Ýürekdeş sözler!
Gyzyl topbyly bilen Hudaýberdi
Mishel [off]
Şugün, 20:32
Bar eken ýok eken. Hudaýberdi diýen tüýkesme bar eken. Hudaýberdi dogylandan bet eken. Ol hatda dogylmaly pursatynda hem wagty bilen dogylmandyr.
Bir gün enesi özüne şeýle diýipdir.
Dogylsa adyna Hudaýberdi goýaryn. Hudaýberdi jan ulalyp maňa hemdem bolar diýip gepläp otyran pursatynda Hudaýberdi oňa garnyndan gygyrypdyr.
Ene, meni dogyryp näme etjek. Meni gowy görýän bolsaň, dogyrma. Çünki ol dünýä ýaman. Ol ýerde her hili kezzaplar meni urarlar, meni çürkärler diýip gygyrypdyr.
Enesi bolsa çagasynyň içinden gygyrýan sesine hem geň galyp hem gorkup ylgap baryp obada bar bolan çaga dogyrdýan kempire ýüz tutypdyr.
Göbek mama hasaplanýan bu kempir bäbek hakykatdanda sende barmyka diýip Hudäýberdiniň enesiniň garnyndan basyp bäbegi gözläp başlapdyr.
Hudaýberdi bolsa hemme zady eşidip ýatan bolan. Ol enesiniň garnynda iki ýana togalanyp, hem ýygrylyp göbek mamanyň eline düşmändir. Bäbegi tapmadyk göbek mama Hudaýberdiniň enesine
Sende bäbek ýok. Göwnüňedir. Bäbekli bolasy gelýän aýallaryň gulagyna dürli sesler gelýär. Sen hem şeýle halata düşensiň diýip ony öýüne göýberipdir.
Emma eýýäm ýolda Hudaýberdi enesiniň azar berip ugrapdyr.
Men saňa näme diýdim ene. Men siziň dünýäňize barmakçy däl. Men seniň garnyňda boljak. Bu ýeri hezil diýipdir.
Ene näme balasyna duryp bilmeýär. Oglynyň aýdanyny edip Hudaýberdini garnynda göterip ýöräpdir emma Hudaýberdi enesiniň garnynda ulalyp gidip indi enesi ony göterip bilmeýän hala gelipdir. Enesi naýynjar çagasyna ýalbarypdyr.
Oglym sen meniň garnymdan çykmasaň men tizara ölerin. Bu dünýä nähili kyn bolsa-da sen bu dünýä gelmeseň bolanok. Onsoňam sen Hudaýdan uly dälsiň. Hudaý seni bu dünýä iberen bolsa sen onuň edenine boýyn bolmaly bolarsyň. Ýogsa ol gazaba münse seni meniň garnymda bolsaňda-da näumyt eder diýipdir.
Şundan soň Hudaýberdi bu ýalança alaçsyz gelipdir. Geleni üçinde, dogylany üçinde hiç zada begenmändir. Hiç kim bilen gepleşmändir. Hiç zada gyzyklanmadyr. Şeýdip wagt geçiberipdir.
Zordan enesiniň käbir ýumuşlaryny edipdir.
Ýogsa hol ýerdäki saýa geçip ýatyberipdir.
Hudaýberdiniň öýüniň ýanynda ullakan gür tokaý bolup ol ýerde her hili ýyrtyjy haýwanlar möwç alypdyr. Her niçikde bolsa adam hem gün görmek üçin tokaýa girmeli bolupdur. Tokaýyň aňry tarapynda hem bir oba bolup adamlar şu ýyrtyjyly tokaýyň içinden alaçsyz geçmeli bolupdyr.
Bu gün hem Hudýaberdi hiç zat bilen gyzyklanman tokaý tarapa ýöne seredip ýatypdyr. Şu wagt Hudaýberdiniň kalbyny gozgan bir waka bolupdyr. Tokaýyň içindäki ýoda bilen bir gyz tokaý aňyrysandaky oba tarap gidip barýan bolupdyr. Birnäçe ädimden gyz tokaýyň içinde görünmän galypdyr. Hudaýberdi hem öz ýanyndan gyz üçin galagopa giripdir.
Ol tokaý içinde adam ýuwudýan ullakan kül reňk möjegiň bardygyny, bu möjek örän hilegärdigini eşiden eken we gyz üçin biynjalyk bolup başlapdyr.
Gyz bolsa tokaý içi bilen mamalaryna barýan bolupdyr. Onyň mamasy garry bolup özüne tagam bişirip bilmeýän eken. Gyzyl topbyly gyz bolsa onuň agtygy bolup mamasyna iýmäne nahar alyp barýan bolan.
Möjek bu gyzy bilýän bolupdyr. Ol öňden bäri gyzy iýmek maksadynda bolan. Munyň üçin ol gyzy aldawa salan. Topbyly gyzyň mamasyna nahar alyp barýanyny gören möjek gyzdan öňürti onuň mamasynyň ýatýan ýerine girip mamany ullakan agzy bilen ýuwydyp göýberipdirde mamanyň öýde bar bolan beýleki geýimlerini geýip, kellesine mamanyň ýaglygyny orap ýalan mama bolup ýatyp gyzyň jaýa girerine garaşyp ýatypdyr.
Gyz bolsa hiç zatdan habarsyz mamasynyň öýüniň gapysyny kakyp
Mama men geldim. Saňa aş getirdim diýip mamasyna habar gatypdyr.
Mamasynyň ornyna möjek gepläpdir
Gel gyzym gel. Men saňa garaşyp ýatyrdym diýipdir
Onda agtygy Gyzyl topby
Mama seniň sesiňe näme boldy. Seniň sesiň möjegiň hyrryldysyna meňzäýän ýalyla diýipdir
Onda möjek
Agtyjygym Gyzyl topby. Men sowukladym. Meniň bokurdagym dykylyp dur. Şonuň üçin meniň sesim hyrryldan ýalydyr saňa. Gorkmada geliber ýanyma. Çorbajygyňy meniň agzyma guý!
Agtyjagy bolsa hiç zady güman etmän çorbaly tabagy mamasynyň gapdalynda goýyp çemçe bilen mama diýýän möjegiň agzyna guýyp başlapdyr. Görse mamasynyň ýaglyk astynda ullakan tüýli gulaklary görünip duran.
Gyzyl topby
Mama näme üçin seniň gulagyň ullakan diýip sorapdyr
Möjek jogap beripdir
Seniň aýaklaryň sesini uzaklardan eşitmek üçin
Mama näme üçin seniň gözleriň ullakan hem hyýyrsyz diýip sorapdyr
Möjek jogap beripdir
Seniň gelýäniňi uzaklardan görmek üçin
Onda Gyzyl topby ýene sorapdyr
Mama näme üçin seniň dişleriň ullakan diýip sorapdyr
Dişlerim seniň getiren çöregiňi iýmek üçin diýipdir
Onda Gyzyl topby ýene möjege sorag beripdir
Mama näme üçin seniň agzyň ullakan diýip sorapdyr
Bu wagt möjek ýatan ýerinden galypdyrda hakyky möjege öwrülip Gyzyl topbyly gyzy ýuwutmak üçin ullakan edip agzyny açan
Emma gyzdan biynjalyk bolan Hudäýberdi şu wagt ýetip gelip agzyny ullakan edip açan möjegiň agzyny yzyna gaňrypdyr.
Şu wagt Gyzyl topbyly özüniň mamasyny möjegiň ýuwudanyny Hudaýberdä aýdypdyr.
Hudaýberdi möjegiň agzyny giňden açyp elini möjegiň bokurdagyna uzyn sokup mamany halas edpdir
Gyzyl topbyly bolsa Hudaýberdä aşyk bolupdyr. Tizara olaryň toýy bolupdyr. Şundan soň Hudaýberdi Gyzyl topbyly bilen bagtly durmuşy geçiripdir.
20 |
12 |
1 |
0 |
3 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Söýgi barada ýazmak nämä gerek
Hetden ashyrdy bula @IDEALLIDER2 iñ diýşi ýaly yazyjy 10 yaşly a diyseñ b b diyseñem a diyip dur...dowamy...
Magtanmak gadagan däl. Magtanmana hakym bar
@Admin @Belki @SISTEMA Adminler, moderatorlar düzgünnamany pozýalar...dowamy...
Magtanmak gadagan däl. Magtanmana hakym bar
Şatlyk Ürgençli aga, içiñ gyssa samrap gidäÿýäñ õýdýän:d:...dowamy...
Magtanmak gadagan däl. Magtanmana hakym bar
Wtf but question arises how on earth you're here let us know about your so called websites?...dowamy...
Söýgi barada ýazmak nämä gerek
Eý,waheýý. Azap edip ýazdyňmy şunam? Özüň düşünäýmeseň keýgim, bizä düşünmedik....dowamy...