Fantom : Sen meni bagyşla, Eşek! käbir deýýus adamlary saña meñzedip men seniñ mertebäñi peseldýärin.
Seni tanasym gelýär: 2. Ahal | Teswirler
| Täzeje Ahal [off] (01.01.1970 / 05:00)
|
Tema gowy bolupdyr,maňa bildiriş gelmedi we men düýn gördüm temany! Aslynda özüm barada aýtmagy halamok,ýöne seň azabyň biderek bolmasyn, käbir soraglaryňa gysgaça jogap berjek!
Özüm 1992 nji ýylda Ahal welaýatynda doglan.Maşgala ýagdaýym öýlenemok,we inniki aý nesip bolsa toýum.Aslynda 35 ýaşa çenli gezesim geldi, ýöne bu isläniň bolýan dünýe däl.
Ahal niki saýlamagymyň ýönekeý sebäbi Ahally bolanym üçin.
Internet dünýäsine 2014 ýyldan bäri ertir.comdan girip başladym,we gowy gowy agzalar bilen tanyşdyk çalarak gatnaşylanam bar,hiçisinden ýamanlyk görmedim menä!Şu ýerdede bardyr azyrak meni tanaýan gören agzalar .
Magtymgulyň goşgularyny gowy görýän we her sözünden many gözleýän, elbetde hemme goşgulary däl, onuň adyna goşulan başga goşgylaram bar, şonuň üçin şul goşgy Magtymgula ýakyn diýenimi okaýan,paýlaşýan we oturyp pikir etseň manysy uly akyl ýetirip bolsa!
Edil häzirki döwrüň zyýanly endigi Tiktok.
Ikileýin gatnaşykda iki tarapam gabanmaly, ýöne diňe öz ýerinde.
Özümi üç söz bilen aňlatmaly bolsa (Men hiç kim).