasa, özüne hetdenaşa göwniýetijilik bilen garamasa, täze söz, täze usul, täze çemeleşme döredip bilmezligem mümkin (Heneklije tymsal bar-a, bir professor-matematik birinji ýyl talyplara öý işi hökmünde deňleme berip, indiki sapaga şony çözüp gelmegi tabşyrýarmyş. Talyplaryň birem şony çözüp gelýärmiş welin, mugallymy saçyny ütäýjek bolup, bu deňlemäni eýýäm ýüz ýyla golaý wagt bäri bütin dünýäniň matematik alymlarynyň çözüp bilmän gelýändiklerini aýdypdyr-da, talypdan muny nädip beýdendigini sorapdyr. Şonda talyp: “Men ony çözüp bolmaýandygyny bilmändirin...” diýip jogap beripmiş).
Diýmek, çeper edebiýatda täzeçe garaýyş, adatça nigilizmden (hemme zady inkär etmekden) başlanýan bolmagy gaty ähtimal.
Gurbannazar agamyzyň (Gurbannazar Ezizowyň) bu mesele babatda bir ajaýyp goşgusy hem bar bolmaly: “Oturşymyz bilen, turşumyz bilen, gurşumyz bilen, ine şu ýaşlar ylalaşmazlar” diýýärmi şonda?!


S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m.. I jilt. Golýazma hukugynda. - A.,2022.


14

7

0

2

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Kőýten nalasy"


Bekge Pürliýewiň "Dowzahdan çykan gyz" romany hem hakykatda bolan, başdan geçirilen waka esasynda ýazylan eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Good (Şugün, 13:18)

"Kőýten nalasy"


Çaklaňja kitap eken. Menem okapdym. Kinosam bardy. Kinosy bilen kitapdaky käbir ýerler gabat gelmeýä. Kitapda Ýaňylyň çagasynyň kellesine çagasy...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Gulmahrem (Şugün, 12:10)

"Kőýten nalasy"


Türkmen ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň her biriniň diňe adyny agzap çykjak bolsaň, ummasyz sanaw bolýar. Olaryň ýazan eserleriniň gysgajyk mazmunyny...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 11:40)

"Kőýten nalasy"


Dogry, waka gyýnançly, ýöne näme üçin siz oňa 1 tarapdan seretýärsiňiz? her dögür bir dögür diýilýär. Ine aýdaly o dögür dini kanun ýöräpdir, ada...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Fantom (Şugün, 10:12)

"Söýgi" romany hakda


Täzeje dabir [off] Düýn, 08:55 Käbir “edebiýata ýakyn adamlaryň” Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny ýöntem sýužetli, şygryýet gymmatlygy pes eser...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Söýgi" romany hakda
Mishel (Şugün, 09:54)

"Kőýten nalasy"


Allanur Bathyzyň (Allanur Çaryýewiň) "Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi" kitabam mähirli, mylakatly eser eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:35)

"Kőýten nalasy"


Mundan başga-da Juma Hudaýguly aga pahyryň hekaýalarydyr powestlerem gyzykly. Kakamyrat Ataýewiň "Owadan gyzyň maňlaýy" hekaýasa-ha şu saýtda-da...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:30)

"Kőýten nalasy"


Ýanan gyzyň ykbaly hakda has ýiti ýazylan powestleriň birem Orazguly Annaýew pahyryň "Girdap" powesti....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:23)

"Kőýten nalasy"


Täze döwrüň türkmen onlaýn-prozasy bilen tanşaryn diýseňiz saýtlarda Maksat Bäşimiň, Umyt Küläniň, Musa Ýusubyň, "Rahman Zülfikar" tahallusy bile...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:21)

"Kőýten nalasy"


Tapyp okasaňyz, Kömek Kulyýewiň "Garlawajyň gaýy" powesti hem täsirli. Ýöne ol "Ömür kerweni" ýygyndysynda ýokmuka diýýän. "Garagum" žurnalynda 2...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->