Ýürekdeş sözler!
Söýgi barada ýazmak nämä gerek
Mishel [off]
Şugün, 09:08
Bu saýta girip men söýgi barada temalar ýazmak maksadym ýokdy. Ýöne siziň ýazýan zatlaryňyzy okap görsem aglabasy söýgi hakda bolany üçin men hem söýgi barada ýazmaklyga gyzygyp gitdim. Indäm togtap bilemak.
Ýüregimde söýgi bilen baglanyşykly bir topar temalar bar eken. Şolary size ýetirip otyryn. Söýgi barada ýazanym bu meniň bu saýtdan birine aşykdygymy aňlatmaýar. Hudaýa şükür özümiň gül ýaly söýgülim bar. Aý diýseň agzy bar , gün diýseň gözi bar. Şaňňyrdap duran altynlary bar. Münse maşyny bar. Etaj-etaj jaýlary bar. Baý çertegi bar. Özäm daşary ýurdyň iň atly uniwersiteti Oksfordy gutaryp gelip häzir ministr bolup işläp ýör. Şu söýgülimden aýrylmak maksadym ýok. Birnäçe ýerim bar. Firmam bar. Bir topar tehnikam bar. Tesla maşynym bar. Mal-goýyn-geçilerim bar. Towuk fermam bar. Dört etaj jaýym bar. Daş-töweregi seýil bagly. Özüm iki uniwersiteti gutardym. Prinston bilen Parij uniwersitetini. Dört sany işlap duran saýtym bar.
Köp adam söýgi barada ýazanda real ýagdaýdan gelip çykmaýalrda gyzlaryň kellesini aýlamak üçin olary aldap sen gözel diýýär. Ýöne indi gyzlar hem haýal däl. Olar söýgüde indi kimiň puly köp bolsa şol tarapa gidýäler. Aşakdaky goşgy bolsa gyzlaryň aýal bolandaky halaty suratlandyrylan.
Magtymgyly bu halaty onyň hyzmatyndan gaçasyň geler diýip aýydýar. Ine şu hili gözel hem şu aşakdaky setirlerde beýan edilen
Bardyr gözel ärini öýe getirmez
Bar getir diýip ärine hemläni urar
Biçäräni kowyp sowukda goýar
Kelläň işlemeýär diýip diagnoz goýar
Äri biçärä gözüni tegelär
Ýaman aýalyndan aýagyn üzer
Öýe gelmän Dubaýda gezer
Ärlimi bu aýal ile bilinmez
Çagalary eýýäm uly bolandyr
Geçi bakyp gyşyn-ýazyn gezendir
Mekdep partasyny ýylda görendir
Ylym bilen derdi haly bilinmez
Bardyr gözel iki ýana howlugar
Sadaka barýan diýip taksa ýügürer
Çagasy aglap yzyndan kowar
Çaga bilen derdi-haly bilinmez
Gapynyň agzyn aýda süpürmez
Egilip eline sübsäni almaz
Ýoldan geçen bilen gybata basar
Utanç-haýalydygy ile bilinmez
Bardyr aýal aýallardan zyýada
Onuň hyzmatynda durasyň geler
Bu hili aýaly köçede görseň
Toba-toba diýip gaçasyň geler
15 |
7 |
2 |
0 |
1 |
0 |
0 |
Teswirler:
Daniel [off]
Şugün, 09:40
-1
Goşgy manysyz onsonam dort saytyñ bolsa bu tayda nm edýäñ we prinston we pariž uniwersitetini gutarana asla meñzänoķ yazýan zatlaryn
TäzejeMugallyma (Şugün, 11:16)
Daniel, senday mahluk bilan gepleşmaýman
Daniel [off]
Şugün, 09:43
+0
Bu yaly hekaýalar bolan waka esasynda yazylyar)))
Başga temada hem yazmagy owren dine soygulim soygulim diyip dursyn
Soňky teswirler
Söýgi barada ýazmak nämä gerek
Bu yaly hekaýalar bolan waka esasynda yazylyar))) Başga temada hem yazmagy owren dine soygulim soygulim diyip dursyn...dowamy...
Söýgi barada ýazmak nämä gerek
Goşgy manysyz onsonam dort saytyñ bolsa bu tayda nm edýäñ we prinston we pariž uniwersitetini gutarana asla meñzänoķ yazýan zatlaryn...dowamy...
Gelniñ gowy bolanda
Ýigitler şular ýaly gowy gelinler ojagyñyzy bezesin diýp arzuw etýän!...dowamy...
ÝÜREK POEMASY
Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy. (Erkekde beýle zat görmändim şindi!) Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi, Siz gyýylmaň, Meniň, gyýylşym besdir...dowamy...
...