Üns beriñ: Saýtymyzyñ pul baýrakly aforizmli surat bäsleşigi.
Premium Belki [off] 14.05.2024 / 18:38 Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
Salam, gadyrdan ýürekdeşler!
Bilşiñiz ýaly, saýtda öñ bir-ä aforizm bäsleşigi gurnapdyk, birem fotosurat bäsleşigi. Ine, bu gün şol iki bäsleşigiñ mazmunyny bir ýere jemläp, aforizmli surat bäsleşigini yglan edýäris. Bäsleşigimiziñ şertleri:
1. Bir surat tapýarys. Bu surat internetden alynan bolup biler, emeli aña çekdirlen bolup biler, düşürilen fotosurat bolup biler, çekilen surat bolup biler, animasiýa bolup biler.
2. Suratyñ ýüzüne owadan görnüşde aforizm ýazýarys. Aforizm siziñ hut özüñize degişli (awtorski) bolmaly. Aforizme "#" belgisi bilen öz nikiñizi goýmagy-da ýatdan çykarmañ.
3. Aforizm bilen surat özara baglanyşykly bolmalydyr. Meselem: Çakylygy okap oturan gyzyñ suraty. Suratyñ ýüzünde aforizm ýazylgy: Maña ikimiziñ adymyz ýazylan kagyz bölejigi sowgat et. Iñ ýokarsynda "Toý çakylygy" diýip ýazylan bolsun!" #Belki.
Gadyrdanlar, her agza bäsleşigimize iñ köpünden 3 sany aforizmli surat hödürläp biler.
Suratlar şu mowzugyñ açylan wagtyndan başlap, 17.05.2024 senesine sagat 21:00-a çenli kabul ediljekdir.
Bäsleşige hödürlenen suratlara saýta agza bolmadyk üç sany emin agza baha berjekdir. Emin agzalarymyz baha beren wagtynda şulary göz öñünde tutjakdyr:
1. Suratyñ hili, göze gelüwliligi.
2. Aforizmiñ many-mazmuny, çeperçiligi.
3. Surat bilen aforizmiñ baglanyşygy.
Suratlar kabul edileninden köpünden 2 gün geçeninden soñ bäsleşigiñ jemleri yglan ediler.
Bäsleşikde
1-nji orna mynasyp bolana 40
2-nji orna mynasyp bolana 30
3-nji orna mynasyp bolana 20 manat pul baýragy telefon belgisine geçiriljekdir.
Bellik: Ýüzüne öñ aforizm ýazylan suratlary almazlyga üns beriñ. Suratlar siziñ öz gözlegiñiziñ netijesi bolmalydyr, mähribanlar.
Suratlary eger başarsañyz, şu mowzuga goýarsyñyz, başarmasañyz @Bayogul agzanyñ şahsyna ugradyp bilersiñiz.
Bäsleşigimize işjeñ gatnaşmagyñyza garaşýarys!
759
53
26
3
0
2
2
Mowzugy vip edenler:
zveezda - 3 sagat vip etdi! (16.05.2024 / 23:18)
Perhat_Sabirovv - 4 sagat vip etdi! (14.05.2024 / 19:52)
Teswirler:
Premium BAYOGUL [on] 15.05.2024 / 16:45
+0
2 jim
Premium Belki [off] Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň! 15.05.2024 / 17:52
+0
TM 99
3 surat
Bayogul 2 surat
Dreamfull 2 surat
Suratlaryñyz kabul edildi!
Premium Belki [off] Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň! 16.05.2024 / 06:00
+0
Admin şu mowzugy wiplap beray!
Täzeje Agzamen [off] 17.05.2024 / 21:28
+0
Ana bu taýdaky puldanam nesibesi galdyk
Premium Belki [off] Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň! 17.05.2024 / 23:36
+1
Adamlar, men bu gün jemlejek diýemog-a. Bu gün diñe hödürlenşik gutarýa diýdim. Jemleme uzak diýemde dynç gününde bolar. Mowzugy gowy okañ.
1.blmk
2.nâtanyş
3.pul
4.menä yza gaytmak islemeyadim sebäp biz gecmisde ýalňysyp we şo ýalňyşlyklardanam sapak alyars durmuşuň kanunu şeyle
5.ne...dowamy...