“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Sana soragym bar,ayt?Biz sunca kyncylygy bir_birege natanysh bolmak unmi gecdik!?#D

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Sähetjan bilen Gözeljan
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 15:32

Bir kiçeňräk firmada birnäçe erkek we birnäçe aýal işläň. Olaryň biri Sähetjan bolup ikinjisi Gözel jan bolan. Gözeljanyň başy boş bolan, ol baran ýerinden öýkelap gelip atasy öýünde otyran.
Sähetjänyň bolsa maşgalasy bolan. Bir firmada bolsaň näme, her kim tanyşmaly bolýar. Sähetjan bilen Gözel jan hem tanyşanlar. Biri-biriniň toý märekesine baranlar, doglan gün bellänler. Iş bilen baglanyşykly meseläni bile çözenler we özleri bilmeýän halda ýakyn dost bolup galanlar. Emma aýal bilen erkegiň dostlygy köplenç söýgä ýazýar. Bu ikisiniň halaty hem şeýle bolan. Durmuşdan göwüni bozulan Gözel jan üçin bolsa hasda hemaýat gerek aýratynam erkek adamyň hemaýäty. Gözeljan ari bilen aýralykdan gam-gussada bolup bu gam gussany Sähetjänyň üsti bilen kowyp bolar diýip tama eden we Sähetjan ondan bir zatlar tamakin bolsa derrew iki gaýtalatman bolýar diýen.
Gözeljanyň bu asyllylygy Sähetjänyň ýüregini ereden, kalbynda Gözeljana söýgüni oýadan we onuň bu söýgüden temperaturasy 47, 6 grabusa çenli galan. Gözeljanyň hem synan ýüregi berkäp onuň hem Sähetjana bolan söýgüden temperaturasy galyp gidip 54, 3 gradusa çenli galyp gidip bu ikisi özüni bilmän galyp çola ýere gidenlerinäm bilmän, ol ýerde gujaklaşyp öpüşenlerinäm aňman, hemme zady ýatdan çykaran. Aslynda söýüşenler hemme zady ýatdan çykaryp utançsyz bolaýalar. Bular hem hemme aşyk-magşuklar ýaly däp-dessury bilmän, kada-kaýymy hasaba alman, yzyny oýlaman söýüşmeli diýse çenden çykyp gidenlerini bilmän galypdyrlar.
Indi iş wagtynda Sähetjan Gözele Gözeljan diýen, Gözel bolsa Sähede Sähetjan diýen. Bu diýenlerinäm az görüp Sähetjan Gözeljan üçin doglan gün bellän. Gözeljan bilen el tutyşyp fotosessiýa eden.Gözeljan bilen restoranlarda bile otyran. Soňabaka hut Gözel jany öýüne işe gatnadan. Gymmat zatlary alyp beren.
Ine, bu gün bolsa Gözeljan iş ýerine hindi geýiminde gelen. On bäş metr gymmat matany teniniň daşyndan gury aýlap, ony tikmän, matanyň ýokary ujyny egniniň ýanyndan matanyň özüne dykyp, maňlaýynyň ortarasyna bolsa gyzyl nokady goýyp, dodagyny gyp-gyzyl edip boýap aýagynda bolsa hindi sandalyny geýip assa basyp iş ýerine gelen. Ilkinji gören ony edara garawuly bolan. Ol Gözeljana zömmerilip seredip galan.
Indiki gören edara başlygy bolan. Ol hem näme gördümkäm edarada diýip haýran bolup galan emma onuň Gözeljandygyny bilip, bilsede hiç zat diýmän öz işi bilen ýarym sagat gümra bolup soňra çyykp giden.
Indiki gören onuň işdeş ýoldaşy Senemgül bolan. Ol hem oňa gözüni tegelän. Onsoň ýylgyryp
-Bu gün biz Hindistanda ýalyla diýen.
-Indiki aýal bolsa Gözeljana gözüni alardyp
-Bu näme boldugy. Hiç zat diýmediler diýip çenden çykybermäň. Emma diýener tapylar diýipdirde goýypdyr.
-Şeýdip Gözel jan hindi däbinde bir hepde işe gatnan.
-Elbetde, gyzygynlar tapylan. Onuň bu modasyna.
-Aýratynam onuň maňlaýyndaky belligiň näme gerekdigini köp soradylar.
-Gözel jan bolsa eräp-akyp, bir enaýy ses bilen gumry ýaly gepläp, bilbil ýaly saýrap, gözüni oýnakladyp güldirip
-Bu Sähet janyň belligi. Ol meni belläp goýdy. Men indi oňuň söýgülisi, ýary-taýy.
-Ony diňlän adamlar buzdan taýan ýaly boldular, bokurdagynda bir zat galdyran ýaly boldylar, käbirleriň aglasy geldi, käbirleriň bolsa gülesi geldi, ýene birleriniň bolsa şu wagtyň özünde Dubaýa gidip ol ýerde arap gyzlaryň gujagyna giresi geldi, aýallaryň bolsa Antaliýa gidip deňizde özüni aklula hasaplap erkekleri dişläsi geldi.
-Bu zatlardan diňe Sähediň aýalynyň habary ýokdy. Ol iki çagasyny towuk jüýje ýaly yzyna tirkäp salmadan göterip geçdi, tekiz ýerde bolsa ýöretdi we güni bilen öý işini etdi. Arasynda Sähedi ýatlap ol gelse menden nägile bolar diýip otyrman, çala iýip, çala içip hem çagalara seretdi hemde bagtly geljek öňümizde. Biz Sähet bilen ikimiz oýnap-gülüp çagalarymyzy uladyp il içinde abraýly bolarys. Janymyz sag bolar. Işimiz oňuna diýip her gün Sähediň işden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşayp otyrdy. Sähet bolsa işden ýadap geldim diýip taýyn aşy iýip, gyşyna gyzgyn jaýda tomsuna salkyn jaýda ýatdy-turdy. Maşynyny münüp işine gitdi.
-Gözel jan bolsa hindi geýimini bir ýana taşlap indi ýewropaça geýindi. Aşagynda kelteje şortik butlaryny görkezdi, ýokarsynda bolsa diňe lifçigi bolup başga ýeri açyk bolan iç geýimi geýip işe geldi. Emma ýene hiç kim hiç zat diýmedi. Göwüni ýarym gyz diýip.
-Ine, günleriň bir güni Sähediň aýaly bazara produkta almana gitdi. Öýe salat bekläýin diýip.Bazardan on bäş kile gök önümi alyp ýola çykdy. Täksa el galdyrdy. Emma hemme taksiler adamly geldi.
-Edil şu wagt Sähediň aýaly ullakan ýolda taksilere el galdyryp olardan birini togtadyp ýüküni öýüne taşlatjak bolup durka ýanyndan täzeje ak maşynly, içinde saçlary ýaýylan, dodaklary gyp-gyzyl, gözleri kiprikli, diňe lifçikli ýarym-ýalaňaç aýal bilen onuň söýügüli äri Sähet güww-wazz geçip gitdi. Aýaly tanady emma äri näme üçindir öz aýalyny tanamady.
-Elbetde bu halatda her kimiň hem göwüni bozular aýratynam olar üçin jebir jepa çekip durkaň öz ýakynlaryň şunyň ýaly üstüňden gedemlik etse.
-Agşam düşüp Sähet öýe geldi. Aýal çagalaryny ýatyrdy. Onsoň ärinden sorady.
-Bu gün sen meni tanamadyňmy ýada özüň bilegörä togtamadyňmy. Onsoňam ol aýal kimdi ýarym-ýalaňaç.?
-Sähet buýtar-suýtar edip otyrmady köp erkekler ýaly. Göni patyladyp goýdy. Ol meniň indiki aýalym.
-Aýaly ondan sorady.
-Soňuny oýladyňmy özi.
-Sähet bu wagt aýalynyň ýuwaşja haýyşyny diňlär halda däldi. Ikinji aýaly özüne tabyn eden erkegiň göwüni elbetde gökde parlaýar. Onuň bu wagt ýerde ýaşaýanlar bilen derdi ýok.
-Sähet aýalyny diňlemedi. Ol gözi ýaşly bu gijäni aglap geçirdi. Ertesi bolsa çagalaryny alyp düşen halatyny ata-enesine aýdyp olardan hemäýät gözläp öýlerine gitdi. Birnäçe gün öz öýünde boldy.
-Bu wagt onyň agalary öz aýal doganyndan habar aldylar. Doganynyň gözi ýaşlydygyny gören agalar bir kakara geldiler.
-Olaryň näme karara gelenleri indi Sähediň işleýän firmasynda belli boldy. Eýýäm iki gün geçmän üç sany againi Sähediň işleýän firmasynda peýda boldular. Iş wagty gidip durdy. Bu wagt bu ýerde Gözel janam aý kimin ýaldyrap otyrdy. Sähet janam gülüp waglap otyrdy.
-Üç sany gara geýinen aga gözlerini petredip Sähedi gözlediler. Haçanda olar Sähedi tapanlarynda onyň iş otagyna girip Sähediň ezeneginden göterip her haýsy bir ýumrygy urdy welin Sähet diňe çaşyp galdy.
-Gözel biçäre bolsa bular ýaly gorkunç erkekleri öň görmänden soň olardan gorkup kijijik çaga pişige öwrülip, iş otagyndaky stolyň teýine girip gizlendi we Hudaýdan aman dilap sandyrap otyrdy.
- Şeýdip bu ikisiniň söýügsiniň soňy geldi.
-Sähetjän bu iş ýerine agýdyp gelmedi. Ol keselhanadan çykyp dogry Orsýet diýip gidip galdy. Gözel jan bolsa ýetim galan pişik çagasy ýaly bolup kiçelip galyp häli şol iş ýerine gatnap ýör.
-Olaryň indiki ykbaly nähili bolar ony wagt görkezer.


12

7

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 1.


2nji gerek bolar mana...dowamy...

"Kőýten nalasy"


Bekge Pürliýewiň "Dowzahdan çykan gyz" romany hem hakykatda bolan, başdan geçirilen waka esasynda ýazylan eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Good (Şugün, 13:18)

"Kőýten nalasy"


Çaklaňja kitap eken. Menem okapdym. Kinosam bardy. Kinosy bilen kitapdaky käbir ýerler gabat gelmeýä. Kitapda Ýaňylyň çagasynyň kellesine çagasy...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Gulmahrem (Şugün, 12:10)

"Kőýten nalasy"


Türkmen ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň her biriniň diňe adyny agzap çykjak bolsaň, ummasyz sanaw bolýar. Olaryň ýazan eserleriniň gysgajyk mazmunyny...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 11:40)

"Kőýten nalasy"


Dogry, waka gyýnançly, ýöne näme üçin siz oňa 1 tarapdan seretýärsiňiz? her dögür bir dögür diýilýär. Ine aýdaly o dögür dini kanun ýöräpdir, ada...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Fantom (Şugün, 10:12)

"Söýgi" romany hakda


Täzeje dabir [off] Düýn, 08:55 Käbir “edebiýata ýakyn adamlaryň” Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny ýöntem sýužetli, şygryýet gymmatlygy pes eser...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Söýgi" romany hakda
Mishel (Şugün, 09:54)

"Kőýten nalasy"


Allanur Bathyzyň (Allanur Çaryýewiň) "Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi" kitabam mähirli, mylakatly eser eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:35)

"Kőýten nalasy"


Mundan başga-da Juma Hudaýguly aga pahyryň hekaýalarydyr powestlerem gyzykly. Kakamyrat Ataýewiň "Owadan gyzyň maňlaýy" hekaýasa-ha şu saýtda-da...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:30)

"Kőýten nalasy"


Ýanan gyzyň ykbaly hakda has ýiti ýazylan powestleriň birem Orazguly Annaýew pahyryň "Girdap" powesti....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:23)

"Kőýten nalasy"


Täze döwrüň türkmen onlaýn-prozasy bilen tanşaryn diýseňiz saýtlarda Maksat Bäşimiň, Umyt Küläniň, Musa Ýusubyň, "Rahman Zülfikar" tahallusy bile...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
dabir (Şugün, 09:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->