yurekdesh [off]
08.11.2025 / 02:40
Bu kitaby okamda başda şeýlebir ýüregim gysypdy göräýmäge köp eserlerde duş gelýän söýgi hekaýasy ýaly ýöne ýok... Eger şu kitaby okap görenler bar bolsa meniň bilen ylalaşar bu eserde beýan edilýän söýgi düýbünden başgaça enäniň we atanyň balasyna bolan söýgüsi dostlugyň gymmaty, ýaş juwanlaryň ýagny Arzy bilen Ýaňylyň juda päk,arassa emma muşakgatdan doly,armanly söýgüsiniň beýany islendik ýürek bolan ýüregi elendirmän goýmazmyka diýýän, özüm-ä okuwdakam okap dyndym ahyryny aglaýjak aglaýjak bolupdym sapagy doly oturyp bilmändim has agyr degýän ýeri bu bolan waka eken özüm-ä gidip görmedim yöne Arzy-Ýaňyl diýip öwülýami ýa-da ýadygärlikmi bilemok dogrusy ýöne zyýarat edilýän ýeri bar eken belki gidip görenleriňiz bardyr araňyzda. Eger okamaga kitap gözläp ýöreniňiz bar bolsa men maslahat berýän şo kitaby hökman okap görüň. Öz okanlaryňyzdanam gyzyklyja kitap bar bolsa (ýöne mümkin bolsa türkmen edebiýaty) maslahat berseňiz sizden hoşal bolardym. Häzirden köp köp minnetdar
165 |
24 |
11 |
5 |
0 |
0 |
0 |
Good [off]
08.11.2025 / 08:05
+1
Siz kitabyndan okadyňyzmy? Saýtlarda tapylmazmyka?
yurekdesh (08.11.2025 / 11:39)
Good, men kitabyny okadym
Täzejedabir [off]
08.11.2025 / 09:13
+1
Eger-de elektron görnüşde ýa-da kitaphanalarda tapyp bilseňiz, Esen Ataýewiň "Zulmat tününde", "Jeň tozy" romanlary, "Ýüz müň ýyl mundan ozal" powesti hem täsirli ýazylan bolmaly. Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň "Bagt hakynda rowaýat" ýygyndysyndaky powestlerdir hekaýalaram, Kömek Kulyýewiň "Ömür kerweni" ýygyndysyndaky eserlerem, Agageldi Allanazarowyň "Iner ýüki", "Çat açan menzil" eserlerem, Wasiliý Ýançeweskiýniň - W.Ýanyň "Çingiz han", "Baty han" romanlaram, "jelaleddin", "Spartak" powestlerem, Isaý Kalaşnikowyň "Ýowuz asyr" romanam, Atajan Taganyň "Pereňli ýesiriň ýatlamalary" powestem (soň şonuň esasynda "Keseki" romany ýazyldy) gyzykly, täsirli kitaplar. Başga-da Hojanepes Meläýewiň "Melgun", Öwezdurdy Nepesowyň "Zyýarat", Oraz Ýagmyr aga pahyryň "Duman daganda" romanlaram ýiti romanlar.
yurekdesh (08.11.2025 / 11:40)
dabir, minnetdar kop kop
Täzejedabir [off]
08.11.2025 / 09:16
+1
Tapyp okasaňyz, Kömek Kulyýewiň "Garlawajyň gaýy" powesti hem täsirli. Ýöne ol "Ömür kerweni" ýygyndysynda ýokmuka diýýän. "Garagum" žurnalynda 2008-nji ýylyň martmy, aprelmi aýynda çap edilipdi öýdýän.
Täzejedabir [off]
08.11.2025 / 09:21
+1
Täze döwrüň türkmen onlaýn-prozasy bilen tanşaryn diýseňiz saýtlarda Maksat Bäşimiň, Umyt Küläniň, Musa Ýusubyň, "Rahman Zülfikar" tahallusy bilen ýazýan Begli Gowşakowyň, Sylapberdi Muhamowyň, Nejep Baýadyň, Merdan Baýadyň, Hemra Hudaýgulyýewiň, Maksat Hudaýgulyýewiň, Aşyrmät Garlynyň, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewleriň, Tirkiş Jumageldi aganyň eserleri bar bolmaly. Esasanam Hydyr Amangeldiniň "Gören kim, görünen kim" powestini okap görmegi maslahat berýän.
Fantom (08.11.2025 / 10:22)
dabir, Ýaşuly şahsyma şolaryň internet linkyny oklap bilmersiňizmi? Esasanam Maksat Bäşim gyzyklandyrýar. girmäniň ugryny taparyn, ýöne internet adreslarny tapyp bolmady mende...
Hehe, kitaplaryň atlarny ýazaňyzda haý bir okamyş birine sataşdym gerek diýip oýladym, hakykatdanam soň kellä gelýär siziň kitaplarňyzy kitapçyda okapdym.
Iňsoňky şaýat, ýüzmüň posa, güle degen sümmüller, aýgytly ädim, gara ýyllyrym, ýanan gelinler, uzok uzok ýyllar, perman, doganlar, ykbal, we şm...
ol
Fantom (08.11.2025 / 10:28)
dabir, päheýdewelinim, şeýdip kesýär welin, bar pikiriňi dargatýar taşlaýareý... ol kitaplary näme üçin ýazmadyňyz, ýada sssr-yň assyndaky 1 taraply garaýyş diýipmi? ýada başga esasy barmy?!
Tirkiş agaň kitaplary meň üçin agyr. durmyşy zatlar dogry we içine girip ýazyp bilýär. a garaýyldyrym romanyny taryhçylaram öwrense boljak. şeýle detalno ýazylypdyr, hoşuňa gelsin. Ýöne b
Täzejedabir [off]
08.11.2025 / 09:23
+1
Ýanan gyzyň ykbaly hakda has ýiti ýazylan powestleriň birem Orazguly Annaýew pahyryň "Girdap" powesti.
yurekdesh (08.11.2025 / 11:41)
dabir, minnetdar kop kop
Täzejedabir [off]
08.11.2025 / 09:30
+1
Mundan başga-da Juma Hudaýguly aga pahyryň hekaýalarydyr powestlerem gyzykly. Kakamyrat Ataýewiň "Owadan gyzyň maňlaýy" hekaýasa-ha şu saýtda-da goýlupdyr. Bu hekaýa onuň "Derdeser" ýygyndysyndan. Mundan başga-da Kakamyrat Ataýewiň "Gylsyrat", "Gonambaşy", "Açar" ýaly kitaplaram bar.
Täzejedabir [off]
08.11.2025 / 09:35
+1
Allanur Bathyzyň (Allanur Çaryýewiň) "Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi" kitabam mähirli, mylakatly eser eken.
Fantom [off]
Düşünjäň düşünjäm bilen deňleşende düşünersiň... 👋
08.11.2025 / 10:12
+1
Dogry, waka gyýnançly, ýöne näme üçin siz oňa 1 tarapdan seretýärsiňiz? her dögür bir dögür diýilýär. Ine aýdaly o dögür dini kanun ýöräpdir, adamlaram şoňa görä ýöremeli bolupdyr. Onsaň ol görgüli ene nätsin? ol birinjy daş zyňmasa başga zyňar, aý ol zyňdymyka bir??? Onsaňam baýyň gelinini alyp gaç hany, häzirki wagyt hem gözüň nämeler görýär... Meň beýdiýdigim kitapdaky ýalan-ýalňyş diýdigim dälle azajyk şo bolup geçen zatlar hakda oýlanmana çagyrýaryn. näme üçin beýle bolupdyr, nädip bu ýagdaýa gelipdir, o wakaň şeýle gutormagyna kim günäkär? Garaz diýjek bolýanym, waka gyýnançly, ýöne dögre görä, şol wagtyň ýaşaýyş akymyna görä şonýaly zat etseň şeýlede gutormagy iki uçsyzdyr...
Gaty ir okapdym men o kitaby. Ýaňyl bilen Arzu öýtýän gahrymanlaryň atlary. Edil häzir näme sebbäp bolup gyýzy oglana bermänlikleri ýadymda däl, ýöne gyýzyň ene-atasy ýaşlykdan ulanan iki gahrymanyň biri birini halaýanlygyny we
Täzejedabir (08.11.2025 / 11:35)
Fantom, Internetden gözletmeseň Maksat Bäşimiňem beýlekileriňem hekaýalarynyň inet-salgysy ýok. Men olaryň eserlerini kitapcy.ru, edebiýat kafesi, galamdaş, makalam.com ýaly saýtlarda okapdym.
Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Beki Seýtäkow, Ata Atajanow, Nobatguly Rejepow, Pomma Nurberdi, Nury Baýramow, Nazar Geldiýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow, Çary Aşyrow, Nargylyç Hojageldiýew, Ýazmyrat Mämmediýew, Annatagan Nurgeldiýew, Oraz Guwanjalyýew, Hydyr Derýaýew, Oguljennet Bäşim
yurekdesh (08.11.2025 / 22:27)
Fantom, men kitaby özleri alyp okanlarynda netijani her kim özüçe çykarar diýen maksat bilen giňişleýin hiç zat ýazmadym bolmasa howa her döwür bir döwür ýöne Arzy Ýaňylyň ýoldaşy ýogalansoň alyp gaçýa durmuşa çykanda obasyny taşlap Ýaňyldan daşda boljak bolup gidýä Arzy
Täzejedabir [off]
08.11.2025 / 11:40
+1
Türkmen ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň her biriniň diňe adyny agzap çykjak bolsaň, ummasyz sanaw bolýar. Olaryň ýazan eserleriniň gysgajyk mazmunyny, onda öňe sürlen ideýany, näme üçin hut şol döwürde şol ideýanyň öňe sürlüp, hut şol eseriň şeýle mazmunda ýazylandygy hakynda gysgajyk syny ýazyp çykjak bolsaň, bu zähmete bir ýa-da iki adam däl-de onlarça adam ömrüni bagyş etmeli. Ýa-da müňlerçe adam bolup ýerli-ýerden türkmençe wikipediýa şu zatlary ýazyp, girizmeli. Ýazyjynyň, şahyryň terjimehaly, eserleriniň sanawy, iň meşhur eseriniň mazmuny, ideýasy, ykbaly we ş.m..
yurekdesh (08.11.2025 / 22:29)
dabir, dogry aýdýaňyz türkmen edebiýatynda aýtsaň aýdara zat kän.köp köp minnetdar teswirleriniz üçin
Gulmahrem [off]
08.11.2025 / 12:10
+1
Çaklaňja kitap eken. Menem okapdym. Kinosam bardy. Kinosy bilen kitapdaky käbir ýerler gabat gelmeýä. Kitapda Ýaňylyň çagasynyň kellesine çagasy bolmaýan günisi iňňe çümdürip öldürse, kinoda çagaň ýatan jaýyna ýylan goýberýäler. Gaty gynançly bolan waka. Köýtendagly bir goňşym bardy. Men şol waka hakynda soradym welin, şol wakadan soň ähli adamlar şol obany taşlap, başha ýere göçüpdirler diýdi. Sebäbi, şondan soň her hili gynançly hadyslar köp bolanmyş.
Fantom (08.11.2025 / 12:53)
Gulmahrem, Ajaýyp, şu wagyt tekbiri okap ýenede nämedir birzatlar okasym geldi. siz bir zatlary gürrüň berip hekaýa ýa rowaýat, ýa bolmasa başga bir zat ýazyp hödürleseňiz gürrüň beriş stiliňiz hatyňyz gaty gowy ekeni.
ol ýadyňyzda bolsa Söhbet bilen aýna baradada şeýleräk waka bolýar. ýöne ana şolam herhili görkezilen. ýöne şo söhbedem aýnaň daýysy atyp öldürýär. sebäbi şeýtmese bolanok...
yurekdesh (08.11.2025 / 18:05)
Gulmahrem, Ayna hakda rowaýat okap gorun gaty gyzykly sholam
Gulmahrem (08.11.2025 / 20:20)
Fantom, Gurbanýaz Daşgynowyň "Ene" atly pomabyny okap görüň. Diýseň tolgundyryjy, täsirli kitap eken. Ol öweý ejesi bilen ilki öwrenişip bilmän, halaman ýüz bermeýşi we iň soňunda öweý ejesiniňem öz ejesinden pes däldigini, geçirimli hem kakasyna bolan garaýşyny synlap, ökünip, öweý ejesinden utanyşy barada gürrüň berip ýazypdyr.Kitap gaty köne eken. Men onuň ýyrtyk ýerlerini ýerbe-ýer edip kleýläp, şeýle yhlas bilen okadym. Okanyňa gaty degýän, juda gyzykly kitap eken.
Gulmahrem (08.11.2025 / 20:21)
Fantom, Gurbanýaz Daşgynowyň "Ene" atly pomanyny okap görüň. Diýseň tolgundyryjy, täsirli kitap eken. Ol öweý ejesi bilen ilki öwrenişip bilmän, halaman ýüz bermeýşi we iň soňunda öweý ejesiniňem öz ejesinden pes däldigini, geçirimli hem kakasyna bolan garaýşyny synlap, ökünip, öweý ejesinden utanyşy barada gürrüň berip ýazypdyr.Kitap gaty köne eken. Men onuň ýyrtyk ýerlerini ýerbe-ýer edip kleýläp, şeýle yhlas bilen okadym. Okanyňa gaty degýän, juda gyzykly kitap eken.
TäzejeSayman (10.11.2025 / 21:50)
Gulmahrem, biza yashap yoris henizem sol obada
TäzejeSayman (10.11.2025 / 21:51)
Gulmahrem, biza yashap yoris henizem sol obada
Good [off]
08.11.2025 / 13:18
+1
Bekge Pürliýewiň "Dowzahdan çykan gyz" romany hem hakykatda bolan, başdan geçirilen waka esasynda ýazylan eken.
yurekdesh (08.11.2025 / 18:05)
Good, el kitaby barmyka
Senyorita (08.11.2025 / 19:00)
yurekdesh,
Hawa-la. 1981-nji ýylda çap edilen eken.
yurekdesh (08.11.2025 / 22:23)
Good, köp köp minnetdar
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Deň etmän duş etmez Pis pisi tapar, suwam pesi...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Agşam 11 den gijä galaýsaňdagy bar onsaň hormatlylar....dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Şu zatlary 18-ýaşdakam okan bolsam bolmadymy. Iller özlerini aýap, oňarýan ekenler))...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
(@Fantom aganyň "Uzyn teswir ýazyp bilmezlik" wirusy maňa-da ýokuşaýypdyr öýdýän :) )...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Öňler telewizorda türkleriň çykaran bir üýtgeşik kinosuny türkmençä geçirip görkezerdiler. Ady ýadyma düşenok welin biz Açar kino diýerdik. Şol k...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №9
Gahar usdi bilen diylen sozler edilen hereketler kawagt garshyñdakyñ yuzunem achayya oña näme diyjek hojam. Birem indiki temamyz yok diyip bilmey...dowamy...