“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Aÿratyn dilde gürläris, emma meñzeş dilde dymarys... K/D

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Köçämizden bir sary gyz geçýär
 Özümiziňki
 Mishel [off]
 29.01.2026 / 08:29

Köçämizden bir sary gyz geçýär
Köçeden däl ýüregimden ýöreýär
Meni görse syrly garaýar
Menem oňa syrly seredýän

Ikimiziň gözlerimiz çaknyşýar
Gysgaja wagt söýgi döredýär
Onuň gözlerine daňylyp galýan
Bu gözler meniňki bolsady diýýän

Ol näme oýlanýar muny bilmeýän
Ýöne görse meni ýüzi üýütgeýär
Meger ol meniň söýenim bilýar
Ýa bolmasa ol meni söýýär

Näme etmeli anyk bilmeýän
Ähli oýlarym ikiuçly bolýar
Bir görsem söýýän
Bir görsem ýok bolmaýar diýýän

Bu nä durmuş men-ä bilmeýän
Alasarmyk pikirde bolýan
Birnäçe wagt bu gyzdan gaçýan
Ýene bir pursat oňa dolanýan

Öz ýanymdan ony söýgülim saýýan
Bile otyrýan bile gezelenç edýän
Elinden tutyp bile ýöreýän
Ellerim egninde, oňa daýanýan

Bu aldawdygyny özümem bilýän
Bu gyz meniňki däl men muny bilýän
Ýöne meniň ýüregime teselli gerek
Bu aýylganç durmuşy aldamak gerek

Hawa bu ajy durmuşy aldamak gerek
Hamala, sen gowy diýmegim gerek
Häläm galypdyr gyzlar üýütgemän
Galan zat hemmesi wagşa dönüpdir

Her gün turyp düýnki güni ýatlaýan
Haýsy gowy işi etdimkäm diýýän
Ýaman bolup geçen zatlar ýadyma düşse
Bu gyzyň keşbinden teselli alýan

Diýýän özüme gysynma ýigit
Ine şu gyz gowy seret
Bir gün ol seniňki bolar
Bu ajy durmuşyňy güle öwürer

Ol bilbil bolup säherler saýrar
Ýoluňda açylan güller deý bolar
Irden turyp hany tur indi diýer
Bu gün gowy gün bolar diýer

Onsoň gül dodoklary saňa ýylgyrar
Gamly güni şatlyk bilen doldurar
Sen onuň bilen bagtly bolarsyň
Şeýdip bu dünýäden bagtly ötersiň


137

21

3

4

1

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 29.01.2026 / 11:07

+1

Manysy has çuň bolansoň, hiç aňyma alyp bilmedim. Awtory özüňizmi?


Özümiziňki
Mishel  (29.01.2026 / 16:13) 

Gulmahrem, Hawa. Biraz wagt goşgyy ýazaýyn diýdim. Söýgi barada.


Özümiziňki
Gulmahrem  (29.01.2026 / 17:34) 

Mishel, bagyşla welin, goşga meňzemändir bu ýazanyň. Proza salyp, oýlanma ýa, hekaýajyk edip ýazaýmaly ekeniň. Ýazyp bilýäňä sen. :)
Muny iki sözi birikdirip, bir bent edip bolýaka, gaty uzak ýazypsyň. Onsoňam, saňa gyzmykaň öýdýädim. Oglanyň gyza bagyşlap, ýazylşy ýaly welin bu?!


Özümiziňki
Mishel  (30.01.2026 / 10:11) 

Gulmahrem, Men rusça oýlanýan. Bu hili goşgylary türkmenler ýazmaýarlar. Ruslaryň goşgylary proza meňzeýär. Roman ýazyp gör ýada taryhy wakalary ýazyp gör poeziýada. Şonda poeziýa proza meňzäp gidýär

 Premium
 Prinsessa [off]
  Dostum yok duşmanm kop
 30.01.2026 / 11:06

+0

tuweleme yione

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 05.02.2026 / 10:05

+0

Gysynma name diymek

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (Şugün, 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (Şugün, 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Şugün, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->