Ýürekdeş sözler!
Gretti Grin
Ahmal [off]
Şugün, 16:36
Ginnesiň rekordlar kitaby boýunça “Dünýäniň iň gysganç adamsy” diýilip Getti Grin ýazylan.
1916 – njy ýylda dünýäniň iň baý we gysganç aýaly hökminde tanalan Getti Grin 1835 - nji ýylda Massaçusets ştatynyň, Nýu – Bedford şäherinde dogulýar. Onyň maşgalasy läheň balyklary awlamak we olary Hytaýa satmak bilen meşgullanypdyr. Iki ýaşyndan Getti atasynyň öýünde terbiýelenip başlanýar. Ol Alty ýaşyndan başlap söwda-satyk we maliýe bilen meşgullanýar. Gettiniň 13 ýaşy dolanda maşgalasynyň buhgalteri bolýar. 15 ýaşynda bolsa Boston şäherinde mekdepde okuwa başlaýar. 1864-nji ýylda Kakasynyň aradan çykmagy bilen Getti 7.5 million ABŞ dollarynyň miras düşeri bolýar bu möçber şu günki ölçeg bilen 107 million bolýar.
33 ýaşynda durmuşa çykýar. Toýdan öň ýoldaşyna aýalynyň baýlygyndan boýun gaçyrýandygy hakyndaky kepil hatyny alýar. Olaryň Ned we Silwiýa atly çagalary dogulýar.
Getti maýa goýum, gozgalýan we gozgalmaýan emläklerleriň satuwy we karzdarlyk işi bilen meşgullanýar. Hatda ýerli häkimýetler hem gytçylyk döwürlerinde mundan karz alýan ýerleri hem bolupdyr. Getti Griniň gysgançlygy barada her - hili wakalar bar . Ol hiç haçan ýyladyjy enjamlary we ýyly suw ulanmandyr. Ol öziniň bir sany gara köýnegini çykarman geýýärdi. Ulag serişdesi hökminde diňe köne awtoulaglary ulanýan ekeni. Iň arzan restoranlarda naharlanyp, 15 sentlik kökelerden iýmitlenipdir. Bir waka görä ol 2 sentlik markany ýarym gije gözländigi barada aýdylýar. Öýiň süpürjisne sabyn tygşytlamak üçin ýuwulýan eşikleriniň diňe hapa ýerlerini sabynlap ýuwmagy tabşyrýan ekeni. Ol ýerli dükandan özi üçin bahasy arzan bolany üçin döwük kökeleri we Dewi atly gowy görýän güjügi üçin süňk satyn alýan ekeni. Işgärleriniň aýtmagyna görä ol ofisiň peçinde gyzdyrylan süle ýarmasyny kop iyipdir.
Iň elhenç wakalaryň biri hem, onyň ogly Ned aýagyny döwdirende bolup geçýär. Ol öz oglunyň bejergisi üçin lukmanlara pul tölemejek bolup, garyp – gasarlar üçin niýetlenen mugt klinika ýüz tutypdyr. Netijede keseli ötişip çaganyň aýagyny amputirläp protez geýdirmeli bolupdyrlar.
Getti Grin 1916 – njy ýylda, 81 ýaşynda Nýu - Ýork şäherinde aradan çykýar. Onyň yzynda galdyran mirasy 100-200 million ABŞ dollardan ybarat bolup, şu günki möçberinde 2.1-4.3 milliard ABŞ dollaryna barabar hasaplanýar. Bu möçber ony soňky ýyllaryň iň baý aýallaryň biri edýär.
14 |
7 |
2 |
2 |
1 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeGood [off]
Şugün, 17:46
+0
Bäh, şeýdip jemläni bilen näme peýda gördükä görgüli?! Hezil edip ýaşamagam oňarmandyr.
Soňky teswirler
Pifagoryň bokaly (cup)
Ine de suraty. Ussune basyn. mail/index.php?act=load&id=8763 yada[s]https://www.matematikciler.com/wp-content/uploa...dowamy...
Gretti Grin
Bäh, şeýdip jemläni bilen näme peýda gördükä görgüli?! Hezil edip ýaşamagam oňarmandyr....dowamy...
Meni ýok-edip öldürüň.(2-nji bölüm)(18+ Psihiki ejizlere okamak gadagan)
зря затраченное время...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meni ýok-edip öldürüň.(2-nji bölüm)(18+ Psihiki ejizlere okamak gadagan)
Mishel (Şugün, 17:28)
Mishel (Şugün, 17:28)
KIME SEN ASYLLY ADAM DIÝERSIŇ?
Shu diyilyanler indi uytgedi Bir zat diysenem dowur uytganmis...dowamy...
...