yalansoz [off]
28.01.2026 / 22:55
iman, saglyk bn abraydan ayyrmasyn
Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi?
Bir ýaşaýyş dogarmyka içimden?
Yatsadym ýanynda ýazyp düşegmi, Ysgap çygjaranja mymyk saçyndan.
Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi?
Nirä gitsem ol añymdan çykmaýar.
Hakdan dileg etdim, umut üzmedim, Lukmanlaram belki diýip çaklaýar.
Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi?
Pikir edip baryşyma hol güni, Undupdyryn uly ýoldan geçenmi, Allam görkezmesin beýle horlugy.
Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi? Bilýan diýýäniñi menden ogrynça: "Çagañyzy opüp, oynap oturmañ, Uýañyzam bir bäbejik dogrynça"
Eje, meñem çaga yüzüm düşermi? Unudyp barýaryn gülmegi, eje. Çagasyz öý mazar ekeni, käbäm, Wah, onsuz bu dünýe dunýemi, eje.
Eje, meñem çaga yüzüm düşermi? Görenler-ä berýär diñe göwünlik. Bermezek tañrydan alyp bolarmy, Berermi ýa ynsan ogly ogullyk?
Eje, meñem çaga yüzüm düşermi? Betbagt doguldym ala böle men. Ya-da men deý bedibagt dogmakdan, Heder edip ýörşümikä bäbegin?
Eje, meñem çaga yüzüm düşermi?
Kän eşijek alyp goýdum niyetläp. Her gün çözüp düwünçegin bagyny, Hyýalymda deñäp görýän ýüz epläp.
Eje, meñem çaga yüzüm düşermi?
Hyýalymda ak alnyndan öpdüm men. Söyüp çagyrarym ýaly ýanyma, Bir gowuja atjagaşam tapdym men.
Eje, meñem çaga yüzüm düşermi?
Tutarmykam sallancagyñ yüpünden. Hüwdi aýdyp boşatsadym içimi, Ah, dynsadym dymmaklygyn yükünden.
Yaz, ýataýyn gujagyñda birsellem, Bäbejikkäm maña ýazan düşegñi. Ýyly ýürek, sowuk gujak gyzyň men, Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi ?
Awtory Berdimyrat Täçmyradow
97 |
25 |
6 |
11 |
0 |
0 |
1 |
yalansoz [off]
iman, saglyk bn abraydan ayyrmasyn
28.01.2026 / 22:57
+1
durmuşymdan :(
TäzejeCandi (29.01.2026 / 05:35)
yalansoz, Zen durmuşa cykanymy?
yalansoz (29.01.2026 / 08:19)
Candi, hovva
Orazjan [off]Obaly maýmynjyk
29.01.2026 / 00:08
+0
Ýaradandan dile! Eje näbilsin ony....
yalansoz (29.01.2026 / 08:19)
Orazjan, dileyasle EnşaAllah bizede nesip eder
Belki [off]"Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
29.01.2026 / 05:41
+1
Gosgy gaty manyly yazylypdyr. Her setirinde perzentsiz zenanyn icgepletmesi duyulyar. Awtor erkegem bolsa zenan duygusyny berip bilipdir.
Temasy barada aytsam nahili-nahili masgalalar gordum uzak yyllardan son perzende yuzi dusen. Gyzlyk, ogullyk alybam son öz perzendini dunya indirenler gyt däl. Garaz umytdan duşmeli dal. Huday jan arzuwynyza yetirsin!
Täzejedabir [off]
29.01.2026 / 09:59
+2
Perzentsizlik - durmuşyň iň ajy, iň wawwaly meseleleriniň biri. Ondan ajy zat, Hudaý saklasyn, hiç bendesine Keremliň Özi görkezmesin, diňe perzendini ýitirmek bolaýmasa.
Soňky ýyllar şu dert ýaş çagalarda barha köpelýär. Öňler setanda-seýranda çatynjalaryň käbirinde zürýatsyzlyk duşardy. Emma soňky ýyllarda welin, anyk statistikasyny bilmeseňem, durmuşda gabat gelinýär, azyndan her on maşgaladan ikisinde dagy şeýle durmuşy betbagtçylyga sataşylýar. Özem şeýle ýaşlaryň köpüsi lukmançylyk barlagyndan geçseler, üýtgeşik bir sebäbinem anyk aýdyp bilmeýärler. Göräýmäge är-aýalyň ikisinde-de önelgesizlik derdi ýok, ikisem önelgä tebigy ukyply. Emma şonda-da hiç ugrugybermeýärler.
Ylmy maglumatlar bilen tanyşsaň-a munuň esasy sebäpleri hökmünde şulary sanaýarlar:
1.Ýaramaz ekologiýa (howanyň, suwuň, iýmitiň hapalanmagy);
2.Iýmit önümlerinde GMÖ, pestisidler, dürli himikatlaryň öňküden birnäçe esse kän ulanylmagy;
3.Himiki derman serişdeleriniň elýeterli bolup, olaryň gözegçiliksiz kän hem artykmaç ulanylmagy;
4.Stress ýagdaýynyň öňküden birnäçe esse artmagy;
5.Fiziki hereketiň azalyp, ýaşlaryň gipodinamiki durmuşda ýaşamagy;
6.Wiruslaryň we bakteriýalaryň mutasiýasynyň çalt geçip, ynsan organizminde barlaglara aňsat bildirmeýän ýaramaz täsirleri galdyrmagy;
7.Çatynjalaryň genetiki taýdan gapma-garşy bolmagy we ş.m.
Ýöne, şonda-da: "Alla bermedi..." diýip lapykeç bolmaly däl, umytdan düşmeli däl. Elbetde meniň bu gürrüňim "dokuň açdan habary ýok" diýilýänine çalymdaşam bolmagy ahmal. Ýöne durmuşda öýlenenlerine 6, 9, 11 ýyl geçenden soň çagajyklarynyň bolup, soňam allanäme 3-4 çagaly bolup gidenleri gördüm.
Onsoňam soňky döwürler lukmançylykda emeli inseminasiýa - emeli tohumlandyrmak usuly has ösýär. Köp ýagdaýda oňyn netije-de berýär.
Ýene bir zat: lukmançylyk usullary halys paşmasa, perzentlige almagam tüýs Allaň ýalkan çykalgasy. Bir ýetim ýa taşlanan çagajygy ata-eneli edip, mähri bilen gurşany, uzagyndan Alla ýalkap, çilesi açylyp, öz çagalarynyňam yzly-yzyna dünýä inip gidýän ýagdaýyna-da duş geldim. Onsoňam şeýdip bäbekler öýünden perzentlige alanlaryň alan çagajyklaram Keremli Perwerdigäriň tükeniksiz şepagaty bilen edil ekiztaýy ýaly ýüz-keşbi, hüý-häsiýeti, gepi-gürrüňi, özüni alyp barşy boýunça-da perzentlige alanlaryň özüne meňzäp gidýäni hasam täsin gudrat.
Bu şygyr bolsa, ýaman ýürekgopduryjy, haýykdyryjy täsir edýär.
yalansoz (29.01.2026 / 11:21)
dabir, pikiriñiz ucin kop sagboluñ. tañryyalkasyn.
Täzejedabir [off]
29.01.2026 / 12:03
+0
Goşgyny tertipledim:
EJE, MEŇEM ÇAGA ÝÜZÜM DÜŞERMI…
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Bir ýaşaýyş dogarmyka içimden?
Ýatsadym ýanynda ýazyp düşegmi,
Ysgap çygjaranja mymyk saçyndan.
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Nirä gitsem ol aňymdan çykmaýar.
Hakdan dileg etdim, umyt üzmedim,
Lukmanlaram: “Belki...” diýip çaklaýar.
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Pikir edip baryşyma hol güni,
Undupdyryn uly ýoldan geçenmi…
...Allam görkezmesin beýle horlugy...
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Bilýän diýýäniňi menden ogrynça:
“Çagaňyzy öpüp, oýnap oturmaň,
Uýaňyzam bir bäbejik dogrynça...”.
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Unudyp barýaryn gülmegi, eje!
Çagasyz öý mazar ekeni, käbäm,
Wah, onsuz bu dünýe dünýemi, eje!
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Görenler-ä berýär diňe göwünlik.
Bermezek Taňrydan alyp bolarmy,
Berermi ýa ynsan ogly ogullyk?
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Betbagt doguldym ala-böle men.
Ýa-da men deý bedibagt dogmakdan,
Heder edip ýörşümikä bäbegiň?
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Kän eşijek alyp goýdum niýetläp.
Her gün çözüp düwünçegiň bagyny,
Hyýalymda deňäp görýän ýüz epläp.
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Hyýalymda ak alnyndan öpdüm men.
Söýüp çagyrarym ýaly ýanyma,
Bir gowuja atjagaşam tapdym men.
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?
Tutarmykam sallançagyň ýüpünden.
Hüwdi aýdyp boşatsadym içimi,
Ah, dynsadym dymmaklygyň ýükünden.
Ýaz, ýataýyn gujagyňda birsellem,
Bäbejikkäm maňa ýazan düşegňi.
Ýyly ýürek, sowuk gujak gyzyň men,
Eje, meňem çaga ýüzüm düşermi?!...
©Berdimyrat Täçmyradow
yalansoz (29.01.2026 / 17:54)
dabir, sagboluñ :)
rexha [off]
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
05.02.2026 / 10:03
+0
InşAllah çaga yüzüň düsher Sabrly bol
Ogul...
"Uly görün ýaşyňdan, Hormat gazan işiňden, Galman deň-duşundan, Uzak ýaşa ös ogul..."...dowamy...
Gara tam — Birinji bölüm
Edil Rahman Zülfikarowyň stilinde ýazylan žanra gep ýok, dowamyny hem ýazan bolsaňyz goýsaňyz awtor...dowamy...
Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]
Şu ýerde käbir adamlaryň bir häsiýetine haýran galýan.Mysal üçin, bir adam jaý gurluşygy bilmeýän bolsa, ussa ýüz tutýar. Özüniň şu ugurda hiç bi...dowamy...
Oraza baýramy
Metjidimizin ymamy Remezan,hachanda Remezan gutaranson bashlayar,namazda hachan iki egnine salam bereninden son bashlayar diyip wagyz edipdi shu...dowamy...
Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]
Göwnejaý gürrüň. Başarsaň, öwren we öwret. Başarmadyňmy, gep etme, şyltak atma....dowamy...
Halal zähmet (tymsal)
Örän gowy temany saýlap alypsyň. Halal zähmet çekip ýaşamalydygyny aýdypsyň. Emma özüňi mysal getirip aýytmansyň. Özüň halal zähmet çekip nämeler...dowamy...
Heserdeş (oýlanma)
Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )...dowamy...