“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Eger käbirleri seni gelejeginde görmeýän bolsa, Senem olary taryha yazmagyn wagty gelendir. imissyou?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Oguldürlime sonetler çemeni+3
Oguldürlime sonatlar çemeni 1. Uzyn gara gijeleňde alaşdym, Garaşdym, irkilen aýyň dogarna. Gije uçup hol güneşe ýanaşdym, Dagy nätjek , ylham joşup çoganda? Ýanýaryn ýagmyryň ortarasynda, Düşeginde irkilipdir sübüläm. Täsin bir söz tapdym yşk babatynda, Olaň bary akyp barýar seň bilen. Gözlerimden yşkym okap bilýärmiň? Seret oňa, gör nämeler aýdyp dur. Çyragy sen dünýäniň däl, dünýämiň, Diňe maňa ýalkym saçýan abajur...dowamy...
kaka♡+4
Ýok, gyýylma, bujagaz dert – Çekibilmez dert däl, kaka. Naçar diýme, her telpeklem Meniň kimin mert däl, kaka. Sen bilýäň-ä, bu durmuşam Synamaz her kimi, kaka. Günler ýene gaýdyp berer Görkümi, erkimi, kaka. Ýükläbersin, onça ýüki Göterer gerdenim, kaka. Bu ýolda yza tesermi, Heý, seniň merdemiň, kaka?! Görýäňmi, ýognan bilegim, Bedenimem berkän, kaka. Maňa sen bilen birlikde Ynamyňam derkar, kaka. Ga...dowamy...
Ejem eken+4
Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyñ ýeñlesligni, Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny, On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikip köýnekligñi, Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken, Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam ejem eken. Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam, Köpelýärdi durmuş hakda saña berýän soragymam, Günler geçdi, soñ ýat boldy, şol çägeli Garagumam, Talyp boldym, men özime diýipd...dowamy...
cagalyk+4
"ÇAGALYK" Çagakam almaza dildirdim golum. Şonda içimde bir ünji galdymy?! Ýadymda:çagalar ýüpbökdi bökýär, A men synlap durun goly sargyly. Köçe - çagalaryñ mesgeni köçe, Köçe- çagalygyñ mesgeni köçe. Oýun başlanardy. "Gyzymyz" bolsa, Öz kemini bilip çykardy çete. Ne "gel" diýerdiler,ne ol barardy, Agyr oýa çümüp synlardy sessiz. Içinden ýeke-täk dileg ederdi: "Bu günler geçsin". ...Çagakam almaza di...dowamy...
kakam+7
Kakam Eje hakda ýazylypdy kän goşgy, Ýazylyp ýör, ýene-de kän ýazylar. Ýöne KAKA hakda ýazylanok kän, Nädip beýle pese gaçdy kakalar. Hawa, ýok diýjek däl ene mukaddes, Sylamaly, ejeleri söýmeli. Ýöne diňe ejeleri däl, eýsem Kakalarymyzyda " sag bol" diýmeli. Eje ak süýt berdi, hem mähir berdi. Ýöne kakamyzam şonça soýendir. Eje gije ýatman hüwdülän bolsa, Kaka gijelerine gala bolandyr. Kaka bolmak ýeňil ýerpaý däl ah...dowamy...
Meni bagyşlama! 6+3
Meni bagyşlama!6 Agşam adatdaky wagtyñda işden geldiñ. Öñüñde çaý-naharyñy goýup, ýanyña çökdüm. Işdämenlik bilen garbanyşyñy synladym. - Şu gün sende bir zad-a bar - diýip soragly nazarlaryñy okladyñ.     Ýüzümde ýylgyryş bilen müýnürgemäniñ goşulyşmagyndan dörän garaýyş bardy. Ýene bir perzendimiziñ boljakdygyny buşladym. - Aý ýog-a. Çynyñmy?        Oýun bolmagyny isleýärdim. Göwrämdäki perzendiñ Merdandan bolmak ahma...dowamy...
Bir gün senden sorasalar men hakda...💔+8
[b][i][color=#173bd3]Bir gün senden sorasalar men hakda, "Men bilemok birzatlara boldy" diý. Ýene gaýta-gaýta sorag berseler, "Meniň birje, sözüm üçin öldi" diý. Ol näme söz, sorasalar ýene-de, "Ol durmuşdan geregini aldy" diý. "Ol men bilen bir ömüri geçirmek, Bar islegi, bar arzuwy şoldy" diý. "Ony dälde arzuwlarymy saýladym, Ol hakynda pikirlerim söndi" diý. "Ýok, ýok gorkmaň ol entegem ýaşap ýör, Diri h...dowamy...
AHYR ZAMANA+7
[b][i][color=#454545]Adamlar barha azgyn bolarlar Ýakyna gelende ahyr zamana Şeraba,humara maÿyl bolorlar Ýakyna gelende ahyr zamana Atadan, Eneden perzendi bizar Söwdagär aýaldan dolydyr bazar Lolyhana döner akar suw boÿlar Ýakyna gelende ahyr zamana Aÿallar erkekleñ lybasyn geýer Äjid-Mäjid adam etini iýer Adamlar Hudaýa däl, dejjala uyar. Ýakyna gelende ahyr zamana Jahyllar okamaz gaçar ylymdan...dowamy...
♡☆KLASDAŞLARYM☆♡+6
[b][i][color=#039b80]Mekdep ojagynda duşan günümiz, Saýraýşy hem üýtgeşikdi guşlaryň. Entek doly-dogry harpy tanaman, Bäşlige bäsdeşen klasdaşlarym. Men sizden öwrendim şatlygyň bagtyn, Doldurdyňyz giň dünýämiň boşlugyn. Siz bilen geçipdir iň hezil wagtym, Meniň bagta dönen klasdaşlarym. Hiç yadymdan çykmaz ýaşar ruhumda, Ilki söýgim bilen başlan ýaşlygym. Ýatda galmasa-da, okan zatlarym, Ýürekde ýer ed...dowamy...
klasdas+2
"Klasdaş" ahmyrly söýgi hakda goşgy... Uly ýola garap dymyp otyryn, Çykyp gyradaky çile klasdaş. Müñ bir gaýgy gama çümüp otyryn, Berlip müñ ham hyýala klasdaş. Birmahallar şadyýandym, alçakdym, Wah bolmady şo bolşuma galjakdym, Söýgüniñ yzynda ylgap daljykdym, Tas dönüpdim sañsar mala klasdaş. Mekdebe gatnardyñ bezäp bu ýoly, Bu görnüş gözümden gidenok häli, Eliñ portfelli çykaýjak ýaly, Şinni-şinnem ba...dowamy...
Göz dañdy.+4
Gözdaňdy oýnuny oýnaýar ýaşlar, Tutan oglan posa alýar muzduna. Tutup bir-biregi ogşaýar ýaşlar, Biz bu oýny oýnapdyrys mugtuna… Gözi daňlan aýlanyp ýör arada, Ol derleýär, ol sermeýär howany: "Jadyly gyz, nirede sen, nirede?" Nirede sen, onuň söýýän juwany? Til bile däl, jiger bilen seslenýär: "Men bärde, men bärde! Tutaý bol basym!" Oglan gyzlaň birin jeren deý garbap, Öpýär söýýänin däl, on...dowamy...
Köne heň+6
Birden tanyş heň ýaňlandy radioda: “Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!” Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler Hökman, meni görerine mähetdel. Irkilen deý süýji düýşüň içinde, Gözüm ýumup, gönügerdim hyýala. Gadymy dessanda galan köne heň Özüm üçin ýazylan deý hamana. Senem hiňleneňde köpüň ugruna Öňkülerden has-da ünsli diňledim. “Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!” Ýöne, nämüçindir, gitdiň, gelmediň. Eliňden...dowamy...
Jenneti gözleýän adam.+3
[i][color=#039b80]Rowaýata görä öňem bir adam, Jenneti gözläpdir pany dünýäden. Haka berjaý edip parzy sünneti, Görkez diýýär maňa ýerde Jenneti. Beýnisinde dürli soraglar dola, Ýol şaýyny tutup düşüpdir ýola. Sabr edip kän ýeri aýlanyp çykýar, Baglary daglary düzleri sökýär . Beýni dolan diýip iç için iýýär, Ýüregi darykma taparsyň diýýär. Oň ýüzüne gülüp bakmandyr bagt, Ýüwürik şemaldeý geçipdir wagt. Hiç ýerde ýüreg...dowamy...
Göwnüm gaçdy...+2
Göwnüm gaçdy... Bulut gamdan gözýaş dökdi Siz oña "ýagmyr" diýdiñiz. Bereketin seper durar Topragy gandyr diýdiñiz. Demin üfledi Biribar "Mylaýym şemal"diýdiñiz. Derýa janpena tutundy Siz oña "kenar"diýdiñiz. Ýer üşäp, ýapyndy ýorgan Siz "Mawy asman" diýdiñiz. Synaga salyndy ömür "Aladam,gussam" diýdiñiz. Gül uýaldy öz görkünden "Reñkidir gyzyl"diýdiñiz. Ak kagyza göwnüm gaçdy. Siz oña şygyr diýdiñiz. Mahym Nurgeldiý...dowamy...
Aşyk bolan ýigidiñ, matimatik gyzyna ýazan haty.+6
Salam – tükeniksiz progressiýa, Eý, gara gözli ýar, niçik ahwalyň? Tarypyňy hata salyp ýollaýan, Eý, dünýäm, älemim, açyk asmanym! Gözleriň giden bir tükeniksizlik, Seniň ol gözleriň misli bir umman Bir bakyşyň müň ýigidi jadylar, Onsoň men neneňsi durmaýyn dymman?! Gözüňde syýadan goýulan pokat, Gaşlaryňam – sinisoidal çyzyk-la. Seň bilen söýüşmek şeýle bir agyr, Hem bu söýgi çylşyrymly, gyzykly. Ýylgyrsaň...dowamy...
Käte şeýle bolýar ,,men erkek+3
Käte şeýle bolýar,,men erkek" diýip, Gynanjyň gözýaşyn gizlejek bolýaň. Ýürek gyýylsada eýýäm gan öýüp, Şonda-da mertlerçe sözlejek bolýaň. Emma başaraňok,bokurdak dolup, Damagyňdan bir ses çykmajak ýaly. Özüňi saklajak bolýaň,zor salyp, Şeýtseň gözde ýaşyñ akmajak ýaly. Sessiz aglamaklyk,gör niçik agyr, Dem almak kynlaşýar,öýken gysylýar, Ýürek paralanýar,dilinýär bagyr, Belki ömrüňden hem ýyllar k...dowamy...
Meni bagyşlama! 5+3
Meni bagyşlama! 5 Merdanyñ gepini mundan artyk diñlemäge bognum ysmady. Bu gezekki gözýaşlarym öñküleriñ çaky-da däldi. Böwedi böwsülen derýa dek çykýardy göz owalarymdan.       Görsene, bu pelegiñ oýnuny, Garýagdy. Men saña ikilik etdim, ol maña. Özüñe ikilik edilenini bilmän bagtly ýaşap ýörmek gowumyka ýa ikilik edilenini bilip, ataşlar içinde örtenmek? Sen-ä ikilik edilenini bilmän dünýäden bihabar gezip ýördüñ, men...dowamy...
Men garly daglaryn däli şemaly+4
Men tozanly yollaryň demiri Men suwu guran soygi çynary Men topragyň eyesi mazaryň daşy Men 15 ýyl kakasyz geçiren Men sürüsini yitiren çopan Men arzuw yzyndan ylgan ýigit Men ýene geçirmeli ýyllar kakasyz Men çürük gämi deňiziň içinde Men ýagyşyn damjasy yeriň astynda Men ýanyp kül boldym söýgüň közünde Men dosty-dogany söýgüsizleriň Men gara duşmanymyň gözünde Men düşüpdirin gutarmaz düýşe Men biçäre bir niçe işde Men m...dowamy...
Deñ-duş oglanlarymyza (Degişme goşgy)+4
Owadan gyzlaryñ bir garaýşyna, Ýüpsüz dañylmaga golaý oglanlar! Söýgiñ derdin satyn alyp başyna, Perwanañ ykbalyn alan oglanlar! Kalplarynda joşgun urýan ýaşlykdyr, Wah, ol joşgun käte çenden aşyp dur, Owadan gyz görse, bary aşykdyr, Bagyşlañ! azajyk jalaý oglanlar! Ýaşlyk söýgä ýanmak juda ýakynmy, Käsi ýeñles, käsi agras-akylly, Diñe gyzlar hakda gürrüñ ýakymly, Ýary çyn, ýarysy ýalan oglanlar! Yñdarmarak, degişgenrä...dowamy...
Agyr degdi+4
Agyr degdi Duýdansyz kalbymdan çakan, Sözleň agyr degdi maňa. Gözlerme naýynjar bakan, Gözleň agyr degdi maňa. Seni şeýle gerekledim, Maňa şeýle gerekmidiň? Özün şeýle gerekleden, Közleň agyr degdi maňa. Gussaň lawly nokadyndan, Çek elimden, çykaýyn men. Indi nädip bakaýyn men? Ýüzler agyr degdi maňa. Bagt guşum uçurdym elin, Gidýaň, gowsun edýär Kerim, Ýene-de ýazaýjak welin, Sözlem agyr degdi maňa. © Gerçeknazar AM...dowamy...
Jemi: 475
<< 1 2 3 4 5 ... 24 >>

Soňky teswirler

Yurekdesh.ru


Pocti mugt reklama diyyañmi...dowamy...

YekeMen


Öňki soňky ýazgylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | YekeMen
rexha (Şugün, 00:13)

Yurekdesh.ru


mena gatnasyp bilmeyan onda saytlan adyny bilemaga ...dowamy...

Hic kime nesip etmedik gyz 1


Dowamyny hacan goyjak...dowamy...

Yurekdesh.ru


Biderek nm geregay onday yatyn gecip...dowamy...

Yurekdesh.ru


Гаты говы устиндик хемма!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yurekdesh.ru
Мерет (Düýn, 23:31)

Yurekdesh.ru


Son 5 sanagy saylanandan son solaryn icinden tazeden yarydyryp 3 sini saylap alarys gallany son aytyan...dowamy...

Yurekdesh.ru


Basga russ saytlarynda reklama etsem bolarmy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yurekdesh.ru
Akademik2 (Düýn, 23:29)

NAMART NAKYLLAR


...dowamy...
Erkin mowzuklar | NAMART NAKYLLAR
Yekejelai (Düýn, 22:10)

Baryň-ýoguň deň maňa


Gowy gulim soz yok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Baryň-ýoguň deň maňa
Guljagaz (Düýn, 21:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика