Ýürekdeş sözler!
Söýenleriň kagyz pula tapylmaz
Admin [off]24.01.2024 / 10:22
Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!
Çaga bolup dünýä inen mahalyň,
Dakylan at ýöne ýere dakylmaz.
Dünýede her zadyň sebäbi bardyr,
Wezipäň bolmasa gapyň kakylmaz.
Hökümdar bolsa-da beýikler,begler,
Ölümiň öňünde boýny egiler.
Duşman ýoluň ýapjak bolsa-da näler,
Allaň saňa açan ýoly ýapylmaz.
Kösenen ýeriňde doganyň gelse,
Dost diýen ynsanyň dogan dek bilse.
Maşgalaň arkaňda dik duran bolsa,
Kynçylykdan arkaň ýere ýykylmaz.
Agzy birdir duşmanlary ýykanlaň,
Az däl aýralykdan ömrün ýakanlar.
Wagt barka gadryn bil ýakynlaň,
Soň söýenleň kagyz pula tapylmaz.
112 |
5 |
1 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
xuliganka [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
24.01.2024 / 10:28
+0
Wagt barka gadryn bil ýakynlaň,
Soň söýenleň kagyz pula tapylmaz.
:( hakyky
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...