“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Aydymsyz durmusx, kislorotsyz yasxamak yaly. #Xuliganka

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"Meni bagyşlama 1" (hekaýa)
 Özümiziňki
 Belki [off]
 09.04.2024 / 06:08
 Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...

"MENI BAGYŞLAMA 1" (hekaýa)

(Bolan wakalaryñ esasynda ýazylyp, kişileriñ atlary üýtgedildi.)

Garýagdy keselhananyñ giñ meýdançasynda gezmeläp ýörşüne birnäçe sagat bäri jalbarynyñ jübüsini mesgen tutunan iki eplengi kagyzlary çykardy. Kagyzlaryñ iñ ýokarsynyñ daş ýüzünde uly harplar bilen ýazylan sözi gör, näçenji gezek gaýtadan okady:
"ADAMYMA!"
Kimdir biriniñ haty görmeginden ätiýaç edip, töweregine garanjaklady-da, meýdançadaky oturgyçlaryñ birine çökdi. Gorka-gorka kagyzyñ gatyny açdy. Haty aýaly Lälezaryñ hut öz eli bilen ýazandygyny garynja dek ownuk harplaryndan añşyrdy. Okamaga başlady. Bu hat eýýäm ilkinji sözlemlerinden iniñi düýrükdirýärdi:
"Garýagdy! Saña bolan zatlary iñ başyndan ähli jikme-jikligi bilen gürrüñ beresim gelýär. Muny maña - bu alykakmyş zenana düşünmegiñ üçin däl-de, men hakynda kelläñde hiç bir sorag alamaty galmazlygy üçin şeýdýärin.
Şol gün howa diýseñ ajaýypdy. Töwerekde guşlaryñ saýraşýan sesini eşitmek, mylaýym şemaly duýmak mümkindi. Daşarda oturşyma günortanlyk nahar üçin sogandyr, kartoşka dograýardym. Hä diýmän gyzlar okuwdan gelmelidi. Nahary wagtynda taýýar etmek üçin howlukýardym. Ussamyz seniñ tabşyryk beren ýatakhanañy gurmak bilen meşguldy. Tä hiñlenýän aýdymy gulagyma degýänçä onuñ barlygy-da ýadyma düşmändi. Aýdymy eşdenimde onuñ aýdyp-aýtmaýandygyny bilmek üçin şol tarapa gözümiñ gyýtagyny aýlapdym. Asyl, ol häliden bäri maña garap oturan bolsa nätjek? Şonda ilkinji gezek gözlerimiz sataşdy. Şobada ýüzümi başga ýana sowsam sowdumam welin onuñ garaýşy göz öñümden gitmedi. Derrew gök önüm dograp oturan gaplarymy alyp içeri girdim. Ussamyzyñ bolşuna geñ galdym. "Bul oglanyñ bolşuny. Ärli aýal diýmän seredip otyr" diýip, içimi gepletdim. Öz gepime öz gülküm tutdy. "Oglan bormy gyz, kyrk-a ýaşandyr". Heziller edinip, jak-jaklap güldüm.
Agşam işden geleniñde ussamyzy ýanyña çagyryp bermegi tabşyrdyñ. Daşary çykyp, onuñ ýüzüne-de oñly garaman "Neme, adamym sizi çagyrýar" diýip goýberdim. Ýüzüme ýañsyly garady-da "Adym Merdan" diýip, içeri girip gitdi.
Merdan. Şonda bildim adyny. Ilkinji gezek şonda aýdyp gördüm adyny içimden. Soñra ol at gör näçe gezek, nähilli ahwallarda gaýtalanandyr meniñ tarapymdan.
Ýanyña geçip oturanynda gapynyñ bir gyrasynda durup, ikiñiziñ gürrüñizi diñledim. Ýatakhananyñ işiniñ haýal gidýändigini agzadyñ. Ussanyñ işinden göwnüñ suw içmändigini ýañzytdyñ. Merdan az-kem oýlanýan ýaly edip, "Meniñ üçin çaltlyk däl, hil möhüm" diýdi. Şondan soñ hiç zat geplemedi. Senem temany üýtgetmek bilen bolduñ.
Dogrudanam, ussamyzyñ işläp ýörenine üç gün bolandygyna garamazdan iş önübermeýän ekeni. Munuñ sebäbini özümden gözledim. Meni has köp görmek üçin şeýden bolmaly. Başgaça pikir kelläme gelmedi. Ýogsam, ony öñ gurluşyk işlerinde işleden goñşularymyz tarypyny ýetirýärdiler.
Merdanyñ deñinden geçenimde mydama ýere bakyp geçerdim. Başarsam daşary çykmajak bolardym. Mahal-mahal penjireden ogrynlyk bilen garanymda onuñ öýümiziñ daşky gapysyna tarap umydygär nazarlaryny gezändigini görýärdim. "Meniñ çykaryma garaşýan bolmaly" diýip içimi gepledýärdim.
Zenanlar kimiñ özüne nähili garaýyşdadygyny juda basym añlamaga ukyply. Merdanyñ nebsewür garaýyşlarynyñ niýetinem ilkinji garan pursadynda añlapdym. Oña asla ýüz bermek niýetim ýokdy. Men ýanýoldaşly, dört gyzyñ enesi zenan. Ýoldaşyma - ýagny saña ikilik etmegi oýumdan geçirmegem nädogry hasap edýärdim.
Merdanyñ garaýyşlary bolsa goýnuna düýrüp alyp barýardy. "Ähli zady kelläñden çykar. Maña tabyn bol" diýýärdi. Boýun syndyrjak däldim. Meniñ erkim bardy, erkliligim bardy. Sen günüñ güni çagalarymyzy aç-hor etmejek bolup zähmet çekýärdiñ. Men munuñ garşylygyny saña ojagymyza wepalylygym, yhlasym bilen ödemelidim. Zenan diýmek bu diýmek dälmidi? Tersine bolmagy mümkinmidir?
Ah, Garýagdy! Durmuş naçar beýnimdäki pikirlerden has rüstem gelse nätjek? Ýa bolmasa hyjuwmydyr, söýgimidir, ýa-da garşydaş jynsyñ özüme bolan gyzyklanmasynyñ tolgunmasymydyr, garaz, haýsydyr bir duýgym serimde göterip ýören "dogrularymdan" güýçli çykan bolsa men nädip bilerin?
Ýalñyş düşünme! Başda-da aýdypdym-a maña düşünmegiñi gazanmak hemem sende özüme bolan rehimdarlyk duýgusyny oýarmak niýetim ýok. Diñe bu "iç döküşmämiziñ" soñunda özümiñ-ä ähli zady aýtmagyñ rahatlygyna eýe bolmagymy isleýärin, seniñem men hakynda seriñde ýekeje sorag alamatynyñ bolmazlygyny.
Özüme beren sözümde durmak üçin elewräp ýören günlerimiñ birinde günortan çaýdyr-naharyny öñünde goýmak üçin ussamyzyñ ýanyna bardym. Bu seniñ tabşyrygyñdy. "Çaýyny-suwuny kem etmäñ" diýip, gaýtalardyñ. Özüm ýanyna barmazlyk üçin gyzymyz Aýperini ugradardym. Ony "Ýaranok " bahanasy bilen okuwyndan alyp galardym. Arman şol günüñ irdeni mugallymy jañ edip. Aýperini mekdebe çagyrdy. Barlagçy geljekmiş.
Ussamyzyñ işläp ýören ýerine baryp hemişeki edişim deý ýüzüne garaman çaý-naharyny goýup gidiberjek boldum. Onuñ sesi säginmegime sebäp boldy.
- Bir minut aýak çek!
Ýüregimiñ ýerinden çykaýjak bolup gursagymda urunýandygyny duýdum. Elim-aýaklarym saññyldap ugrady. Adatça aljyran pursatlarymda şeýle bolardym. Merdan ýüzüme tiñkesini dikip durşuna:
- Sen - diýdi-de sözüni togtatdy.
Maña tanyş bolan bakyşyny aýlap, sözüniñ üstüni ýetirdi.
- Sen juda owadan!

Dowamy bar.


98

27

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Asgabatly [off]
 09.04.2024 / 06:34

+0

Gaty biderek.mowzuk eken jora goyma inni sunyaly


Özümiziňki
Belki  (09.04.2024 / 06:35) 

Asgabatly, sawwol sawwol )


Özümiziňki
Belki  (09.04.2024 / 06:36) 

Asgabatly, birinji ajaýyp teswiriñi pozmaly däl ekeniñ. Ýa utandyñmy akmaklygyñdan )


Täzeje
Asgabatly  (09.04.2024 / 06:38) 

Belki, hhh gum.bolsana bar arin bn ursupsun oytyan gije ha onam mnden ckaryanmu


Özümiziňki
Belki  (09.04.2024 / 06:39) 

Asgabatly, waw! Panýata şow!!! ) bye!


Täzeje
Asgabatly  (09.04.2024 / 06:40) 

Belki, gaty dusinjesiz ekeninle

 Täzeje
 Мерет [2m]
 09.04.2024 / 06:44

+0

Durmuşun Ajysam bar Suyjisem.. Ajynam mertlik bilen öekmeli... Ayal mert eken dogrysyny Aydypdyr Belki Yzy nahilili Bilmedim.. İkilik gowy dal İn yigrenyan zadym.. Yöne hakykaty aysalar... Agyram bolsa... yöne ona Kimde Mertlik bar!
Onsanam Yigitler bar şeyle... Arli ayallary azdyryalar.. Şolar gaty Ulydyr günasi.. Aslynda Zyna Gaty agyr güna barymyzy Alla saklasyn!



Gowy Mowzuk gaty Gowy Döredilen Eser Hany dowamynam Okaly Wagtynda paylaşawer.. Galamyn Yiti bolsun!

 Özümiziňki
 yurekdes [off]
  Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
 10.04.2024 / 12:41

+0

Gowmy Mahym gaty gyzykly waka menzeya yzynam kan garasdyrman goyayda kyn gormesen oninden sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ene yuregi


Men birinji like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 00:29)

Betbagyt gyz 5


1 2 3 4 ханы...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
Aydogdyyewa (Şugün, 00:14)

Ölmän galan oglanjyklar


Yo gowa sps...dowamy...

Ajy hakykat!


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
BAYOGUL (Düýn, 23:24)

Betbagyt gyz 5


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
BAYOGUL (Düýn, 23:04)

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


bir zatlary başarmak üçin hiç wagt giç däl. ☝...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


Men birinji like...dowamy...

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


Men birinji like...dowamy...

Ajy hakykat!


Paýlaşmaga birini tap onda, bolmasa-da "dertlerim içime syganok" diýip, tukat bolmagyň manysy ýok....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Muawiye (Düýn, 22:35)

Toýy guni oli jesedi geldi. Bolan waka...


Bah myn bolupdyr...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика