“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Kelebek misalidir aşk; anlamayana ömrü günlük, anlayana bir ömürlük!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Sorag .
 Özümiziňki
 Vector_Pro [off]
 17.11.2025 / 21:37
 Köçe Mekdebi. Ynam däl, kynçylyk öwretdi.

Salam, mähriban agzalar!
Ine, şeýleräk ýagdaý bar diýip göz öñüne getireliñ: siziñ söýgiliñiz, aý-günden aýap ýören mähribanyñyz, aýdalyñ 7 ýyllap aşyklyk ýolundan bile geçen ýaryñyz durmuşa çykýar (öýlenýär). Ýaryñyzy öýlenmäge (durmuşa çykmaga) mejbur edýärler, eziz görýän enesi agtygynyñ bagtyny görmek isleýär. Siziñ maşgalañyzda öñüñizde entek iki sany doganyñyz bar bolany sebäpli, ejeñiz-kakañyz siziñ toýuñyza garşy.
Söýgiliñiz size toý çakylygyny berip:"Haýyş edýän, toýuma gel! Seni şol gün görmek isleýän, sebäp meniñ ýagdaýyma şonça adamyñ içinde düşünjek diñe sensiñ... Eger birden gelmek islemeseñ hem, men düşünerin.... Ýöne, men gelmegiñi isleýän" diýýär.
Hormatly agzalar, size sorag: siz söýgiliñiziñ toýuna barardyñyzmy?


202

33

8

0

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 17.11.2025 / 22:42

+2

Bilmeýän zadymda dine ýykylýan. Ol nikalanan. Diýmek men barmaryn. Oňa derek durmusy halal ýaşamaga çalyşaryn. Onsaň jennede baranymda, Biribardan öz söýgimi päk we juwan halynda gaýtaryp bermegini, soraryn. Elbetde Biribaryň meniň ýekeje haýyşdymy bitirjeginede ynanaryn.


Özümiziňki
Vector_Pro  (18.11.2025 / 00:04) 

IDEALLIDER2, sagbol

 Öwreniji
 Orazik [off]
  ,,Gaty arkayyn Buba"
 18.11.2025 / 01:04

-1

Ay bar toyuna nahar iyip gaydarsynda:)

 Täzeje
 Aylar [off]
  Ненавижу людей:/
 19.11.2025 / 01:57

+2

Baryp yagdayyny hasam beter etmezdim

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 20.11.2025 / 16:45

+0

Sol gun menin yagdayyma dusunjek dine sen dip cagyryan bolsa diymek sol yerdakilen ahlisini ozune yat sayya ozune yakyn yeke ynsan hokmunde seni gormek isleya. Ony goreninde ejir cekjegini goz onunde tutup cakylykdan yuz owurmek ozuni bilmek bolya menince. Men-a ozumi bilmezdim, giderdim.

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 20.11.2025 / 16:47

+1

Pylan garyndasym toyumy gorjek diyya dip durmus gurmak yaly samsyklyk yog-ay. Sol ene seň toyuny gorsun dip sen tutus omruni bagtly bolup bilmejek, soymeyan adamyn bilen gecirip bilmersin-a. Meň pikrimce beyle pidakarlige gerek yok.

 Täzeje
 Deniro [off]
  Memento mori
 21.11.2025 / 12:34

+0

Hakyky söýüşýäni diňe ölüm aýra salyp biler,galan ýagdaýda seni söýen däldir,söýmedige süýkenme ! Ýene bellejek zadym barardym diýýänler hem ikilik etmäge meýilli adamlara meňzeýär

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 22.11.2025 / 04:51

+0

hmmm, Çagyryldym, bardym seniň toýuňa... Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy,...
Gutlamaly boldum deň duşlam bilen, emma diýiljek söz bagrym diljekdi...

Bokurdakda bir uly daş doňup dur... Ýe

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 22.11.2025 / 04:55

+0

Ilki bilenä hakyýky söýgiň ýa kiçilikden gowy tanaýanyň, ýada 35 den soň hakyýky söýgi başlanýar. Çünki garmonlar indi seň aňyňy başyňy aýlap pikiriňe täsir ýetirenok. Köplenç ýagdaýda ýaşlyk söýgisi bu çägä ýazlan hatlar ýalydyr, şemal syryp alyp gider. ol haty pozdurmajak bolsaň ýa şol ýazlan hatyň daşyna şemal g

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->