Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | SAÝT BARADA | Saýt täzelikleri

Birnäçe profilden gelmek
Premium
 Admin [on]
 27.08.2024 / 10:39
 Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!

Salam hormatly agzalar. Biz öz toparymyz bilen maslahatlaşyp bir netijä geldik. Indi şu günden başlap her bir agza birnäçe niklerden girmäge hukugy bar. Teklipleriňizi pikirlerde galdyryp bilersiňiz.

360

53

30

4

0

1

3
Mowzugy vip edenler:
Admin - 50 sagat vip etdi!
(27.08.2024 / 10:39)
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 27.08.2024 / 18:24

+0

Üstinlik näme etseňizem !

 Gerekli
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 27.08.2024 / 18:26

+2

Näme üçin mowzuk açmaga limit goýuldyka agzalara (täzeje agzalara) hany hooo başa gaýdalyň oýlanşalyň..?!

Tapdyňyz dälmi?! Howwa, şol, ball üçin dereje üçin biderekden-biderek, ýarym türkçe ýarym türkmençe... okaňda peýda bermäni nerwiňi işini görýän mowzuklar, kopy passsyrlar sebäpli şol limit goýulmadymy näme?!

Bolýala, onda-da saýta diňe men giremok... kän-ä ýaşajyklar...

 Premium
 Belki [off]
  Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
 27.08.2024 / 19:48

+1

Perman, köp niklilikden maksat mowzuk limidinden artyk açmak bolsa, baṣda näme üçin goýduk mowzuk limidini?
Bu teklibi berenem mendim ýadyñda bolsa. Käbir agzalar baş sahypany mowzukdan dolduryp çykýardylar, manyly mowzuklar ikinji sahypa düṣýädi.
Onsoñam, mowzuk limidi dolanyñ ertire garaşmagynda nähili negatiwlik bar? Gaýta, limit bolany üçin açan mowzugyña-da ünsli çemeleşilýär hemem garaṣylyp ýetilen zat süýji bolýar.
Bally meselede-de şeýle. Birnäçe nikden girip taýýar aşyñ eýesi boljak bolman goý azap etsinler, garaşsynlar.

 Täzeje
 Bulvar [off]
  Işiñz bolmasn
 27.08.2024 / 20:31

+0

Açaçanlyk etseň gowy bolar şuwagt ýapyk welin byrbylaşyk bolar diýip pikir edilýä galany herkimiň özine bagly. Bizä 1nike elimiz degenok 5niki nädip ýöretsekkäk


Gerekli
Agzamen  (27.08.2024 / 20:34) 

Bulvar, her kim sen ýaly işli bolsa ne ýagşy. Men ýaly kanikulda porsap ýatyp saýta girýän tupoý çagalar känä. Soň şol men ýaly işsizler zaýalaýa saýty. Rugsat berilse

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 27.08.2024 / 20:57

+0

onaka bolsa men günde bir nik bilen giriberjek agabro saýta
,,plan-pismidän.." diýmeýän, rugsat berildi we indi galany öziňe bagly inim.

Ýöne gara niýetine ulanjaklar kän bolar.
Hany pikirlenip göreli, adminimiziň kellesine şeýle boljagy belli dälmikä?
Adminimiz, beýle etmegi bilen kimiň peýdasyny gözledikä ?

Bu diýenleriňi okasam öňünden pal atyşyňa gawatlap, Wanganyň diýip geçen zatlary gözegime gelip başlady toba😃)

Ine, men, internetden bir gowja eseri gözläp tapdym, okadym. Soňam pikirlendim. "Bä-ä, gowja ekenäýt, gel...
"Ball-yň gurbany bolup, köp nikçiligiň "agzyny ýapyp, kekirdegini gysmagy netijesinde" "ölip gitdi" ne gözel mowzugym...

Ine, şoň üçin "ýaşasynmy köp nikçilik?"


Mowzugyň aşakda galmazlygy üçin mowzygy VIP ediji modulymyz işläp durandyr inim. VIP et, pikirlerde paýlaş...başga bir agza şo mowzugyňa pikir ýazsa-da, baş sahypanyň, mowzuklarynyň birinjysy bolup durýar. Bu kyýnçylygyňada (ýa-da meseläň) çykalgasy (jogaby) bardyr. Onsaň hem bu saýtda seniň mowzuklaryňy men halaýan bolsam, sahypaňa girip ,,YZARLAMAK"-y basyp yzarlap hem okaryn, mundan beter okamajagy zorlap okadyp bolmaz ahyry ?!

Bize ball gerekmi, bezeg gerekmi, bazaryň ala-gohy ýaly her bir agyzly kelläň düşnüksiz çykarýan sesi gerekmi...

Ball-hem gerek, Bezeg hem gerek. Meniň ,,dür" seçenim bilen nikime ball ýa-da manat berilmese, beýlä peýda gelmese, okalmana öwrenilmäne mowzuk açylmasa, biz agzalaryň näme sebäpli geldigimiz bolýany belli zat.

...sowatsyz çagajyklaryň has beter sowatsyzlanyp gitmegi gerekmi şu saýta gelip?

Sowat almaklygy (bilmekleri) üçin ýazan mowzuklarynda bellikler edilýär.
Bellik edilenindede belliklerini düzetmeýän agzalara, zorluk ýokdyr. Gerek bolsa alsyn. Emma hemme agzany bir aýakdan tutyp ,,çaga" diýilip atlandyrmagyňa bolsa garşy. Çünki, ýaşy ulylaryň hormatyna, teswiriňdäki göz öňünde tutan agzaň ýaşy kiçi bolsada ,,çaga.." atlandyrşyňy düzedeweri inim. Çünki, saňa ulylaryň şeýle diýip ýüzlenmegini islemeýşim dek olarada beýle atlandyrmagyňy islemeýän!


Şundan haýyr taparsyňyzmy?

Adminimiz, şu zatlary öz bähbidi üçin etmeýänine aklyň ýetýändirlaý inim?!

Hiç hili erbet duýga ýan bermäňde özüňizem bir oýlanyp-ölçerip görüň gadyrdan administrassiýa!

Pikirlenilip çykarlan netijedigi, gowyja pikirlensek bilip bolýa.
Sebäbi, adminimiziň bu internetdäki tejiribesi, hatda meniň tejiribelerimden hem köp...)

Eger köp nikçilige rugsat berilse akylly başly, ýaşy uly, saýta peýda getirip biläýjek agzalaryň, (siziň diliňizde bu jelegaýlara belet "köne möjekleriň" )saýtdan "gümüne gitsin saýty..." diýip çykyp gitjeklerine kepil geçip bilýärin men!

Talyplar ertir soyguli... saýtlaryndaky limitsiz mowzuk açylmalaryna çydan, deňdeş we menden uly (we kiçi) agzalar, biziň saýdymyzdaky mowzuk açylmalaryna çydaman gitjek köneje agza hemde täzejeler barada alada etýäňmi ?
Niýetinde ,,saýtdan gitmeklik" dikiri bar agzany näme etsegem saklap bilmeris we mundan öňki agzalary hem saklap bilmändik.
Emma seniň bilişiň dek menem tanaýamykam diýýän köneleri, olar kelläňe gelişi dek ejiz däldirler. Seniň ýokarda agzap geçen kynçylyklaryň, koneleriň halaýan söýgüli pişesi. Ýagny, bilmeýäne öwretmek, öwrenenlere bildirmek, düşünmediklere düşündirmek, düşünipde etmäne tejiribesi pes bolanlara şol barada pikir bermek...
Seniň diýýän we agzap geçen bellikleriň çykalgasyny ýokarda ýazdym, şeýleje ýeňil çäresi bolanyny bilip-de gitmekligi ýüregine düwen agzalara, ak ýol dileýän !


Agzamen !

niýetim wara herbir söziňe, sözme-söz jogap ýazmakdy. Emma işlerim çykanlygy üçin belli-bir ýerinde togtatmaly boldym. (Izvni)

Ýöne, ähli kyýnçylygyň çykalgasy bardyr bilseň we adminmiziň çykaran, dûzgûndir kadalary, dürli taraplarynada seredip bilmän netije çykarýan admin bolanynda, biziň niklermizdäki syrjagaşlardan, ähli agzanyň hawary bolardy (hemme kişi halan nikine girip bilerdi ) gerek?

Göwün (ýa-da tarap) görip aýtmadym, şu çykaran netijelligi bilen menä ylalaşýan.
Bu boluşlyk we bu ideia, başga ýerde ýok bolsa gerek?!
Bilseň bir niklilik tertibi ähli ýerde emma...
Birine meňzemezlik gylygy bilen öňe saýlanmaklygyň dogrylygyny häzir däl, wagt görkezer #Pikirim.

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 27.08.2024 / 21:08

+1

Gaýta administrasiýa köp niklileri banlamaly welin, bärde düzgün-kada tersine hereket edýär)

Bu hemme zatdan öňürti, saýdyň iň esasy düzgünine ters. Köp nikden girenler öz beýleki ýüzüni gizlemek, bir nikde diýip bilmedik zadyny başga nikde diýmek, öz mowzuklaryna ýasama spam teswir-like goýmak, ýigrenen, halamadyk kişilerinden ar almak we özüniň ýalan-ýasama işlerini dowam etdirmek üçin ulanar. Bu ýagdaýda administrasiýanyň etmeli zady belli.

Hä eger "ýok men heniz aňy ösmedik, ömründe kitap görmedik, diňe hindi-türk teleseriýallary bilen beýinleri erän, söz baýlygynda 15 söz bolan türkmençe gürläp bilmeýän kopiýaçy ýaş çagalaryň diýenini etjek, olara has köp mümkinçilik berjek" diýseň başga gürrüň...


Gerekli
Agzamen  (27.08.2024 / 21:16) 

Muawiye, hindi-türki bir gyra goý sen. Indi bular ýapon bilen koreýe muşdak.

Ýaponlarda ýaş nesil gyt. Name üçin belli zat. Koreýlerde has beter prablemalar bar. Durow näme diýýänaýt

Howwo sen dowry aýdýaň. Meselem, bir nikinden gelip mowzuk açarda özüniňkisini dogrular. Ters pikir ýazanada başga nikden gelip söger, teswirlerini ýaltanmazdan dislike-lap çykar. Ďowry dämi şo hä, hä?

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 28.08.2024 / 06:19

+0

köp niklilikden maksat mowzuk limidinden artyk açmak bolsa, baṣda näme üçin goýduk mowzuk limidini?

Birnäçe agzalaryň we şol sanda siziň teklibiňiz esasynda limit goýulypdy.
(Ony diýmänimdede, teswiriňde belläpsiň...)

Onsoñam, mowzuk limidi dolanyñ ertire garaşmagynda nähili negatiwlik bar?

Adminiň eden bu hereketi neaktiwlilik üçin edileninde limidi aýyrardy (Ýalňyşdymmykam)?!
Sen bir beýlekilere meňzäp kelte pikir ýöretmäýdä! (Näme sebäpli edilendigini beýleki teswirlerimde belläp geçdim, kyýn görmänjik şolary okaýda, P/S.

Gaýta, limit bolany üçin açan mowzugyña-da ünsli çemeleşilýär hemem garaṣylyp ýetilen zat süýji bolýar.

Sen şeýleligi halaýaň we beýleki şullygy halaýan pikirdeş ýoldaşlaryň bilen birlikde bir nikde geziber. Admin oňada garşy däl.
,,köp nik açmaly..." diýip zorlaýan ýok hiç bir agzany, islegi boýunça etsinler.

Bally meselede-de şeýle. Birnäçe nikden girip taýýar aşyñ eýesi boljak bolman goý azap etsinler, garaşsynlar.

(,,Taýýar aşyň eýesi..." ?
Bu ýerdäki teswiriňde bolmasada, ýalňyşmasam, seniň öň göçürme mowzyklara garşy bir iki teswiriňe gawat gelipdim. Şony diýýänsiň öýtýän...!)

,,Bir näçe nikden gelmeklik"-diýilen ýaly pikire daşynda seredeniňde ,,samsyklyk..." diýip kelte pikiri beýan etmeklik nädogrylykmyka diýýän (pikirim).
Sebäbi, nikini bezäsi gelýän agza şol ugra degişli hyzmaty etsin, mowzuk açsyn, azap etsin... Eýsem ,,kopy mowzuk..." diýip atlandyrýan mowzugyňyzy, sen okanyň ýa-da meniň okan mowzugym bolanlygy üçin gaýwana gelip-de, şol ,,copy pas..." mowzugy okamadyk agzanyň ,,okamaly däl, men uje öň, okapdym muny..." diýilen pikir dogry däl ahyry?!
Belkide seniň okan saýtyň, bu wagt ýapylandyr, belkide, gaýwana gelen okaýjy myhman,şol temany okap biljek derejede, häzir mümkinçiligi ýokdyr... garaz, biziň bilýänlermizi we ol mowzukdan-da artyk makalany, eseri ýa-da goşyny.... bir zatlaryň üsti bilen geljekgi nesillermize miras goýmalydyrysa ?!
Bu pikirim bilen şeýle pikirli ýoldaşlarmyza diýjegim; biz diňe özümizi oýlaman, uzagyrakdan pikirlenip, hereket etmeli .

Sen we beýleki... umuman şu adminiň pikirine garşy bolan agzalara ýüzlenýän !

Döretjek we saýlanjak adam birnäçe niklileriň arasynda döretýärem, saýlanaram. Beýlelige admin garşy däl. Dörediň döretjegiňiz, ýaradyň ýaratjagyňyz. Emma bu diýdigim bilen, birnäçe niki deňine ýöretdip biljek agzanyň edähetine nägile bakmaň.
Dogrym, beýle ukyp mende-hä ýok emma bar ukyplylara biz uly bolup ,,copy pastr..." diýip geljekgi garşy çyksak, saý sebäp bilen ýitip barýan (biziň okan we häli okap görmedik) mowzuklaryň soňuna sogan ekdigimiz boljagy köre mälim. O hem hiç, beýle mowzuklaryň 100%-den %40-y ýitip gidenligi gynandryjy halat...
Biz hem ,,muny okapdyk..." diýmekligimiz bilen nesillere hic bir zat goýmajagymyz belli...
Bu pikirim bilen täze ýazyljak eserdir terjime ediljek (ýa-da dörediljek) dürli görnüşli eserlere garşylygym ýok, döretsinler. Ýöne ,,täze döretsinler..." diýilen pikiri öňde sürsek, indiki dörejek täze mowzukdanda gymmatly öňki eserdir, makala, goşgylara ýitip gitmegine gowy mümkinçilik döretdigimiz bolar.
Egerde arhiw mowzugyň aşagynda, nireden alynanlygy, haýsysy şahsyň döredenligi... umuman açylan mowzuk barada gysgaça maglumat goýulsa, göçirilme mowzuklara özûmä garşy däl we özünde, täze döretmäne ylhamdyr islegi bolan islendik agza, nikiň köplügine, gündeki döreýän mowzugyň sanyna ýa-da agzalaryň sanyna garamazdan döredermikä diýýän !)

 Täzeje
 pandam [off]
 28.08.2024 / 22:46

+0

Sagbolun mena razy

 Özümiziňki
 Diamante [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 29.08.2024 / 02:13

+0

aslynda wara Perman agzaň diyenlerem azda kände dogry gelyä, Agzameniňem diyenleri dogry gelyä, edil 50 nike golai bolmasyn yöne maksimum 2 yada aňyry gitse 3 nik yetermikä diyan onnon artyk, biram agzalaryň öz nikini üytgedip bilme funksiyasy gowy pikir çynnanam,(ball arkaly)

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 29.08.2024 / 08:32

+0

Diamante, Seniň "kelläň-u beýniň" düzgün işleýärmi?

Üç nik bolsa bolýar diýip dur. Üç nik näme? Näme etjek olary? Üç nik diýýär-ow, ÜÇ NIK. San bilenem ýazaly, 3 nik.

Gaýtalap aýdýaryn, 3 nik, 3 NIK.

Başga-da ençeme nikden gelýäniňi boýnuňa aldyň şuwagt. Ozalama düşünjesiz çagajykdygyňy bilýärdim welin ikiýüzliligem goşulypdyr häsiýetleriniň arasyna.

Köp nikliligi goldasaň ine şeýle bolaýýar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Biraz temany uytgedeyin


🙂zyndany nädip zyýarat edip bilerin?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Biraz temany uytgedeyin
Kesxa (Şugün, 13:32)

Erteki biz.


Awtoryň at-familiýasy kimkä?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Erteki biz.
Baron (Şugün, 09:18)

Erteki biz.


Tűweleme. Űstinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Erteki biz.
@menin_dunyam (Şugün, 09:17)

Seniñ űçin


haladym gowy eken mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Seniñ űçin
Ayjahan (Şugün, 08:47)

Seniñ űçin


Mätgurban barada gysgaça maglumatlar ýazaýyñ, tanasym gelýär. Hem-de goşguly kitaby barmy?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Seniñ űçin
Gerceknazar (Şugün, 06:21)

Altynçaýylanşygyrym-laýbu


Tüweleme galamdaş gowy ýazýañyz. Şular ýaly gowy goşgularñyzy jemläp elektron kitap döredilse höwes bilen okardyk....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Altynçaýylanşygyrym-laýbu
Gerceknazar (Şugün, 06:16)

Täze goşgy...


Başyny güýçli başlapsyñ, soñunda gowşaýar. Üstünlik hemrañ bolsun. Men-ä razydyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Täze goşgy...
Gerceknazar (Şugün, 06:08)

Altynçaýylanşygyrym-laýbu


Unutma..! Meni däl– men hakdaky barja zady unutmagy unutma! Şu setiri gaty gowy gördüm. Üstünlik yetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Altynçaýylanşygyrym-laýbu
Hyyalbent (Düýn, 23:51)

"Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň..."


Suratyňda tapyp bilmän geljegim, Ýakyp külün şemal bilen ugratdym. Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň... aşaky setir ýokarky setiriň soňy bilen u...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň..."
Hyyalbent (Düýn, 23:48)

Şahyr, dostum!


Ýüz setir däl ýüz müň ýazan bolsaň-da, Ýüzerlik däl, doldurmandyr howdany!" Özüňem aýdypsyň aýyplaşma pikrimi aýtýan biraz gysgarak bolanda goşgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şahyr, dostum!
Hyyalbent (Düýn, 23:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика