“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Ilki günümizdäki ýaly bolaly. Ne sen meni tana. Ne-de men seni..#.fileo

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Umumy bölüm

Dagdan agajy
 Täzeje
 Arslan_Alayew [off]
 14.04.2024 / 18:49

Türkmen halky dagdan agajyny keramatly, gözden dilden goraýan mukaddes agaç hasaplanýar. Şol ynam ygtykat bilen dagdandan kiçijik üljäniň şänigi çemesi ululykda, iki başy ýaýbaňja, orta bili gyşbyja şekiljik ýasap, ýaş çagajyklaryň tahýasyna, kürtekçesine dakýarlar ýa-da alaja bag bilen boýnundan asýarlar. Ol şekiljige dagdabjyk diýýärler. Mundan başga-da çeper elli gelin-gyzlaryň aýratyn ussatlyk bilen nagyşlan kürte, çyrpy ýaly lybaslaryna hem gözden-dilden gorasyn diýip dagdanjyk çatýarlar. Halynyň bolsa esasy nagyşlarynyň başlanýan hem-de gutarýan ýerinde bir hatar dagdanjyk nagşyny çitýärler. Umuman, türkmençilikde haýsy zada göreniň mähri gidip, gözi deger öýdülse, şoňa dagdan agajyny gorag edýärler.

Türkmen hatda mal-garasynyň ýüpüne-de bir bölek dagdan agajyny berkidýär. Bu barada şeýle bir rowaýatam aýdýarlar. Öňden bir gözi degegen adam bar eken. Ol adam özüniň bu bolşundan müýnürgemän, gaýtam:

- Men gözimi diken zadymy, salymyny bermän tüwdüräýýändirin - diýip öwinýärmiş.

Bir gün şeý diýip öwünip otyrka, töweregindäkiler oňa:

- Beýle bolsa, hany, hol duran düýäni tüwdir, göreli! - diýipdirler.

Ol adam şol diýilýän düýä tarap gözini çarhlap, tiňkesini dikipdir weli, düýe duran ýerinde taýyp, bir entirekläpdir, ýöne ýykylmandyr.

Gözi degegen adam:

- Bu ýerde bir hikmet bardyr, ýogsa, düýe hökman ýykylardy. Hany, ýörüň göreliň! - diýipdirler.

Baryp görseler, düýäniň owsarynyň düýbinden iki barmak çemesi dagdan agajy bar eken. Muny gören adamalar:

-Be-e, dogurdanam dagdanly taýsa-da, gaýmajak eken! - diýişipdirler. Şu wakadan soň “Dagdanly taýmaz” diýen durnukly söz düzüminiň nakyla öwrülip, il içine ýaýrandygyny aýdýarlar.

Dagdan agajy biziň ýurdumyzda Uly Balkan, Kürendag, Günorta-Günbatar, Merkezi we Gündogar Kopetdag, Badhyz we Köýtendag sebitlerinde ýaýrandyr. Dag syýahatyny halaýanlar bu agaçlaryň dag çeşmeleriniň golaýynda ösüp, olary kölege bilen büreýändiklerini bilýärler. Dagdan esasan, dag jülgeleriniň, manzaralary, gaýalaryň çuňlyklaryndaky jaýryklarda, suw ýygnanýan künjeklerinde ösýär. Türkmen halk döredijiliginde we nusgawy edebiýatynda bu syrdam agaçlar dag gaýalarynyň syraty, kuwwaty we tebigy gözelligi bilen baglanşdyrylýar. “Dagdan” agajy “dagdan güýç alýar” diýip, il içinde aýdylýar.


46

12

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Turkmenskaia [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 14.04.2024 / 23:42

+0

onat

 Premium
 Dreamfull [off]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 15.04.2024 / 10:42

+0

Zyyarata gidilende sondan kan getiryaaler oza

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yalnyzlyk


Ile akyl berp oznde akyl galmannr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yalnyzlyk
Yekejelai (Şugün, 15:19)

Yekejelaai


Gelse bagyshlajakdal diyan yone adyny eshidende gozlerine yash gelyara dossum Gowy setirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yekejelaai
Guljagaz (Şugün, 15:17)

Betbagyt gyz 6


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 6
Yekejelai (Şugün, 15:17)

Gysgajyk goşgyjyk


Hmmmm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
Yekejelai (Şugün, 15:16)

Dostluk barada


Yaltanmanam goyya sxugiden zady ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dostluk barada
Yekejelai (Şugün, 15:14)

Aýralyk pursady...


Mnm yazpdm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýralyk pursady...
Yekejelai (Şugün, 15:12)

Diñe seniñ üçin!


Ммм Бах Йурегин 10-на уруды бу гошгылар!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Diñe seniñ üçin!
Мерет (Şugün, 14:31)

Gitdi.


Özüň düzdüňmi ?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
10asevdali (Şugün, 14:24)

Gitdi.


Gaty gowy gosxgy eken ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
Yekejelai (Şugün, 14:24)

Gitdi.


Gitdi - arzuwlarmy süpürip gitdi. Umydymyñ kökün goparyp gitdi. Ne-hä "Durma!" diýdim, ne-de "Dur!" diýdim, "Diñe ýeke zada jogap ber!" diýdim: "...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
10asevdali (Şugün, 14:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика