“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Jimin : Eger gowy bolanda dogulanda caga aglamazdy eger dunya arassa bolanda olende adam yuwmazdylar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"Söýgi" romany hakda
 Täzeje
 dabir [off]
 07.11.2025 / 08:55

Käbir “edebiýata ýakyn adamlaryň” Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny ýöntem sýužetli, şygryýet gymmatlygy pes eser diýjek bolýan ýerlerine gabat gelipdim.
Meniň pikirimç-ä ägirt roman.
Türkmen edebiýatynda bolsa şygyr bilen şeýle uly göwrümli ýazylan ýeke-täk roman.
Gurbannazar Ezizowdan, Annaberdi Agabaýewden, Halyl Kulyýewden, Ahmet Gurbannepesowdan, Orazguly Annaýewden, Nobatguly Rejepowdan, Italmaz Nuryýewden, Kerim Gurbannepesowdan, Berdinazar Hudaýnazarowdan, Atamyrat Atabaýewden, Çary Ýegenmyradowdan soňky, şu döwrüň türkmen şygryýetiniň, ýagny Seýitmyrat Geldiýewiň, Kakamyrat Rejepowyň, Suraý Babanyýazowanyň, Laçyn Pürjäýewanyň, Aşyr Hanowyň we beýlekileriň derejesinden “Söýgi” romanynyň stiline, ritmine, kapyýalaryna baha berjek bolmak – bu jyzmak bolýar.
Edil, Deržawin bilen Lermontowam däl-de, Ýesenini, Blogy, Swetaýewany, Ahmadullinany, Wysoskiýni, Brodskiýni deňeşdiren ýaly.
Her döwrüň öz edebi-çeper dili bolýar.
Nurmyrat Saryhanowyň ýa-da Ata Gowşudowyň eserleriniň edebi-çeper diliniň Kömek Kulyýewiň eserleriniň diliniň derejesinde däldigi, olaryň häzirki döwürdäkem, öz döwründäkem ähmiýetini peseltmeýär.

S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m.. I jilt. Golýazma hukugynda. - A.,2022.


184

17

3

1

1

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Mishel [off]
 07.11.2025 / 17:30

+0

Daşary ýurtlarda tanalmaýan awtorlar, daşary ýurtlarda okalmaýan eserler. Özüňi özüň magtap otyrmak nämä gerek


Öwreniji
yurekdesh  (08.11.2025 / 02:27) 

Mishel, turkmen edebiýatynyň öz aýratyn duygusy, aýratyn süýjüligi bar kitap okamagy soyyan adam hokmunde men aydayyn bashgalary bilemok men hiç bir yurdyn edebiýatyny türkmen edebiýatyna denap biljek dal bu elbetde men shahsy pikirim yone türkmen edebiýatynyň döredýän täsiri başgaça dushundirip bolmayan lezzeti bar

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 08.11.2025 / 04:49

+0

Suray Babanyyazowan derejesi diyende guldum )

 Özümiziňki
 Mishel [off]
 08.11.2025 / 09:54

+0

Täzeje
dabir [off]
Düýn, 08:55

Käbir “edebiýata ýakyn adamlaryň” Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny ýöntem sýužetli, şygryýet gymmatlygy pes eser diýjek bolýan ýerlerine gabat gelipdim.
Meniň pikirimç-ä ägirt roman.

-Ägirt roman bolsa näme üçin bu "Söýgi" romany başga ýurtlarda okalmaýar. Näme üçin dünýä edebiýatyny ewropalylar bilen ruslar eýeläp otyr. Näme üçin edebiýat boýunça Nobel baýragyny esasan amerikanlar aldy. Näme üçin "Söýgi" romany Nobel baýragyny almady.Näme üçin "Söýgi" romany konkurensiýada durmaýar başga atly eserler bilen. Mysal üçin Romeo-Juletta romany bilen.

Türkmen edebiýatynda bolsa şygyr bilen şeýle uly göwrümli ýazylan ýeke-täk roman.

-SSSR döwründe ýazylan roman. Ol döwürde uly göwrümli esrsleri ýazmak hökümet tarapyndan talap edilýärdi. Ýazyjylar uly göwrümli eserler üçin aýlyk alýardylar. Pul töleseler häzir hem ýazarlar. Ýöne indi uly göwrümli eserleri kim okar. Öz ýazanyňy özüň okamaýgasaň okaýan adam az. Şu saýtymyz muňa mysal.
Bir günde okaýan adamyň sany käwagtlar zordan on adam töweregi.

Gurbannazar Ezizowdan, Annaberdi Agabaýewden, Halyl Kulyýewden, Ahmet Gurbannepesowdan, Orazguly Annaýewden, Nobatguly Rejepowdan, Italmaz Nuryýewden, Kerim Gurbannepesowdan, Berdinazar Hudaýnazarowdan, Atamyrat Atabaýewden, Çary Ýegenmyradowdan soňky, şu döwrüň türkmen şygryýetiniň, ýagny Seýitmyrat Geldiýewiň, Kakamyrat Rejepowyň, Suraý Babanyýazowanyň, Laçyn Pürjäýewanyň, Aşyr Hanowyň we beýlekileriň derejesinden “Söýgi” romanynyň stiline, ritmine, kapyýalaryna baha berjek bolmak – bu jyzmak bolýar.
Edil, Deržawin bilen Lermontowam däl-de, Ýesenini, Blogy, Swetaýewany, Ahmadullinany, Wysoskiýni, Brodskiýni deňeşdiren ýaly.

Näme üçin bu ýerde rus ýazyjylary dile alynýar. Olar bize görelde edilýär. Olar magtalýar. Oňa görä "Söýgi" romanynyň setirleri ýazylyp ine şu setirleriň manysy original, gaýtlanmajak setirler diýilip okyja subut edilse bolmaýarmy. Üstesine bu makalany ýazan awtor daşary ýurt diline terjimä geçirip biziň "SöýgI"
romanymyz siziň eserleriňizden gowy, özäm poeziýada ýazylan eser diýip daşary ýurtlylara subut etse bolmaýarmy.

Her döwrüň öz edebi-çeper dili bolýar.

-Bu setirler näme diýýär. "Söýgi" romanyn biziň döwrümiz üçin niýetlenmedik çünki bu roman haçan ýazylan bolsa şol döwüriň edebi-çeper dilinde ýazylan diýilýärmi. Bu sözleme jedel edip bolmaýar. Sebäbi bu roman sowet adamlary üçin niýetlenen bolmagy mümkin. Çünki awtor sowet döwleti bolan SSSR--iň ýykyljagyny bilen däldir.
Biz häzir garaşsyz döwlet. Edebiýatymyz hem garaşsyz. Garaşsyz döwlet öz garaşsyzlygyny goraýan edebiýat eserlerini halaýar.
Başga bir ýurdyň edebiýatyny özümize görelde edip görkezmeli dälde öz edebiýatymyzy daşary ýurtlara göz-göz etmeli ýogsa daşary ýurtlar biziň edebiýatymyz bardyr hem öýütmezler.

Nurmyrat Saryhanowyň ýa-da Ata Gowşudowyň eserleriniň edebi-çeper diliniň Kömek Kulyýewiň eserleriniň diliniň derejesinde däldigi, olaryň häzirki döwürdäkem, öz döwründäkem ähmiýetini peseltmeýär.

S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m.. I jilt. Golýazma hukugynda. - A.,2022.



Täzeje
yurekdesh (Şugün, 02:27)
Mishel, turkmen edebiýatynyň öz aýratyn duygusy, aýratyn süýjüligi bar kitap okamagy soyyan adam hokmunde men aydayyn bashgalary bilemok men hiç bir yurdyn edebiýatyny türkmen edebiýatyna denap biljek dal bu elbetde men shahsy pikirim yone türkmen edebiýatynyň döredýän täsiri başgaça dushundirip bolmayan lezzeti bar

-Elbetde, özüň türkmen bolsaň türkmen edebiýatyny söýmeli bolýaň. Ilkinji dil çykaranyňda türkmençe gepleýäň. Edebiýaty okanyňdada türkmen edebiýatyndan okap başlaýaň.
Ýöne şu zady ýatdan çykarýaň. Tejribeli, köp okan okyjy bolan wagtyňda özüňe şeýle sorag gelip geçär.
Näme üçin biziň edebiýatymyz gowy bolsa daşary ýurtlarda biziň edebiýatymyzy tanamaýarlar, okamaýarlar. Men şuny soraýan. Ýada subut et maňa, bu ýerdäki okyjylara.

Özümiziňki
Belki [off]
Alladan dilänim -- bu gün ol meñki!
Şugün, 04:49

+0
Suray Babanyyazowan derejesi diyende guldum )
Sen hemişe adamlaryň üstünden gülüp ýörsüň. Gülme goňşyňa geler başyňa


Özümiziňki
Fantom  (08.11.2025 / 10:35) 

Mishel, Şeýdip uzyyyn edip nädip ýazýaňa? menä pikirimi ýartylamakam syganok. näme usul ulanmaly seňki ýaly kään ýazjak bolsaň tekbirlere?


Özümiziňki
Mishel  (08.11.2025 / 15:38) 

Fantom, Kyn sorag. Öz ýazyş usulyma meniň özüm hem düşünmeýen. men hemişe gysga edip ýazmana azara galanda hem näme üçindir uzyn ýazgylar bolup gidýär.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Şugün, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Düýn, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->