Ýürekdeş sözler!
"SÖÝGI"
zveezda [off]
23.01.2024 / 00:27
Adamly günlerden aramy açdym, adaty günleriň gyzygy gaçdy
Sen " Söýgi " diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi--seniň gözleriň,
Söýgi--seniň şol gözleriň kirpigi.
Söýgi--seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi--seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.
Söýgi--seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi--seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men "söýgi" diýdim-de saňa düşündim,
Mümkin muny geň görýändir özgeler.
Mümkin, olar öz ýanyndan "Söýgi has
beýik ahyr!" diýýändirler, ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýige galdyň, Mähriban!
Aýgül Garaýewa
116 |
12 |
3 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeComedy [off]
23.01.2024 / 00:49
+1
Söýgi aýdylmaýa,duýulýa:thumbsup:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...