“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Belki : Bir gün sesiñi eşitmesem yza çekýän, hamala sensiz ýigrimi alty ýyl ýaşamadyk ýaly. #Belki

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Gosgujyk2+1
Söýmedik näbilsin söýeniň parhyn, Ýanmadyk päk ýüregme ýara salma ýar. Nowça bir bägül sen,kalbyma ylham, Gitmäýda ýüregme ýara salma ýar....dowamy...
Göwnüne degme+3
Başarsaň özüňe jemlegin tanyş, Uzasyn gatnaşyk uzakdanbaryş. Duşmanlyk döretjek dildir bir garyş, Başarsaň hiç kimiň göwnüne degme. Ýyl aýlanyp geçip dursa gün aýyň, Sanalgyň dolansoň ajalam taýyn. Dostdyr doganlaryň goý bolsun daýyň, Başarsaň hiç kimiň göwnüne degme. Diliň bilen ýoly baglaňda näme, Ötünç soramaklyk gyn zadam dälä. Ölensoň ölýänçäň aglaňda näme, Dirikäň hiç kimiň göwnüne degme....dowamy...
Gosgujyk+1
Töhmet ýaly günä ýokdur dünýäde, Ýalan gepi bir-birine seplemäň. Başarsaňyz ýüze gürläň gürlände, Çekinseňiz yzyndanam geplemäň....dowamy...
Aýyrma+1
Dilegim bardyr beýik Biribarym, Ojagymdan rysgalyňy aýyrma. Kabul eýle her okanja namazym, Kalbymdaky imanymdan aýyrma. Süýjije günler bersaglygy bilen, Berlen ömri ýaşamakdan doýurma. Şor bolmasyn iki barmak maňlaýym, Eý Ýaradan jan-saglykdan aýyrma. Bäbejikkäm ak süýdini emdiren, Özi iýmän maňa saýlap iýdiren. İl deňinde kemsindirmän geýdiren, Meni käbäm ejemjandan aýyrma....dowamy...
Goshgujyk+0
Çagalar ulalyp durmuş gurýarlar, Ene-ata garrasa artyk görýärler. Olara nany hem ölçäp berýänler, Öň minnetsiz iýen duzuny bilmez....dowamy...
Bagyşla Eje+0
Arassa geýdirip,saçymy darap, Ýola çyksam,galdyň yzymdan garap. Aladalam bilen seň halyň harap, Agaran saçlaryň sebäbi boldum. Näme iýjek diýip sözüme uýan, Özüniň paýyny tabagma guýan. Gaty nana bokurdagyny gyýan, Dökülen dişleriň sebäbi boldum. Ýüiksiz bolsun diýip balalaň egni, Öziň üçin ýaşamanyňa dogry. Aslynda men seniň ömrüňe ogry, Sowulan ýaşlygyň sebäbi boldum. Çagalary doýurmagyň alada, Çykarmagyň,öýermegiň a...dowamy...
Aýralyk+1
Haýyş edýän gitmesene söýgülim, Bu gün menden dönip barýarsyň nirä. Söz berdiňä baky bile bolarys diýip, İndi menden dönip barýarsyň nirä. Aldandyňmy aldawçylaň alyna, Baglandyňmy nadanlaryň ýoluna. Aýt neneň dözýärsiň meniň halyma, Aýdaý menden dönip barýarsyň nirä. Bagt dälmi söýlüp,söýüp ýaşamak, Şol ýaryň söýgüsin duýup ýaşamak. Seret maňa gözlrmdäki ýaşa bak, Meni ýalňyz goýup barýarsyň nirä. Ýa ýalanmy hemme aýda...dowamy...
Bellidal+1
Dostum diýip arkaýynam bolmagyn, Bellidäl içinde näme bardygy. Her tanşyňy işigiňden salmagyn, Bellidäl içinde näme bardygy. Duşmany köp bolýar saýlanýanlaryň, Bahyla öwrülýär eý görýänleriň. "Jan"diýip daşyňdan aýlanýanlaryň, Bellidäl içinde näme bardygy. Baglaň güli göriner,görünmez kökler, Ýüze däl arkadan ediler gepler. Gowy görünsede daşyndan köpler, Bellidäl içinde näme bardygy....dowamy...
Söýenleriň kagyz pula tapylmaz+2
Çaga bolup dünýä inen mahalyň, Dakylan at ýöne ýere dakylmaz. Dünýede her zadyň sebäbi bardyr, Wezipäň bolmasa gapyň kakylmaz. Hökümdar bolsa-da beýikler,begler, Ölümiň öňünde boýny egiler. Duşman ýoluň ýapjak bolsa-da näler, Allaň saňa açan ýoly ýapylmaz. Kösenen ýeriňde doganyň gelse, Dost diýen ynsanyň dogan dek bilse. Maşgalaň arkaňda dik duran bolsa, Kynçylykdan arkaň ýere ýykylmaz. Agzy birdir duşmanlary ýykanlaň...dowamy...
Eje bilen Ayalyñ tapawudy+6
Biri sen çagany dünÿä getiren, Biri señ çagañy dünÿä getiren. Aÿal iliñkiden kem tutmaz törüñ, Eje şol törüñe mährin ÿetirer. Gyşyñ sowuklygy gelse,aÿalyñ, "Bir zat edäÿ,doñup dura öÿ"diÿer. Ejeñ sowap duran eliñden tutup, "Ÿaramarsyñ,galyñ bir zat geÿ"diÿer. Aÿalyñ gözünde garrasañda sen, Ejäniñ gözünde çagasyñ çaga, Dutaryñ tarydyr olaryñ hersi, Höwes gerek ony söÿüp çalmaga. Ÿarym asyr ejeñ tutar çemçäñi, Ÿarym asyr...dowamy...
Sizden hayyst hic wagt "Soyga dine eje mynasyp( lyubwi dostoyna tolka mama)"diyip yazman!!+5
KAKA. Cagasyna adim atlap owretdi, Ogly yykylanda ata soyendi. Emma name ucindir ,ol garry ata, Ogluna soyenman ,hasa soyendi.......... Eje hakda kan yazyldy gosgular Yazylyp yor, yene-de kan yazylar, Yone kaka hakda yazylanok kan. Nadip beyle pese gacdy kakalar? Yok diyjekdal, hawa ene mukaddes, Sylamaly ejeleri soymeli . Yone dine ejeleri dal, Eysem, kakalarymyzda sagbol diymeli. Eje ak suyt berdi hem mahir...dowamy...
Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat+1
Salam kaka!Söýgüli ýazyjym Kerim Aş-Şaziliniñ aýdyşy ýaly "Başlamak hemişe kyn".Ejeme sensiz durmuşa başlamagyñ kyn düşüşi ýaly maña-da saña hiç haçan ugratmajak hatyma başlamak kyn düşýär. Dogrusy,sensiz geçen ýigrimi dört ýylyñ içinde jemlenen oñat we ýaramaz duýgularymyñ,başdan geçirmelerimiñ haýsysyndan başlajagymam bilemok. Şu ýigrimi dört ýylyñ içinde ýüregimde bir-ä çukur döredi,birem dag.Çukur - seniñ ýoklugyñ dö...dowamy...
Ýaşmak+0
Aňam etmändirin soňky döwürde, Gelinler ýaşmagna ýetirse elin. Şu gün irden gabat gelip köçede, Uz ýaşynyp, geçip gitdi bir gelin. Kişi maşgalasy... Sözüm ýer almaz, Ýaşynsa ýaşynsyn, gülmese bolar. Ýetişen bolsalar gelin bolmaga Etjek işlerinem bilýändir olar. Çekinendir, belki, meni ýat görüp, Ahmal, meni garry adam saýmagam. Hormata, söýgä-de imrinemok kän, Onsuzam durmuşdan ýetdi paý maňa. Dogrusy, süňňü...dowamy...
"Maksat"- Aşyrmät GARLYÝEW+2
Bir alada ýapyşyp dur bagryma, Adamlara kömek edesim gelýär. Arzuw-isleg sygarly däl şygryma, Adamlara kömek edesim gelýär. Haýsy waka alyp gitdi şatlygmy, Hemmeler geň görýär – tukatlygymy. Subut etmek üçin adamzatdygmy Adamlara kömek edesim gelýär. Asmanyň dagynyk buludy ýaly, Dagynyk käsiniň pikir-hyýaly, Birine dert bolýar biriniň aly Adamlara kömek edesim gelýär. Bagtly, bagtsyz bolup dogmandyr her kim, Soň döre...dowamy...
"Gapma-garşylyk" Erazm Rotterdamskä öýkünme- Aşyrmät GARLYÝEW+1
Howaýylyk däl bi, seljerip sözüm, Dünýäň her zadynyň tap iki ýüzün. Samsyklyk gizlenýär astynda görküň, Tagaşyksyzlykdan däl, suluwdan gorkuň. Düşünmek kynam däl, bilseň saýgaryp, Baý, garyp däl, baý-garyp däl, baý – garyp. Masgara bolmakdan çekinmeýänler, Soň geliň, şöhratym çekiň diýýärler. Alymlygyň gujagynda akmaklyk, Güýçlülige mahsus maýyp çykmaklyk. Ynsaplylyk garyplygy gyssaýar, Şady-horramlyk bar,...dowamy...
"SÖÝGI"+4
Sen " Söýgi " diýilse, nämä düşünýäň?! Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi. Men üçin-ä söýgi--seniň gözleriň, Söýgi--seniň şol gözleriň kirpigi. Söýgi--seniň aýaklaryň ädimi. Söýgi--seniň gol uzadyp durmagyň. Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm, Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň. Söýgi--seniň oýa batyp oturşyň. Söýgi--seniň aýdýan, aýtjak sözleňem. Men "söýgi" diýdim-de saňa düşündim, Mümkin muny geň görýändir özgeler....dowamy...
Seni soydum+2
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim. Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm. Öz ýeňles gylygma gazaply boldum. Öz durmuş ornuma indi düşünýän. Adamlara has ynamly garadym Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim. Kyn pursatym medet berdi kalbyma, Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň, «Kim men?» Jogap tapman şu günlere çen, Seni söýüp, kimdigimi bildim men, Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek, Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedi...dowamy...
B.Hudaynazarow+1
Mahmal sähram sen bolup, Bahar maňa bakanda, Howlukmadym hiç zada, Sen bar diýip jahanda. Yrsaradym, näz etdim, Betdim, Nähili betdim! Hernä kejiňe gitdim, Sen bar diýip jahanda. Näme diýseň tapylýar, Näme etsem hakym bar. Boldum saňa hökümdar, Sen bar diýip jahanda. Ona ýetsemem çaga, Ondan ötsemem çaga. Wagtym ýok ulalmaga, Sen bir diýip jahanda. Ellä ýetmän eje jan, Gözüň ýumlan mahalda, Özüm...dowamy...
Diňle, Käbäm, Sen hem diňle, Pederim!+7
Diñlesin ýalançy, köñil namaly, Diñle Käbäm. Sen hem diñle, Pederim!.. Tukatlykda ýanyp, bir demde sönen, Umytsyz ýaşaýan balañ hederin..... Kän sägindim, kän darykdym özim-de Üzniksiz sovallar gurşanda huşum. Janymy sarsdyryp gelen dertlere, Berdaşyn tapanok birahat ruhum... Täleýimiñ tümligine garyşyp, Sabr boldy, ýaşamaga merdemim!. Misli vagt, sanaýandeý çaltlaşyp, her demim.... Arzuvymda bagt a:tly köşgimi, Bir gara...dowamy...
Söýmejegim.+7
Degsem, eräp gitjek ýalak, Ynjytmaga dözmejegim. Ýa meni gönendir, ýa ýak, Ýok başga meň gözlejegim. Huşum indi düýşüm ýaly, Düýşüm weli huşum ýaly, Güýç ýok seni duýşum ýaly, Umydymy üzmejegim. Ýa-da saňa geňmi bu jar? Etdiň meni bulam-bujar, Wah, goýmadyň gaýrat-gujur, Meselämi çözmejegim. Ýaşap ýörsek, gün kän entäk, Görküň görsem, gidýän entäp, Senden başga aýal-ebtat Söýmejegim, söýmejegim. Ýazmyrat Çörli...dowamy...
Jemi: 485
<< 1 ... 14 15 16 17 18 ... 25 >>

Soňky teswirler

Saýtyňyzy satyn alaýyn


Sayt satyn almak seyle ansatmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýtyňyzy satyn alaýyn
Minigim (Şugün, 14:09)

Saýtyňyzy satyn alaýyn


Tölegi nämeden...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Meni tanayan barmy? Meselem 2019dan 2023e çenli saýtlara girýädim. Indi meni hiçkim tanamaýar...dowamy...

Saýtyňyzy satyn alaýyn


Propiskada adam köp,notariusdan geçmezmikä diýýän))...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


sen kimay meni yatlanoklar seli...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Meni kim yatlarka...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


yuhhyjy...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Oldlar barmy bärde Perman, Wonderfu, Pälwan pro, We pro, Nowça haýsylarny tanaýaňyz?...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Men gitsem ýatlajak köfdir. 5ýyl geçsede adymy unutmoýanla bargy...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar... Hiç kim!...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->