Mowzuk test [b]Gowşaklyk näme? Fiziki zähmete çydamazlykmy? Ýoksa duýgulary açyk görkezmekmi? Öň "erkekler aglamaly däl" diýilýärdi. Häzirki ýaşlar bolsa duýgusyny gizlemeýär. Bu gowşaklykmy? Ýoksa bu täze güýçmi?[/b] Häzirki nesillere "shorts" nesil diýilýär. Ýagny gysga manyly zatlar. Häzirkilerde dykgat ýok...
“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
Ейжежик : Жизнь-это не игра #

BU GOWŞAKLYKMY ÝA-DA... | Teswirler
 Öwreniji
Basmacy [2m] (01.01.1970 / 05:00)
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Gowşaklyk näme? Fiziki zähmete çydamazlykmy? Ýoksa duýgulary açyk görkezmekmi?
Öň "erkekler aglamaly däl" diýilýärdi. Häzirki ýaşlar bolsa duýgusyny gizlemeýär. Bu gowşaklykmy? Ýoksa bu täze güýçmi?


Häzirki nesillere "shorts" nesil diýilýär. Ýagny gysga manyly zatlar. Häzirkilerde dykgat ýok. Başlap-taşlamak köp. Dowamlylyk ýok. Pytraňňy pikirler. Bir gün aglap otyr - bir gün gülüp otyr. Iň erbedem (men muny pikirdede kän aýdýan) "abraýdan düşerin" diýen gorky ýok. Agzyna näme gelse ýaplap ýatyr. Goý ol hereket bolsun...

Onsaň ulularymyzyň "Biz ýaşlykda beýle däldik… Häzirki ýaşlar gowşak.” - diýmesi ýöne ýerden däl.
Ýene özümden mysal alaýyn. Bizem uly oglan däl. Ýöne 12-13 ýyl mundan bizem patsandyk. Bizem ýaş bolup gördük, ýöne häzirkiler ýaly däldik. Sos.setde özüňi alyp barmagyň medeniýetini bilýädik. Bizem ýeňil - ýelpaý pikirleri ýazardyk, hereketleri ederdik. Ýöne käýeseler şol ýerde bes ederdik. Gaýtalamajak bolardyk.
Diýjek bolýanym 12-13 ýylyň tapawudyny biz şeýle görüp ýörüs. Onsaň 30-40 ýyl mundan öňki terbiýe, ahlak meselelerini agzasalar ululardan gaty gömeli däl.
Häzirkiler gowşak däl, häzirkiler nalajedeýin. Bizem bar şonuň içinde

Tehnologiýany mysal getiripsiň.
Oňaýly tehnologiýalardan kadaly , howpsuz, netijeli peýdalanmagy kim öwredýär bize? Hiç kim
Gözegçiliksiz zadyňam soňy "şarlatan" bolup gidýär.
Günüň 5-6 sagadyny sos.setde "shorts" wideolary görýän bir ýetginjege tehnologiýanydan oňaýly peýdalanýa diýip bolarmy?
Oňaýly tehnologiýalar biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirmek üçin işläp çykarylmadymy näme?!
Hawa şeýle bolsa, öňler elde kir ýuwjak bolsaň 1-2 sagat wagtyň we güýjüň gidýärdi. Häzir kir waşyn 40 minutda ýerine ýetirýär şony, knopgany basmana ýaltanmasaň boldy... Şol elde kir ýuwulýan 1-2 sagat tygşytlandy gerek?! Biz şony näme sarp edýäs indi?
Maşgalaň bn köpüräk wagy geçir, çagalaryň terbiýesi bilen meşgullan, öz üstünde işlemek we.ş.m - sarp edýän barmyka?!
Mowzuga geç!
Foruma geç!
Soňky teswirler

BU GOWŞAKLYKMY ÝA-DA...


[b]Gowşaklyk näme? Fiziki zähmete çydamazlykmy? Ýoksa duýgulary açyk görkezmekmi? Öň "erkekler aglamaly däl" diýilýärdi. Häzirki ýaşlar bolsa duý...dowamy...
Erkin mowzuklar | BU GOWŞAKLYKMY ÝA-DA...
Basmacy (Şugün, 12:39)

BU GOWŞAKLYKMY ÝA-DA...


Öňki ýaşlar fiziki taýdan güýçli bolmagy öwrenen bolsa, häzirki ýaşlar psihologik taýdan güýçlidirler. Munyň bilenä ylalşyp bolonok. Öňk...dowamy...
Erkin mowzuklar | BU GOWŞAKLYKMY ÝA-DA...
Basmacy (Şugün, 12:39)

GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?


Bu ýagdaýyň adamlaryň düşünjesinden aýrylmagynda,Pygamberimiziň (Muhammet.s.a.w.) adyny tutmazlyk gelişmeýär!...dowamy...
Erkin mowzuklar | GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Yunus (Şugün, 09:51)

GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?


Jahyllykdan, yone inni guramalar we kanun tarapyndan zenanyn hukuklary doly goralan (azajyk çendenasada), taze swilizasiya doremese bu yagday gay...dowamy...
Erkin mowzuklar | GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Ahmal (Şugün, 09:43)

GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?


Estagfrullah...dowamy...
Erkin mowzuklar | GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Orazjan (Şugün, 09:13)

GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?


Yslam dini ýaňy ýaýrap başlan döwürlerinde, geçmişiniň agyr ýüki bilen ýaşaýan bir adam Pygamberimiziň ýanyna gelýär. Bu adam öz taýpasynyň abraý...dowamy...
Erkin mowzuklar | GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Fantom (Şugün, 08:45)

Gadyr gijesi haçan?!


Namaz-Orazaňyz kabul bolsun! Mowzuk üçin köp sagbol.......dowamy...
Erkin mowzuklar | Gadyr gijesi haçan?!
Orazjan (Şugün, 08:33)

Asyryň garaňkylygy gelýär: 02.08.2027!


Gün tutulmasy diňe Aý Günüň we Ýeriň ortasyna göni çyzyk boýunça düşende bolýar. Ýöne Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanýan ýoly (orbitasy) bir az gyşyk (...dowamy...

Nipah wirusyna garşy täze sanjymyň kliniki barlagy başlaýar


Dogrysy ýazmajagam boldym, ýöne 3 4 hepdelikde şu barada okapdym, sizem indi bolanyna görä tanyş boluň: Hormatly okyjylar, geliň, şu gün hemme...dowamy...

menin uçin gosgy ugradypdyrlar


Dushunmedimlay...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->