Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Yüz verip adam ettiysem, sıfırla çarpar yok ederim.
Erkin mowzuklar
Daniel Defo+1
“Adamlar öz ýalňyşyna bagtlykalar däl-de, bagtsyzkalar düşünýärler”....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:43) okaldy (119) teswirler (0)
Napolion+1
“Adamlaryň mertebesini beýgeldýän iki häsiýet bardyr: erkeklerde mertlik, aýallarda namysyny saklamak....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:42) okaldy (124) teswirler (0)
Monten+1
“Adamlar ekiniň başlaryna meňzeşdir, içleri boşka başlary dikdir, içleri dolup ugradygy, başlary egilmäge başlar”....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:41) okaldy (125) teswirler (0)
Hezreti aly (r.a)+1
“Iki zadyň gadyryny olary ýitirmezden bilmek kyndyr: saglygyň we ýaşlygyň”....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:41) okaldy (129) teswirler (0)
Aleksis Garrel+1
“Ýönekeý adamlar Allany Günüň ýylysyny duýuşlary, gülüň ysyny alyşlary ýaly tebigy ýagdaýda duýarlar”....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:40) okaldy (122) teswirler (0)
"(Şygyrdan)"+1
“Eý, naharyň duzy hökmünde bolan bir iliň alymlary,
Ähli zady bozman saklaýan duzuň özi bozulsa, ony näme bilen düzedip bolar?”....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:38) okaldy (130) teswirler (0)
Hatemül-Esam (r.a)+1
“O tarapda iň kän ökünjek adam, aýdýan zatlaryna başgasy gulak asyp gutulan, emma olary özi etmändigi üçin heläk bolan alymdyr”....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:37) okaldy (128) teswirler (0)
ERBET ALYMLAR+1
Beýik Alla Dawuda (a.s) şeýle wahyý iberdi:
– Ýa, Dawut, alymlar ýagşylyga çagyryp, ýamanlykdan alyp galmak işini terk eden pillesi, ähli abraýlary gaçar, pis hem myrtar adama öwrüler.
(Zeburdan)...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:37) okaldy (123) teswirler (0)
Dostluk+1
Synpyň gapysy çalaja kakyldy. Işikde Keremiň ejesi peýda boldy:
— Bagyşlañ mugallym, Keremi getiripdim, gijirägem galdyk.
Mugallymyň “Zyýany ýok, geliň” diýerine mähetdel, Kerem yzda duran geýim asgyja tarap dogumly ädimler bilen ýöredi. Onuň töwerek daşyna buýsançly garanjaklaýan göreçlerindäki şatlygy mugallymam, beýleki çagalaram duýdy.
Ejesi görgüli bolsa, entegem günäsini ýuwmaga çalyşýan ýaly aldygyna birzatlar d...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:36) okaldy (133) teswirler (0)
Hazyna+1
SOGANYŇ IÇ-Ä IÇ, DAŞAM DAŞ
Ine düňderilip barýan tereň nowhana*.
Agtyklaryny eýerdip, onuň gyrasyna gelen garry enäniň birden aýagy taýaýmazmy. Gör, ahyryn! Çasly suw görgüliniň enter-pelegini öwrüşine, asyl aňyny-maňynam berenok. Edil elesledip barýar. Elini näçe talawlatsa-da, köke-beýlekä ýapyşara pursat dagy beräýsin-dä. Eger-eger. Şol tomarlandyryp, elem-tas edip barşy.
Garrynyň gyzyndan bolan agtygy bu ahwalaty gö...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:34) okaldy (140) teswirler (0)
Tragediya+1
Gowy görýän adamlarymyň ýene birini jaýlap gaýtdyk.
Özüňe ýakyn hasaplaýan adamlaryň ýok bolman, olaryň diňe dünýesini çalyşandygyny bileniňde, muňa çyn ýürekden ynananyňda, bu ynanç-ygtykat düşünjesi seniň sönen çyra mysaly ruhuňy birdemde ýagtaldyp gidýär. Çyra ýanmak üçin bar edilipdir. Ruh çyrasynyň ýüzündäki ylahy tejellileriň ähmiýetidir mazmuny diňe ynanç nurunyň ony tutaşdyran mahaly ýüze çykýar. Ynsan özüniň ruh...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:32) okaldy (119) teswirler (0)
Dostoýewskiý+1
“Ýalan adamlaryň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, dilimizde “Dogrusyny aýtsam…” diýip başlaýan sözlem bar”....
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:28) okaldy (124) teswirler (0)
Durmuş hakykaty+1
“Adam bir zada ýetjek bolup jan eder. Oňa eýe bolandan soňam ony bir gyra oklap goýberer. Onuň hakyky gymmatyny bolsa, şol zat elinden gidenden soň bilip galar”.
Dostoýewskiý...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:28) okaldy (206) teswirler (0)
Hakykat+1
“Her bir adam her bir kişiniň öňünde her bir zatdan jogapkärdir”.
Dostoýewskiý...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:27) okaldy (125) teswirler (0)
Dürdäneler+1
“Adamyň akyly köpeldigisaýy iç gysmasy artar”.
Dostoýewskiý...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:26) okaldy (130) teswirler (0)
Zulum+3
Günlerden bir gün zalym häkim Hajjaj köşkünden daşaryny synlap otyrka, elleri pildir kerkili birgiden adamyň başagaý bolup ýer gazyp durandygyny görüpdir. Hajjaj geň galyp, olaryň ýanyna barypdyr-da:
– Siz bu ýerde näme edýäňiz? – diýip sorapdyr. Onsoň, ýer gazyp duranlaryň arasyndan ekabyrragy öňe çykyp:
– Hezreti Omaryň adalatyny gözleýäris – diýip jogap beripdir. Hajjaj muny eşidip, sesini çykarmandyr-da sen-men ýok...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:24) okaldy (132) teswirler (0)
HAMALA ÇAGALYK GEÇMEJEK+4
Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyn kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy mana,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.
Ol seýle kenardy, –
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Anyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.
Ol şeýle bir uzak,
şeýle çun eken,
Ol şeýle bir beýik,
şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.
Şo kenara gelip oý...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:23) okaldy (143) teswirler (1)
Göwnüm+1
GÖWNÜM
Göwnüm ömrüm sakasy sen
Hyŷalyň älemde şadyr.
Men garybyň ŷekesi sen,
Ŷekäniň ŷary Hudadyr.
Turgul daňdanyň agynda,
Erenleň ören çagynda,
Perhadyň gazan dagynda,
Aşyk-magşukdan jydadyr.
Pelegiň ŷokdur pişesi,
Kalbyňy gyrçar teşesi,
Basar ŷatar endişesi,
Seriňde ŷüz müň söwdadyr.
Karar tapmaz sen ornuňdan,
İkli gan getir burnuňdan,
Ganymyň döräp garnyndan,
Ah, ertir üstüňe şadyr.
Ŷagşy umyt ŷodalary...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:22) okaldy (120) teswirler (0)
Ýüregiňi bermek+3
Eflatuna:
— Sen hiç haçan gamgyn görneňok. Muny nädip başarýaň? – diýýärler. Ol:
— Men elimden giden wagty halym harap boljak zatlara ýüregimi beremok – diýip jogap berýär. Adamlar oňa:
— Bu sözüňi bize düşündir – diýenlerinde, akyldar olara şu wakany gürrüň berýär:
— Bir gün Rim hökümdaryna ýakutdan edilen jam getirdiler. Onuň bahasy tas bir hazyna barabardy. Hökümdar ýanyndaky akyldarlara ýüzlenip: «Siz, heý, şular...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:19) okaldy (140) teswirler (1)
Üç hakykat+1
Bir gün Hak dostlarynyň biri Şakyky-Balhy hezretleri Bagdadyň Dijle derýasynyň boýunda wagyz-nesihat mejlisini gurýar. Şol wagt haja barýan bir kerwen märekäniň deňinden geçip barýan eken. Kerwen bilen barýan bir ýaşuly düýesiniň tanapyny ýoldaşyna tabşyryp, wagyz diňlemek üçin bu ýerde galýar. Ol az salym diňläp oturandan soňra Şakyky-Balha ýüzlenip:
— Men düýe çopany, çöl-beýewanlarda gezýärin. Maňa pent-nesihat ber, ý...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:15) okaldy (135) teswirler (0)
Jemi: 2279
Soňky teswirler
Ýokaryk