“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Ähli zat gözlerin satashmagynan bashlandy we gözyashlar bilen gutardy ..(kalp doctory).

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
 Täzeje
 Hyyalbent [off]
 31.05.2026 / 13:26

EDEBİ SÖHBETDEŞLİK
Essalamu aleýküm Goçmyrat aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük.
SOWAL - JOGAP
1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz?

GOÇMYRAT ORAZBERDİÝEW
1. Men Goçmyrat Orazberdiýew, ýazyň orruk ortarasynda (23-nji aprel) dünýä indim. Duýguçyl, kisesi ýaly ýüregi ýuka oglan.

2. Ilkinji goşgularyňyz haýsy gazetde ýa žurnalda çap bolupdy we näçinji ýylda?
2. Ilkinji goşgymyň 2002-nji ýylda Nesil gazetiniň näme üçin çap edendigine henizem düşünip bilemok.

3.Sizi şygra getiren esasy güýç näme boldy: duýgy, ýagdaý ýa-da bir adam?
3. Ilkinji şygra getiren güýç ejemiň duýguçyllygy hem-de ony duýup başaranlygym sebäp boldy.

4. Siziň pikiriňizçe gowy goşgy nämeden başlanýar: sözdenmi ýa-da duýgudan?
4. Gowy goşgy duýguly ýürekden başlanýar. Söz hem duýgy şondan soň gelýär.

5.Eger goşgyňyzda haýsam bolsa birini pida etmeli bolsa haýsyny pida ederdiňiz kapiýamy ýada ideýa?
5. Eger-de goşguda kapyýany ýa ideýäni pida etmeli bolsa, onda goşgyny pida ederdim. Goşgy ýazmazdym. Olarsyz goşgy haýsy derde ýarap biler?!

6. Haýsy şahyrlar ýa-da ýazyjylar siziň döredijiligňize täsir etdi?
6. Meniň döredijiligime täsir etmedik ýekeje ýazyjy ýa şahyr ýokdur. Iň bärkisi, ýaramaz şahyrdan ýa ýazyjydan şolaryňky ýaly eser döretmeli däldigini öwrenipdim.

7. Kä halatlarda siz öz okyjyňyzy aldaýarsyňyzmy? (meselem, duýgyny güýçlendirmek üçin eseri has baýlaşdyryp bermek üçin).
7. Şahyr okyjyny däl, öz-özüni aldaýar. Okyjy, barybir, özüne geregini okaýar, gerekmejek zadyny okamaýar, gyra taşlaýar. Okyjy aldanar ýaly beýle-de bir samsyk däl.

8. Käwagt dymmak sözden güýçli diýilýär — onda şahyr näme üçin ýazýar?
8.Dymmak sözüň ähmiýeti peselende güýçlüdir. Sözi diňlenilýärkä, şahyryň dymmagy günädir. Şahyr ikisinem ýerlikli, gerek ýerinde peýdalanyp bilmeli.

9. Häzirki wagtda poeziýanyň jemgyýetçilik ýa-da syýasy hadysalara täsiri barmy? Şahyr jemgyýetiň nämesi bolmaly?
9. Şahyr jemgyýetiň dilidir. Dilsiz-agyzsyz jemgyýet hiç zada ýaramly bolmaýar.

10. Şahyr kim üçin ýazýar. Okyjy üçinmi, özi üçin ýa-da poeziýa üçin? Şolaryň haýsysy siziň pikriňizçe dogry?
10. Şahyr özi üçin ýazanda, şygyrlary hem özi bilen gider. Okyjy üçin ýazanda, okyjylar bilen bile ýaşamagyny dowam eder. Eger-de edebiýat üçin ýazanda, ýazanlary edebiýatda hemişelik galar.

11. Häzirki döwür (sosial torlar, gysga üns, shou-biznes, ýazýan adamyň köp bolup okyjynyň az bolmagy) poeziýa nähili täsir edýär?
11. Hiç bir döwürde-de (Häzirki sosial torlaryň, şou-bisnesiň, ýazýanlaryň köpelip, okyjylaryň az döwründe-de) poeziýa öz ähmiýetini ýitirmez. Ol soňam ähmiýetini saklap galar. Emma biziň oňa bolan ýüzleý garaýyşlarymyz, ýöntem çemeleşişlerimiz wagtyň geçmegi bilen öz gadyryny gaçyrar. Poeziýa welin şol beýikliginde galar...

12.Şahyr hakykaty aýdýarmy, ýa-da owadan ýalan döredýärmi?
12. Şahyr ýüregindäkisini aýdýar. Onuň ýüregi hakykat bilen sepleşýärmi ýa-da ýalan sözleýarmi, ol onuň ynsabyna, dogrulygyna bagly.

13. Bir gije ýalňyz oturan ýeriňde özüňe “näme üçin şahyr boldum?” diýip soraýan wagtyňyz boldumy? İçiňizdäki sese näme jogap berdiňiz?
13. Hiç wagtam özüme "Men näme üçin şahyr boldum?" diýen soragy berendirin öýdemok, soňam bermerin. Sebäbi men şahyr däl.

14. Häzirki ýaşlardan kimleriň döredijiligi sizde täsir galdyrýar?
14. Häzirki döwrüň ýaşlarynyň ýekeje setirinden täsir alyp bilsem, ony tutuş döredijiligi bilen söýüp bilmek gylygym bar. Ýekeje almasyny hezil edip iýeňsoň, tutuş bagyny söýmezlik mümkin däl. Miweli baglarymyz bolsa sanardan kän.

15. Ýaş şahyrlardan özüňize şägirt hasaplaýanyňyz ýada halypa şägirtlik gatnaşygyny saklaýanyňyz barmy?
15. Özüm ýaş şahyrlardan köp zat öwrenip ýörkäm, eger-de mendenem nämedir bir zatlar öwrenmek isleýänleriň bardygyny bilsem begenerdim.

16. Öň dogry hasaplap goşgularyňyzda gorap, häzir tersine çemeleşýän pikirleriňiz boldumy?
16. Goşgulary ýaramaz, haýyrsyz, suwjuk pikirlerden goramagy öňem, soňam ýörelge edinip gelýärin.

17. Häzirki wagtda ideal okyjy barmy ýada ideal okyjy nähili bolmaly?
17. Okyjyny ideallaşdyrýan zat ideal şygyr, nusgalyk pikirdir. Okyjy öz-özünden ideal derejä ýetip bilmeýär. Ideal her bir zat hökmany suratda, okyjysyny hem ideallaşdyrýar. Onuň üçin okyjydan öň, ideal eseriň döredilmegi, ýazylmagy gerek.

18.Nähili şygyrlar poeziýa üçinem gymmatly bolar okyjylaryň hem söýgüsini gazanar?
18. Haýsy temada ýazylandygyna garamazdan, okyjysyny tapan, ýüreklere ornan her bir şygyr poeziýanyň gymmatyny artyryp biler.

19. Poeziyada söýgi duýgysyny beýan etmek lezzetlimi ýada başga temalarda özüňizi erkin duýýaňyzmy? Haýsy temalarda ýazanňyzda okyja özüňizi gowy beýan edýärsiňiz?
19. Nähili duýgyny beýan edýändigiň möhüm däl, haýsy duýgyny ýaşaýandygyň möhüm. Goşgy ýazylanda-da şeýle. Haýsy duýgy seni heýjana salýan bolsa, şol duýgyny "gyzgyny bilen" kagyza geçireniňde lezzetli bolýar. Şol gyzgynjak duýgular haýsy okyjynyň duýgusy bilen gabat gelende, okyjy şony gyzyl tapan ýaly garbap alýar. Gowy eser hökman okyjysyny tapýar.

20.Durmuşda köpçülige tanalmak möhümmi, ýa adaty bolup ýaşamak?
20. Durmuşda köpçülige tanalmak möhüm däl, emma ýaşamak welin möhüm. Ol adaty ýaşaýyş bolsun ýa-da "lýuks" ýaşaýyş, tapawudy ýok, esasy janyňa rahat bolsun!

21. Eger 100 ýyldan soň sizden bir goşgy ýatlansa ol haýsy goşgyňyz bolardy?
21. Bu sowal menden däl-de, okyjylardan soralmaly sowal. Sebäbi 100 ýyldan soňky ýatlanyljak goşgyny okyjy kesgitläp biler. Onda-da 100 ýyldan soňky okyjylar. Oňa çenli goşgularym ýaşamagy başaryp bilse...

Edebi söhebtdeşligmizde berjek soraglarymyz şulardan ybarat. Sözümizi ýykman wagt aýyryp biz bilen söhbetdeş bolup gyzyklanýan soraglarmyzy jogaplanyňyz üçin toparmyzyň adyndan hemem öz adymdan minnetdarlyk bildirýärin. İşlerňizde üstünlik, ylhamyňyz egsilmen!

Çeşme: Edebiýatsöýerler İmo grupbasy


88

30

4

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Hyyalbent [off]
 31.05.2026 / 13:30

+2

Gyzykly görseňiz döredijilik adamlary bilen geçirlen sorag jogaplary ýene paýlaşjak nesip bolsa. Dowamy gelsin diýseňiz pikirlerňizi ýazyp galdyryň!


Özümiziňki
Mawy  (31.05.2026 / 13:53) 

Hyyalbent, Mowzugy haladym. Dowamy gelsin. Garaşýas)


Özümiziňki
Mawy  (31.05.2026 / 13:58) 

Hyyalbent, Öz goşgylaryñyzam paýlaşyp duruñ!


Täzeje
Hyyalbent  (31.05.2026 / 14:05) 

Mawy, Nesip bolsa hökman paýlaşyp duraryn!


Täzeje
Outlier  (31.05.2026 / 20:03) 

Hyyalbent, paýlaşyp dur

 Täzeje
 Candi [off]
 31.05.2026 / 14:07

+1

Sohbetdeşlikleriñiziñ hemmesinde hem şuñ yaly diñe edebiyata, dõredijilige degişli sorag jogaplar bar bolsa bu hemmeler üçin gyzykly bolmasa gerek.A men haladym.Esasan hem "dymmak sõzüñ àhmiyeti peselende guyclidir" diyen yaly frazalary haladym.


Täzeje
Hyyalbent  (31.05.2026 / 17:19) 

Candi, Belki köp adama gyzykly bolmanam biler biziň maksadymyz geçirlen sorag jogaplardan başgalaryň bir zatlar öwrenmegi, Awtorlaryň dünýäsi bilen tanyş etmek. Şonuň üçin şahsy soraglar bilen dälde diňe edebiýat döredijilik baradaky soraglara köpüräk urgy berýäs. Soraglar şol bir soraglar däl her Awtora özüne görä soraglar taýýarlanýar. Şeýle-de bir zady hemmäniň göwnüne ýarar ýaly edip bolanok. Gerekli adamlara ýetse azabymyzyň ýerine düşdügi şol!

 Täzeje
 Resul [off]
 31.05.2026 / 15:06

+1

"Şahyr jemgyýetiň dilidir. Dilsiz-agyzsyz jemgyýet hiç zada ýaramly bolmaýar."

Häzir Türkmenistandaa näçee adam bar bolsaa şolaryň ählisinden ýekejee soragyy sorasaň "häzirkii şahyrlardan kimlerii tanaýaň?" diýip, näçee göterimii 1 şahyryň dolyy adynyy familýasynyy aýdyp biler öýdýäňiz? Ilatyň 50%, 40%, 30%, 20%, 10%? Meň pikirimçee ilatyň 5% aýdyp bilsee häzirkii döredýän 1 şahyryň dolyy adynyy familýasynyy aýdyp biler. Gurbanmazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Nobatgulyy Rejebow ýaa Berdinazar Hudaýnazaryň adynyy näçee göterimii biler? Iň azyndan 50-60% hökmanyy biler.


Premium
Belki  (31.05.2026 / 15:29) 

Resul, Nobatgulyny, Berdinazary bilenoklar. bulam dowri bilen baglanysykly. Kerimin, Gurbannazaryn dowri we mahabaty yetenok hazirkilere


Täzeje
Hyyalbent  (31.05.2026 / 17:25) 

Resul, Bu gepiňde hem jan bar emma hemmäni bir aýakdan sürmek dogry däl. Şeýlebir okyjylar bar ola at familýasy eken kitaplaryny, içindäki goşgularyny ýatdan aýdyp berip bilýäler. Şeýle bir söz bar mazarystana barsaň diri adam galmadyk ýaly, hassahana barsaň sag adam galmadyk ýaly. Edil şonuň ýaly özüňiz şeýle köpçüligiň içinde bolsaňyz başgalary hem şeýlemikä diýip pikir etmegiňiz mümkin elbetde. Beýle söhbetdeşliklerem biziň döwürdeş ýazyjy şahyrlarmyzy azajygam bolsa köpçülige açyp gö


Täzeje
Resul  (31.05.2026 / 20:34) 

Hyyalbent,
Şeýlee bir okyjylar diýýäniň şol 5% girýänlerdirdää? Men munyy "Şahyr jemgyýetiň dilidir. Dilsiz-agyzsyz jemgyýet hiç zada ýaramly bolmaýar." diýenii üçin başgaa zat ýazan bolsaa şoňaa görää bolardym ýa-daa belkii hiç zat ýazmazdymam. Mysal üçin men häzirkii şahyrlardan köpüsinii tanaýan diýeýindää (liçnyý däldee, liçnyý tanaýanlarymam bar) ýönee şuu göwnümee jaý ýazýan häzirkii şahyrlardan ýekejesinii bilýän olam Aýbölek Abdyýewaa.


Täzeje
Hyyalbent  (31.05.2026 / 21:12) 

Resul, Aýyplaşma men ýalňyş düşünipdirin saňa. "Şahyr jemgyýetiň dilidir. Dilsiz-agyzsyz jemgyýet hiç zada ýaramly bolmaýar." Şu ýazgyňy okaman sen barada başga pikir edip ýazypdym olary aýyplaşmaň bagyşlarsyňyz. Gijiräk okadym oňa çenlem teswiri ýazyp goýupdym şondan boldy bary.

 Premium
 AyJennet [off]
  🌙✨
 01.06.2026 / 09:45

+0

Nememi, by Goçmyrat gepleşik alyp barýan, goşgy okaýan Goçmyrat dälmi?


Täzeje
Hyyalbent  (01.06.2026 / 14:48) 

AyJennet, Essalamu aleýküm ýok ol däl şahyr Goçmyrat Orazberdiýew!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...

Ýatla meni...


Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Fantom (05.06.2026 / 17:14)

Ýatla meni...


Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Belki (03.06.2026 / 22:36)

Ahwal


Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
Belki (03.06.2026 / 22:33)

Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap


Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


okajak bolup sakowladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregimiň Sözleri❤️
tony_montana (03.06.2026 / 13:51)

Ýüregimiň Sözleri❤️


söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Emeli aň)...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Narmanny ýazö...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Şuň ýüregi näme diýýäkä? Diýip okadymda...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->