“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Gőwin çőkende gussany, çilim çekende hem tűssăni gizlăp bolmaÿşy ÿaly, Sen gideñdede gőz ÿaşymy gizlăp bilmedim

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

BU GOWŞAKLYKMY ÝA-DA...
 Özümiziňki
 Mawy [2m]
 17.02.2026 / 18:17
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

“Häzirki ýaşlar hakykatdanam gowşakmy?”

Soňky ýyllarda uly nesilden bir söz köp eşidilýär:
“Biz ýaşlykda beýle däldik… Häzirki ýaşlar gowşak.”
Bu söz diňe bir tankyt däl, eýsem bir nesliň beýleki nesle beren bahasydyr. Emma hakykatdanam şeýlemi?
Öňki döwürde ýaşlar agyr zähmet çekýärdi, kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz galýardy, durmuş şertleri hem ýeňil däldi. Olar sabyrly, çydamly bolup ýetişýärdi diýilýär. Häzirki ýaşlar bolsa tehnologiýanyň içinde ulalýar, maglumat elýeterli, mümkinçilik köp.
Şeýle bolansoň, olar gowşakmy?
Bir tarapdan seretseň, häzirki ýaşlaryň ruhy basyşy öňkülerden hem agyr bolup biler. Sosial torlar arkaly özüňi başga müňlerçe adam bilen deňeşdirmek, üstünlik basyşy, gözellik standartlary, jemgyýetiň garaýyşlary — bularyň hemmesi ýaşlaryň ýüregine görünmeýän agram goýýar. Öň bular ýaly derejede jemgyýetçilik basyşy ýokdy.
Öňki ýaşlar fiziki taýdan güýçli bolmagy öwrenen bolsa, häzirki ýaşlar psihologik taýdan güýçlidirler.
Emma başga bir tarapdan seretseň, hakykatdanam sabyr azalýan ýaly görünýär. Kän zat çalt gelýär: çalt habar, çalt üstünlik, çalt meşhurlyk. Şeýlelikde, erk etmek hem kynlaşýar. Adamlar derrew netijä garaşýar.
Şonda sorag ýüze çykýar:
Gowşaklyk näme? Fiziki zähmete çydamazlykmy? Ýoksa duýgulary açyk görkezmekmi?
Öň "erkekler aglamaly däl" diýilýärdi. Häzirki ýaşlar bolsa duýgusyny gizlemeýär. Bu gowşaklykmy? Ýoksa bu täze güýçmi?
Belki mesele ýaşlarda däl-de, döwrüň üýtgemegindedir. Her nesil öz döwrüniň synagyndan geçýär. Öňküleriň synagy başga, häzirki ýaşlaryňky düýbinden başga.
Şeýlelikde, hakykat nämede?
Häzirki ýaşlar gowşak däl, diňe başga görnüşde güýçli bolmagy öwrenýär.

Onsañ öñki nesiller öz döwrüniñ, häzirki nesiller bolsa öz döwrüniñ güýçli eýeleri.


148

33

8

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Obaly maýmynjyk
 17.02.2026 / 19:38

+1

Häzirki ýaşlar biraz moral taýdan pes öňkülerden. Gowşak dälde

 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 17.02.2026 / 20:35

+1

Menden +1 kici cagalaryn kopusinde terbiye hem yok


Öwreniji
Ahmal  (20.02.2026 / 20:14) 

erkin1997, 98 lermi)


Premium
Huzur  (21.02.2026 / 06:15) 

Ahmal, :D

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Ýalňyzlyk diňe emosional ýagdaý däl, eýsem fiziologik stressordyr...
 17.02.2026 / 23:24

+2

Serediň, ýönekeý kartoşkany alyp göreliň. öňler ýerden alýaň iýýäň. Indi şo kartoşkany köpeldip baýaýmasynlar diýip ýiti şöhlä tutyp ekseňem zat almaz ýaly etýärler. inha bulam näme adama gaty uly zyýan etýän bolmagy mümkin.

Ir dögürler una hol deňiziň içinde aşakda bir ýerde bitýän oty sähelçe una garyp adamlara witamin güýji ýaly bir emel etýän ekenlermiş. indi näme, degirmene üwetýäň, wsýo.

Ýa aýdaly iýýän çipsydyr kolalarymyz gaty uly zyýan etýän bolmaly adama. onsaň nesil gowşaman nirä gitsin...

öňler 6 7 aý göwreli aýallar arkasy azot halta daşarmyşlar, elbetde bu gowy zat, ýöne şoň çaga ýetirýän uly uly zyýany hakynda kim pikir edipdir?

Gyşda Ýap gazu edilýär, buňam adama gaty erbet täsiri kän. ondan önjek nesilede geçýär şo...

Garaz, Men bir duwtor bilen söhbetdeş bolamda döwük ýenjikden galany ganyňda bar bolsa nesilede geçýär diýä. onsaň gowşaman gitjek ýeriň nire seň???

Aýtsaň aýdyp oturmaly. iýýän läşkeleriň, parnik ösümlikleriň, garaz biziňki hääzir gowyla. ine wagyt gelermiş, adamlar pasta iýermiş nahara derek, ana onsaň görersiňiz oýuny...

Emma,


Öwreniji
Ahmal  (20.02.2026 / 20:20) 

Fantom, agyr zähmet wajyplygy az, ýada ýok, kola çipsi zadyň tädirem bardyr az owlak, yone esasy sebäp hereketsizlik, agyr is etmezlik


Özümiziňki
Fantom  (21.02.2026 / 09:01) 

Ahmal, Şuňa bir zat diýip bolýa. Fundamenty gowşak bolsa onsaň beýleki zatlary häkidä...


Täzeje
JekMa  (25.02.2026 / 11:37) 

Fantom, ýap gazuwyñ name zyyany bar?


Özümiziňki
Fantom  (25.02.2026 / 16:57) 

JekMa, Nä ir dögür suw ädik bolandyr diýäňmi? ekskowatorlar gelmänkä kanallary kim gazandyrlar öýtýärsiňiz, elbetde el güýji?! ol gatla, suwy ýäni ýaby ýapmak indi etýäler ony. dogrysy suw tutylýan turbajyklaram soň geldä öňler adamlar böwet basypdyrlar.

Bolýa, Indi men bu suwly meseläni näme üçin ýazanymy aýdaýyn. Bir üşmeleňde otyrdyk welin, gürrüň çykdy. şonda biri biz iki dogandyk, meýdanda suw tutamyzda birimiz odun ýakardyk, birimiz suw tutyp gelip aýagy ýyladardyk diýdi. garaz g


Täzeje
JekMa  (26.02.2026 / 11:46) 

Fantom, bolya dusnukli.Yone iymit barada hem yazypsyñyz,läşge kartoşka eyle beyle...
Dogrysy name iyip içmeli onda?


Özümiziňki
Fantom  (26.02.2026 / 22:51) 

JekMa, Aý dogan, ilden aýrylyp niräk gitjek, iýibersene...

 Özümiziňki
 Basmacy [53s]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 20.02.2026 / 19:42

+0

Özüňiz ýazdyňyzmy Mawy gelleje


Özümiziňki
Mawy  (20.02.2026 / 20:56) 

Basmacy, Men gelneje däl. Hawa.

 Özümiziňki
 Basmacy [54s]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 21.02.2026 / 12:39

+1

Öňki ýaşlar fiziki taýdan güýçli bolmagy öwrenen bolsa, häzirki ýaşlar psihologik taýdan güýçlidirler.

Munyň bilenä ylalşyp bolonok.
Öňküleriň psihologiýasy has güýçli bolaýmasa. Agyr fiziki güýç adamy stressa getirýär. Günde 12-14 sagat işlemek we munyň günde gaýtalanmagy. Entegem däliremän ýaşapdyrlar könelerimiz. Ýöne olary kysmata kaýyllylyk, ýokary ahlak ölçegi, işlemedik-dişlemez ýaly durmuş hakykatlary alyp çykdymyka diýýän.

Özümden mysal alaýyn. Şu hökümediň belgiläp beren 8 sagadyny azap-güzap bilen işleýäs. Ýogsa iň agyr edýän işim kompýuteriň klawiaturasyny basmak. Ýöne şonda-da käwagt edaraň howlusyna giremde "sen indi şutaýda garrap, şutaýda pensiýa çykyp gitmelimi" diýen pikirler kellämde aýlanýar. Şutaýsynyň berýän ujypsyzja aýlygyna ömrümi biderek geçirip ýoren ýaly hasap edýän...
Bu näşükürlik däl. Işläp çykarys potensialym uly. Özümi başga-başga ýerlerde görmek isleýän...


Özümiziňki
Mawy  (21.02.2026 / 15:29) 

Basmacyözüñi başga-başga ýerlede görkezmek ücin gijä galan dälsiñä? Ýa bökdenşlikler barmy köp kişide bolşy ýaly? Beýle bolaýanda-da potensialy uly adama hiczat böwet bolmazmyka diýýän.


Özümiziňki
Basmacy [54s] (21.02.2026 / 20:08) 

Mawy, Häzirki gazanjymy 2 esse artdyryp bilerin. Ýöne barybir diýýän ölçegime ýetip bilmerin.


Özümiziňki
Mawy  (21.02.2026 / 20:25) 

Basmacy, Hmm. Dogry

 Özümiziňki
 Basmacy [54s]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 21.02.2026 / 12:39

+1

Gowşaklyk näme? Fiziki zähmete çydamazlykmy? Ýoksa duýgulary açyk görkezmekmi?
Öň "erkekler aglamaly däl" diýilýärdi. Häzirki ýaşlar bolsa duýgusyny gizlemeýär. Bu gowşaklykmy? Ýoksa bu täze güýçmi?


Häzirki nesillere "shorts" nesil diýilýär. Ýagny gysga manyly zatlar. Häzirkilerde dykgat ýok. Başlap-taşlamak köp. Dowamlylyk ýok. Pytraňňy pikirler. Bir gün aglap otyr - bir gün gülüp otyr. Iň erbedem (men muny pikirdede kän aýdýan) "abraýdan düşerin" diýen gorky ýok. Agzyna näme gelse ýaplap ýatyr. Goý ol hereket bolsun...

Onsaň ulularymyzyň "Biz ýaşlykda beýle däldik… Häzirki ýaşlar gowşak.” - diýmesi ýöne ýerden däl.
Ýene özümden mysal alaýyn. Bizem uly oglan däl. Ýöne 12-13 ýyl mundan bizem patsandyk. Bizem ýaş bolup gördük, ýöne häzirkiler ýaly däldik. Sos.setde özüňi alyp barmagyň medeniýetini bilýädik. Bizem ýeňil - ýelpaý pikirleri ýazardyk, hereketleri ederdik. Ýöne käýeseler şol ýerde bes ederdik. Gaýtalamajak bolardyk.
Diýjek bolýanym 12-13 ýylyň tapawudyny biz şeýle görüp ýörüs. Onsaň 30-40 ýyl mundan öňki terbiýe, ahlak meselelerini agzasalar ululardan gaty gömeli däl.
Häzirkiler gowşak däl, häzirkiler nalajedeýin. Bizem bar şonuň içinde

Tehnologiýany mysal getiripsiň.
Oňaýly tehnologiýalardan kadaly , howpsuz, netijeli peýdalanmagy kim öwredýär bize? Hiç kim
Gözegçiliksiz zadyňam soňy "şarlatan" bolup gidýär.
Günüň 5-6 sagadyny sos.setde "shorts" wideolary görýän bir ýetginjege tehnologiýanydan oňaýly peýdalanýa diýip bolarmy?
Oňaýly tehnologiýalar biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirmek üçin işläp çykarylmadymy näme?!
Hawa şeýle bolsa, öňler elde kir ýuwjak bolsaň 1-2 sagat wagtyň we güýjüň gidýärdi. Häzir kir waşyn 40 minutda ýerine ýetirýär şony, knopgany basmana ýaltanmasaň boldy... Şol elde kir ýuwulýan 1-2 sagat tygşytlandy gerek?! Biz şony näme sarp edýäs indi?
Maşgalaň bn köpüräk wagy geçir, çagalaryň terbiýesi bilen meşgullan, öz üstünde işlemek we.ş.m - sarp edýän barmyka?!


Özümiziňki
Mawy  (21.02.2026 / 13:10) 

Basmacy, Saña añyrýany bilen goşulýan. Biraz ene-atañ konyroly hem rol oýnarmyka diýyan.

 Öwreniji
 Mishel [off]
 22.02.2026 / 09:20

+1

Öňki nesil SSSR döwründe ýaşanlar. Häzirki döwüriň ýaşlary garaşsyz Türkmenistanda ýaşaýarlar. Öňki nesil SSSR döwüriniň adamy bolany üçin häzrki döwüriň ýaşlaryna göwniýetmezçilik bilen garajagy görünip dur. Sebäbi SSSR döwrüniň halky syýasy taýdan özlerini dünýäniň hemme halkyndan belentde goýýardylar. Olaryň pikiriçe kapitalistik sistemada ýaşaýan halklar ýok bolup gitmelidi. Emma beýle bolmady. Kapitalizm dälde kommunizm gurmakçy bolýan SSSR ýok bolup gitdi.
SSSR döwrüniň ýaşlary kommunistleriň täsiri astynda bolup olar kommunistik sistemany gurmaklyga gatnaşdylar. Şonuň üçin ol döwüriň ýaşlary köp kynçylyklary gördüler. Sistemany gurmak üçin agyr zahmet çekdiler. Haçanda olaryň gurmakçy bolýan kommunistik jemgyýeti gurulman galanda olar moral taýdan ezýet çekdiler. Bu ezýetleri çeken SSSR döwrüniň nesili özlerini taplanan hökmünde duýyp olar özlerinden soň kemala gelen ýaşlara göwüni ýetmezçilik bilen seredýärler. Emma özleriniň kommunistik jemgeýetini guryp bilmedigine namys etmeýärler.
Garaşsyz Türkmenistan bolsa öz ýaşlaryny aýap saklaýar. Ýaşlar agyr zähmet çekmeli däl diýen syýsaty alyp barýar. Şonuň üçin okuwçylara pagta ýygmaklygy gadagan etdi.
Terbiýe barada aýdylanda bolsa esasy terbiýäni ýaşlar ata-enesinden alýarlar. Ata-ene nähili bolsa nesil hem şeýle.
Häzirki zaman türkmen ýaşlary dünýä ýurtlaryň hemmesine çykýarlar. Käbir daşary ýurtlar türkmen ýaşlaryny özüne çekmek üçin köp iş edýärler. Türkmen ýaşlary bu ýurtlaryň propagandasy astynda galýarlar. Bu propaganda türkmen ýaşlaryna ýaramaz täsir edýär. Türkmen ýaşlary öz ýurdynyň üstünliginden ýüz öwürip propaganda astynda daşary ýurtlaryň milliligine gyzykýarlar. Daşary ýurtly bolasy gelýär. Onsoň olar özlerinden ululara salam bermek hem islemýär. Göwünleri Türkiýe, Rossiýa, Ewropa we Amerika gidip ýaşamaklgy arzuw edýär.
Ýaşlaryň terbiýesi ýaramaz diýýän bolsaňyz muny uly nesilden görmek gerek. Ulylylar terbiýeli bolsa ýaşlar hem terbiýeli bolar. Sebäbi görünip dur. Ýaşlar ulylardan görelde alýarlar.
Ulylary hem magtap otyrasy iş ýok. Ulylar arak içip ýörler. Toýlara baryp seretseň arak içip özlerini bilmän entirekläp ýören, sammyldap otyranlaryň hemmesi diýen ýaly uly ýaşly adamlar. Özleri ata-ene bolsada çagalaryma görelde bolaýyn diýmeýärler. Tersine özüniň serhoş bolup ýörenini içmeýänlere reklama edip içmedikleriň üstünden gülýäler. Olara, içmän molla boljakmy diýýärler. Halal zähmet çekmäniň nämedigini bilmeýerler. Perzentlerine parahorlugyň hemde özgäniň zähmetiniň hasabyna ýaşamany öwredýärler. Hemme zadyň özeni bolan syýasata düşünmeýärler.
Teswir makalaňdan uzyn boldy.Goýaýyn.


Täzeje
Bagana  (22.02.2026 / 16:24) 

Mishel, kapitalizm bilen kommunizmiň näme zatdyklaryny düşündirip bersene. Özüňä bilýän ýaly teswiriň başyny şonuň bilen başlapsyň welin.

 Täzeje
 Vandenes [off]
 22.02.2026 / 16:24

+1

"Öýjük - öýjükdendir"

"Öýjükler diňe öýjüklerden emele gelýär"

Rudolf Wirhow. Öýjük taglymaty.

Intek mutasiýa geçmek üçin onçakly wagt geçenok.


Özümiziňki
Mawy  (25.02.2026 / 02:42) 

Vandenes, Dagy näme, "arpa ekip,bugdaý oraryn öýtme" diýilipdir. Näme ekseñ şolam gögerer

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgümiziň synagy


Onsoñ yarashdynmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgümiziň synagy
афганка (Şugün, 22:16)

Söýgümiziň synagy


Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...

Söýgümiziň synagy


äriňden aýrylyshdyňmy sen? . we inni ýarashdyňmy?...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
zM (Şugün, 17:47)

Söýgümiziň synagy


Şu wagt ýaraşdyňmy...dowamy...

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...

Söýgümiziň synagy


Eliňe köp sms gelýämi şolar ýaly...dowamy...

Söýgümiziň synagy


"Mejnun bilen söýgi synpynda bile okadyk, ol hemiše 4-lik, men bolsa diñe 5-lik alardym." Diýýådimi Oraz.Ýagmyr))...dowamy...

Söýgümiziň synagy


Şahyrlaryň hemmesi çilim çekýämişin...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Şeýle wakada gaty jedelleşip ahyry utupdum. Bir samsyk "Arssa 10 gezegä boşaryn" diýdiweli, men "Agam, häzir men mundanam gowysyny saňa getirjek,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
IDEALLIDER2 (Şugün, 12:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->