Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Çakalların özgürlüğü Aslan yerden kalkana kadardır.
Şygyryýet dünýäsi
Bellidal+1
Dostum diýip arkaýynam bolmagyn,
Bellidäl içinde näme bardygy.
Her tanşyňy işigiňden salmagyn,
Bellidäl içinde näme bardygy.
Duşmany köp bolýar saýlanýanlaryň,
Bahyla öwrülýär eý görýänleriň.
"Jan"diýip daşyňdan aýlanýanlaryň,
Bellidäl içinde näme bardygy.
Baglaň güli göriner,görünmez kökler,
Ýüze däl arkadan ediler gepler.
Gowy görünsede daşyndan köpler,
Bellidäl içinde näme bardygy....
dowamy...Admin (24.01.2024 / 10:24) okaldy (117) teswirler (1)
Söýenleriň kagyz pula tapylmaz+2
Çaga bolup dünýä inen mahalyň,
Dakylan at ýöne ýere dakylmaz.
Dünýede her zadyň sebäbi bardyr,
Wezipäň bolmasa gapyň kakylmaz.
Hökümdar bolsa-da beýikler,begler,
Ölümiň öňünde boýny egiler.
Duşman ýoluň ýapjak bolsa-da näler,
Allaň saňa açan ýoly ýapylmaz.
Kösenen ýeriňde doganyň gelse,
Dost diýen ynsanyň dogan dek bilse.
Maşgalaň arkaňda dik duran bolsa,
Kynçylykdan arkaň ýere ýykylmaz.
Agzy birdir duşmanlary ýykanlaň...
dowamy...Admin (24.01.2024 / 10:22) okaldy (136) teswirler (1)
Eje bilen Ayalyñ tapawudy+6
Biri sen çagany dünÿä getiren,
Biri señ çagañy dünÿä getiren.
Aÿal iliñkiden kem tutmaz törüñ,
Eje şol törüñe mährin ÿetirer.
Gyşyñ sowuklygy gelse,aÿalyñ,
"Bir zat edäÿ,doñup dura öÿ"diÿer.
Ejeñ sowap duran eliñden tutup,
"Ÿaramarsyñ,galyñ bir zat geÿ"diÿer.
Aÿalyñ gözünde garrasañda sen,
Ejäniñ gözünde çagasyñ çaga,
Dutaryñ tarydyr olaryñ hersi,
Höwes gerek ony söÿüp çalmaga.
Ÿarym asyr ejeñ tutar çemçäñi,
Ÿarym asyr...
dowamy...Admin (24.01.2024 / 10:17) okaldy (126) teswirler (4)
Sizden hayyst hic wagt "Soyga dine eje mynasyp( lyubwi dostoyna tolka mama)"diyip yazman!!+8
KAKA.
Cagasyna adim atlap owretdi,
Ogly yykylanda ata soyendi.
Emma name ucindir ,ol garry ata,
Ogluna soyenman ,hasa soyendi..........
Eje hakda kan yazyldy gosgular
Yazylyp yor, yene-de kan yazylar,
Yone kaka hakda yazylanok kan.
Nadip beyle pese gacdy kakalar?
Yok diyjekdal, hawa ene mukaddes,
Sylamaly ejeleri soymeli .
Yone dine ejeleri dal,
Eysem, kakalarymyzda sagbol diymeli.
Eje ak suyt berdi hem mahir...
dowamy...xuliganka (24.01.2024 / 08:01) okaldy (274) teswirler (8)
Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat+1
Salam kaka!Söýgüli ýazyjym Kerim Aş-Şaziliniñ aýdyşy ýaly "Başlamak hemişe kyn".Ejeme sensiz durmuşa başlamagyñ kyn düşüşi ýaly maña-da saña hiç haçan ugratmajak hatyma başlamak kyn düşýär.
Dogrusy,sensiz geçen ýigrimi dört ýylyñ içinde jemlenen oñat we ýaramaz duýgularymyñ,başdan geçirmelerimiñ haýsysyndan başlajagymam bilemok.
Şu ýigrimi dört ýylyñ içinde ýüregimde bir-ä çukur döredi,birem dag.Çukur - seniñ ýoklugyñ dö...
dowamy...Belki (24.01.2024 / 07:16) okaldy (164) teswirler (1)
Ýaşmak+0
Aňam etmändirin soňky döwürde,
Gelinler ýaşmagna ýetirse elin.
Şu gün irden gabat gelip köçede,
Uz ýaşynyp, geçip gitdi bir gelin.
Kişi maşgalasy...
Sözüm ýer almaz,
Ýaşynsa ýaşynsyn, gülmese bolar.
Ýetişen bolsalar gelin bolmaga
Etjek işlerinem bilýändir olar.
Çekinendir, belki, meni ýat görüp,
Ahmal, meni garry adam saýmagam.
Hormata, söýgä-de imrinemok kän,
Onsuzam durmuşdan ýetdi paý maňa.
Dogrusy, süňňü...
dowamy...Nown (24.01.2024 / 06:55) okaldy (132) teswirler (3)
"Maksat"- Aşyrmät GARLYÝEW+3
Bir alada ýapyşyp dur bagryma,
Adamlara kömek edesim gelýär.
Arzuw-isleg sygarly däl şygryma,
Adamlara kömek edesim gelýär.
Haýsy waka alyp gitdi şatlygmy,
Hemmeler geň görýär – tukatlygymy.
Subut etmek üçin adamzatdygmy
Adamlara kömek edesim gelýär.
Asmanyň dagynyk buludy ýaly,
Dagynyk käsiniň pikir-hyýaly,
Birine dert bolýar biriniň aly
Adamlara kömek edesim gelýär.
Bagtly, bagtsyz bolup dogmandyr her kim,
Soň döre...
dowamy...xuliganka (23.01.2024 / 07:26) okaldy (163) teswirler (0)
"Gapma-garşylyk" Erazm Rotterdamskä öýkünme- Aşyrmät GARLYÝEW+2
Howaýylyk däl bi, seljerip sözüm,
Dünýäň her zadynyň tap iki ýüzün.
Samsyklyk gizlenýär astynda görküň,
Tagaşyksyzlykdan däl, suluwdan gorkuň.
Düşünmek kynam däl, bilseň saýgaryp,
Baý, garyp däl, baý-garyp däl, baý – garyp.
Masgara bolmakdan çekinmeýänler,
Soň geliň, şöhratym çekiň diýýärler.
Alymlygyň gujagynda akmaklyk,
Güýçlülige mahsus maýyp çykmaklyk.
Ynsaplylyk garyplygy gyssaýar,
Şady-horramlyk bar,...
dowamy...xuliganka (23.01.2024 / 07:22) okaldy (155) teswirler (0)
"SÖÝGI"+4
Sen " Söýgi " diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi--seniň gözleriň,
Söýgi--seniň şol gözleriň kirpigi.
Söýgi--seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi--seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.
Söýgi--seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi--seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men "söýgi" diýdim-de saňa düşündim,
Mümkin muny geň görýändir özgeler....
dowamy...zveezda (23.01.2024 / 00:27) okaldy (144) teswirler (3)
Seni soydum+2
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursatym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň,
«Kim men?» Jogap tapman
şu günlere çen,
Seni söýüp, kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedi...
dowamy...Seyidovfilm (21.01.2024 / 23:18) okaldy (190) teswirler (3)
B.Hudaynazarow+1
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.
Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.
Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.
Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.
Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm...
dowamy...Seyidovfilm (21.01.2024 / 23:13) okaldy (123) teswirler (1)
Diňle, Käbäm, Sen hem diňle, Pederim!+8
Diñlesin ýalançy, köñil namaly,
Diñle Käbäm.
Sen hem diñle, Pederim!..
Tukatlykda ýanyp, bir demde sönen,
Umytsyz ýaşaýan balañ hederin.....
Kän sägindim,
kän darykdym özim-de
Üzniksiz sovallar gurşanda huşum.
Janymy sarsdyryp gelen dertlere,
Berdaşyn tapanok birahat ruhum...
Täleýimiñ tümligine garyşyp,
Sabr boldy, ýaşamaga merdemim!.
Misli vagt, sanaýandeý çaltlaşyp,
her demim....
Arzuvymda bagt a:tly köşgimi,
Bir gara...
dowamy...Arzuw (21.01.2024 / 13:27) okaldy (165) teswirler (4)
Söýmejegim.+6
Degsem, eräp gitjek ýalak,
Ynjytmaga dözmejegim.
Ýa meni gönendir, ýa ýak,
Ýok başga meň gözlejegim.
Huşum indi düýşüm ýaly,
Düýşüm weli huşum ýaly,
Güýç ýok seni duýşum ýaly,
Umydymy üzmejegim.
Ýa-da saňa geňmi bu jar?
Etdiň meni bulam-bujar,
Wah, goýmadyň gaýrat-gujur,
Meselämi çözmejegim.
Ýaşap ýörsek, gün kän entäk,
Görküň görsem, gidýän entäp,
Senden başga aýal-ebtat
Söýmejegim, söýmejegim.
Ýazmyrat Çörli...
dowamy...Gost (21.01.2024 / 12:19) okaldy (159) teswirler (3)
Bu nã bolush?!+3Pikirlerin ummanynda gulachlap, Kate-kate agyr oya baytylyar Bize ak suyt beren ejelen ady, Name uchindir sogunchlerde tutulyar... Sonky dowur hut yashlaryn ichinde ,Ejanin gadryny bilen bolmady ,"Eje" diysem, goya soyuljek yaly, Gaytam sowunchlerde ykjam ornady... Iki sany yigit gelyar kocheden, Syratly gork-gormegini gujenlap, Biri-birine yuzlenishini dinledim, Iki sozunin biri "ejen-ejenlap"... "E...
dowamy...Dreamfull (21.01.2024 / 06:12) okaldy (158) teswirler (1)
Barsam, görsem, salam bersem ýylgyryp...+2
Barsam, görsem, salam bersem ýylgyryp,
Senem şonda salam alsañ, melegim!
Diýseñ: ''Näme ýiten bolýañ, aý oglan?''
Diýsem: ''Hany, ilki gül-ä, gülegim?!''
Gülseñ, menem gülüşiñe guwansam,
Gözleriñe baksam isläp sözläniñ.
Senem dymsañ, sözlemäge utansañ,
Menem maña ogryn-ogryn gözläniñ
duýmadykdan bolup, alçaksyrasam,
Soñam sözlem dynyp, tutulsa dilim.
Geplemämi goýup, emaý bilenje,
Alsam ele akja pamyk deý eliñ....
dowamy...Perman (21.01.2024 / 05:20) okaldy (136) teswirler (0)
Men dal yowuz soygin perdesin syran...+3
Men dal yowuz soygin perdesin syran.
Ony ak baharyn yag$y sypyrdy.
Tamiz söygümiziñ bu$lukçysy dey,
Yagy$ begenjinden edýar $apyrdy.
Ak yagy$ söyenja gara$yan yaly,
bat bilen gelýarde ayna urulyar.
Bu yag$yn her damjasynda lowurdap.
Söygüniñ ajayyp ke$bi görünýär.
Men dal yyldyzlary wada berenem.
Olan özi saña $eyle howlukyar.
Asmanam owadan nusgasyn gizlap.
Ýyldyzyn gabanyp gündizne bukyar.
Men dal gin sahrany...
dowamy...Perman (21.01.2024 / 04:40) okaldy (146) teswirler (0)
Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn...+4
Sülük barmaklaryň bilen sypalap,
Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn.
Aýna bakyp, owadanlap-apalap,
Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn.
Kyn bolsa, bir gezek iş düşse başa,
Kuwwat bersin durmuşyňa, ýoluňa.
Ýadygärlik beren ýaglygym guşa,
Meni Mejnun eden inçe biliňe.
Syn et, mähir bilen bakyşyn Aýyň,
Hem gaty päkize atyşyn daňyň,
Uzakda görünseň tanap galaýyn,
Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn.
Şol çynarlar deýin dik...
dowamy...Perman (21.01.2024 / 03:32) okaldy (150) teswirler (2)
Sen hakda gysgajyk setirler.+2
Indi durmuş ýylgyryp dur ýüzüme,
Bilmän galdym bagtly güne ýetenim,
Bir eýesiz, asman ýaly söýgümi,
Gör señ üçin aýap ýören ekenim!.
Gussalaram ykbalymdan el üzdi,
Ýanwaryñ sowugy üşdenok tenim,
Seniñ elmydama ýanymdalygyñ,
Häzire çen bilmän ýören ekenim.
Gör señ üçin aýap ýören ekenim!.
......
dowamy...Pikirchi (21.01.2024 / 00:06) okaldy (142) teswirler (3)
Duýman galdym.+3
Özümde saklajak bolup,
Gidirenim duýman galdym,
Päk bagtymy tapjak bolup,
Ýitirenim duýman galdym.
Sygdym göwnümiñ göwrümne,
Dymdym, kine kän göwnümde,
Täleýim ýollañ öwrümne,
Getirenin duýman galdym.
Em añtaryp ýaralara,
Nep tapmadym ýaranara,
,,Ak" diýenlem garalyga,
Iterenin duýman galdym.
Eýeläp yşgymyñ tagtyn,
Diñe ,,sen" diýerdim bagtym,
Söýgümize berlen wagtyñ,
Gutaranyn duýman galdym.
Utulanym duýman galdym......
dowamy...Pikirchi (20.01.2024 / 00:06) okaldy (168) teswirler (3)
Dušmanyň güldigi,syryň bildigi+2
Dušmanyň güldigi,syryň bildigi,
bašarsaňyz syryňyzy bildirmáň.
aýandyrla , ýašlygyňam ýeldigi,
ýelem bolsa,ýelligine galdyrmaň.
Ýoly ýörán ýeňer,berginám beren,
Unutma dost dáldir,her gujak geren,
bir ýerden alynýar,kömürem,dürem,
gara "gara",aga "ak" diý čalšyrman.
Diýýárler,gep gürrüň,süýjile-süýji,
Süýjem bolsa,samanča ýok oň gůýji,
Galbir alyp ýele,sowursam čáji,
dáne boluň,saman ýaly ýeldirmáň.
Ýylandan ýy...
dowamy...Perman (19.01.2024 / 12:34) okaldy (182) teswirler (4)
Jemi: 1338
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk