Ýürekdeş sözler!
Eje meñem çaga yuzum düşermi? | Teswirler
| Täzeje dabir [off] (01.01.1970 / 05:00) |
Soňky ýyllar şu dert ýaş çagalarda barha köpelýär. Öňler setanda-seýranda çatynjalaryň käbirinde zürýatsyzlyk duşardy. Emma soňky ýyllarda welin, anyk statistikasyny bilmeseňem, durmuşda gabat gelinýär, azyndan her on maşgaladan ikisinde dagy şeýle durmuşy betbagtçylyga sataşylýar. Özem şeýle ýaşlaryň köpüsi lukmançylyk barlagyndan geçseler, üýtgeşik bir sebäbinem anyk aýdyp bilmeýärler. Göräýmäge är-aýalyň ikisinde-de önelgesizlik derdi ýok, ikisem önelgä tebigy ukyply. Emma şonda-da hiç ugrugybermeýärler.
Ylmy maglumatlar bilen tanyşsaň-a munuň esasy sebäpleri hökmünde şulary sanaýarlar:
1.Ýaramaz ekologiýa (howanyň, suwuň, iýmitiň hapalanmagy);
2.Iýmit önümlerinde GMÖ, pestisidler, dürli himikatlaryň öňküden birnäçe esse kän ulanylmagy;
3.Himiki derman serişdeleriniň elýeterli bolup, olaryň gözegçiliksiz kän hem artykmaç ulanylmagy;
4.Stress ýagdaýynyň öňküden birnäçe esse artmagy;
5.Fiziki hereketiň azalyp, ýaşlaryň gipodinamiki durmuşda ýaşamagy;
6.Wiruslaryň we bakteriýalaryň mutasiýasynyň çalt geçip, ynsan organizminde barlaglara aňsat bildirmeýän ýaramaz täsirleri galdyrmagy;
7.Çatynjalaryň genetiki taýdan gapma-garşy bolmagy we ş.m.
Ýöne, şonda-da: "Alla bermedi..." diýip lapykeç bolmaly däl, umytdan düşmeli däl. Elbetde meniň bu gürrüňim "dokuň açdan habary ýok" diýilýänine çalymdaşam bolmagy ahmal. Ýöne durmuşda öýlenenlerine 6, 9, 11 ýyl geçenden soň çagajyklarynyň bolup, soňam allanäme 3-4 çagaly bolup gidenleri gördüm.
Onsoňam soňky döwürler lukmançylykda emeli inseminasiýa - emeli tohumlandyrmak usuly has ösýär. Köp ýagdaýda oňyn netije-de berýär.
Ýene bir zat: lukmançylyk usullary halys paşmasa, perzentlige almagam tüýs Allaň ýalkan çykalgasy. Bir ýetim ýa taşlanan çagajygy ata-eneli edip, mähri bilen gurşany, uzagyndan Alla ýalkap, çilesi açylyp, öz çagalarynyňam yzly-yzyna dünýä inip gidýän ýagdaýyna-da duş geldim. Onsoňam şeýdip bäbekler öýünden perzentlige alanlaryň alan çagajyklaram Keremli Perwerdigäriň tükeniksiz şepagaty bilen edil ekiztaýy ýaly ýüz-keşbi, hüý-häsiýeti, gepi-gürrüňi, özüni alyp barşy boýunça-da perzentlige alanlaryň özüne meňzäp gidýäni hasam täsin gudrat.
Bu şygyr bolsa, ýaman ýürekgopduryjy, haýykdyryjy täsir edýär.
Soňky teswirler
Köçämizden bir sary gyz geçýär
Manysy has çuň bolansoň, hiç aňyma alyp bilmedim. Awtory özüňizmi?...dowamy...
Eje meñem çaga yuzum düşermi?
Perzentsizlik - durmuşyň iň ajy, iň wawwaly meseleleriniň biri. Ondan ajy zat, Hudaý saklasyn, hiç bendesine Keremliň Özi görkezmesin, diňe perze...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №8
Çaga aýratyn komnatda bolsa özbaşdak bolmany we planlary gurmagy çalt öwrenýär we ugur tapyjy bolýar. Oňa derek sylagy, hormaty, ahlagy pes. Çaga...dowamy...
Şähermi ýa-da oba
Allahym ýer titremesin, titrese ol etazlaryň galar öýdemok. Şäheriň köp ýeri mundan 50 ýyl ozal gurlan etažlar....dowamy...
Eje meñem çaga yuzum düşermi?
Gosgy gaty manyly yazylypdyr. Her setirinde perzentsiz zenanyn icgepletmesi duyulyar. Awtor erkegem bolsa zenan duygusyny berip bilipdir. Temasy...dowamy...
