“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Bee your own boss

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gurbannazar Ezizow
 Öwreniji
 Plany [off]
 05.02.2024 / 17:37

Tanyşlyk
Men kyrk ýaşyma ýetýänçäm, megerem, ondanam soňrak ideal, ýagny kämil adamlary gözledim. Bu gözleg belli bir senet, kär, talant
babatda däldi-de, tutuş adamkärçilik kompleksi babatdady. Ykbal
meni gowy, talantly adamlar bilen duşurdy. Olaryň käbirini ilkibada
kämil hasaplaýardym. Emma häsiýetiň açyldygyça, şol kämil diýip
hasaplan adamlarym-da nähilidir bir ýetmezçilikler duýulýardy... Şol
ýetmezçilikleri görmek maňa agyr degýärdi. Käbir dostlarymdan göwnüm geçýärdi. Bu meniň kämil hasaplan adamymdan talabymyň gaty
ýokarylygyndandy. Soň-soňlar dostlary kemçilikleri bilen gowy görmeseň bolmajakdygyny duýdum. Gynansam-da kämil adam ýa maňa
duşmaýardy, ýa-da, ol ýokdy. Oňarsaň-a özüň kämil bolmalydygyna, oňarmasaňam kämil adam gözläp heläk bolup ýörmeli däldigine
akylym ýetdi.
Beýle diýsem: «Munuň adamlardan köp göwni geçipdir-ow» diýip, pikir etmäň. Kämil diýip gol beren adamlarym kämil däldiklerini
aýan edenlerinde, elbetde göwnüň geçýärdi. Ýöne şol adamlaryňam
ajaýyp gowy häsiýetleri, öwrenerlikli, öý-künerlikli gowy gylyklary
bardy. Azda-kände edepli, adamkärçilikli, sowatly, talantly bolsam,
bu zatlar şolardan öwrenilen zatlar bolmaly. Men olara hemişe minnetdar. Kämahal dostlarymyň ýanynda: «Men örän gowy adamlar
bilen duşuşdym ýoldaş boldum. Şu babatda ykbalymdan razy» diýip
ýürekden aýdýaryn. Bu sözler dostlaryňy kemçiligi bilen söýmegi
öwrenmekden hem şol kemçilik üçip ondan kine etmän, gaýtam oňa
gynanmakdan gelip çykýardy. Üstesine-de şol meniň kemçilik diýýän
zatlarym, belki, meniň gözlerim bilen seredeniňde kemçilikdir. Başga
biriniň gözi bilen seretseň, onuň kemçilik däl bolmagy hem mümkin.
Uzyn sözüň gysgasy soňky döwürde ideal gözlemegi diňe kitaplaryň
xix
üsti bilen dowam edýärin.
Her hal meniň ideal gözläp duşan adamlarymyň içinde Gurbannazar döredijiligi babatda-da, adamkärçiligi babat-da-da meniň idealdyr
öýdýän talaplaryma has ýakynyrak gelýän adamdy.
Biziň Baýramguly Amangeldiýew diýen bir dostumyz bar. Ol menden birki ýaş ulurak, Gurbannazar bilenem deň-duş. Megerem, olar
Uniwersitetiň filologiýa fakultetini bir döwürräkde tamamlapdylar.
Baýramguly ýaş mahallary welosiped ýaryşlaryna gatnaşyp, respublikanyň çempiony, SSSR-iň sport ussady bolan oglandy. Edebiýata uçursuz hormat goýýardy, örän inçelik bilen düşünip, ondan köp adamdan
artykmaç lezzet alýardy. Uçursuw düşünjeli gürrüňdeşdi. Bir gezek ol
maňa şeýleki wakany gürrüň berdi.
— Bir gezek üç-dört oglan bolup öýe geldik. Özümizem içgiliräkdik.
Agşam çaglarydy. Netimizem öň başlanan meýlisi dowam etdirmekdi. Ýaňy myhman jaýa geçip oturdyk welin çyra söndi. Bu ýagdaý
hemmämiziň lapymyzy keç etdi. Men öýdäkilere çaý-naharyň aladasy
bilen boluň, diýip, daşaryk çykyp köçä, özge jaýlaryň penjirelerine
seretdim. Hiç ýerde yşyk görünmeýärdi. Oglanlaryň ýanyna gelip,
olara göwünlik berdim:
— Uzak eglemez, derrew ýanar. Hemişe şular ýaly bolanda-ha
tiz ýanýardy, goňşy-golamlar eýýäm Aşsete jaň edip ugrandyrlar —
diýip-diýmänkäm çyra ýandy. Göwrümimiz giňäp gitdi. Ýöne nämeüçindir Gurbannazar ünjüliräk otyrdy. Ol şol oturşyna birden müýnliräk
seslendi.
— Baýram, bagyşla...
Men oňa geň galyp, nämäni bagyşlamalydygyny bilmän, sözüni
agzyndan gapyp alyp, özüne sowal berdim.
— Nämäni bagyşlamaly? Edýän gürrüňiň nähili?!
— Ýaňy çyra sönende, soňky günler size köpüräk gelýänligimiz
ýadyma düşdi. Birden şularyň maşgalalaryny irizýän bolaýmaly, çyranam şolar bilgeşleýin söndüren bolaýmasynlar diýip, pikir etdim.
Şeýle pikir edenligim üçin bagyşla diýýärin...
Baýram Gurbannazaryň adamkärçiligini, onuň aýna ýaly aňyrsy
görnüp duranlygyny nygtamak üçin bu gürrüňi aýdyp berýärdi. Özem:
Sered-ä, ol aňyna gelen ýalňyş pikir üçin ötünç soraýar. Şony günä
hasap edýär, şondan utanýar — diýip, guwanç gatyşykly tolgunma
bilen aýdyp berýärdi...
Oglankak ýaşulylaryň: «Haýsydyr bir ýaramaz pikiri aňyňa getireniň bilen, şol ýaramaz işi edeniň günäsi deňmiş» diýip, gürrüň
berýänleri ýadyma düşýär. Emma bizi ýaşulylaryň terbiýesine uýdurmajak bolup, şol mahalky ideologiýa jan etdi. Belent tribunalardan:
xx
ata-babalarymyzyň ömrüniň körlükde, nadanlykda geçendigi hakdaky
gürrüňler ýaňlandy durdy. Olaryň edýän gürrüňlerinde ylmy esas
ýokdur diýen düşünje biziň aňymyzda ornaşdy. Soň-soň hindileriň
beýik eposy bolan Mahabharatada bu pikire duşup, şol ýaşulylaryň
howaýy zat aýtmaýandygyna düşündim.
Gurbannazarda şu terbiýe bardy. Bu oňa ýaşulylaryň öwütleri bilen
geçipmi, ýa-da okalan kitaplaryň — onçasyny bilemok. Ýöne Gurbannazar atasy Hümmet agany uly hormat bilen ýatlaýardy. Edep-terbiýe
babatda ondan köp ýagşy zatlar öwrenendigini aýdýardy.
...Altmyşynjy ýyllaryň aýaklaryna şahyr Annaberdi Agabaýew toý
etdi. Ine, şol toýda otyrdyk. Gurbannazar toýa gijiräk geldi. Ol meýlis
gurlup oturylan stoluň iler gündogar başyragynda oturdy. Uzynlygy
ýedi-sekiz metr bolan bu toý stolunyň gaýra günbatarragynda oturan
ýerimden baş atyp salamlaşdyk. Gurbannazary daşyndan tanaýanam
bolsam, onuň bilen heniz gürleşip görmändim we ol meni tanaýandyr
öýtmeýärdim. Emma beýle däl eken: salamlaşanymyzdan soň, ol
mende nazaryny egledi-de:
— Goşgularyňy okadym, gowy gördüm — diýdi. Bu sözleriň şol
hepdede «Ýaşkomda» çykan goşgularyma degişlidigine bada-bat düşündim. Emma şeýle ýagdaýda näme diýilýändigini hem näme diýjegimem bilmän, ýylgyryp başymy atdym. Ine, biziň ilkinji gürrüňdeşligimiz şeýle başlanyp, şeýle-de tamamlandy. Dogry, birek-birege gürrüň
atyşardan ara daşyrakdy. Üstesine-de bu gyzyp duran toý meýlisi hem
muňa ýol berjek däldi.
Döwrümiziň ajaýyp şahyrlary Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet
Seýidowyň döredijiliginiň gülläp ösýän döwri bolan altmyşynjy ýyllaryň aýaklaryna mahsus zatlaryň biri: ol çaklar käbir toý-baýram üçin
ýazylan dabaraly goşgular bolaýmasa, tötänleýin adamlaryň tötänleýin
goşgulary metbugatda peýda bolmaýardy. Bu döwür: Gurbannazar
Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň hyjyw bilen orta çykan döwürleridi. Deklaratiwlikden gaty bir
gaça durmaýan Ata Atajanowam bu ýyllarda ene hakynda ajaýyp goşgular ýazypdy. «Öçme ojagym» diýen gowy liriki goşgular topary
bilen çykyş edýärdi. Berdinazar Hudaýnazarowam agras, saldamly,
türkmen ýaşulylarynyň öwüt-ündewlerine meňzäp duran goşgularyny
ýazmagyny dowam edýärdi.
Agzalan döwürde poeziýany yzygiderli çap edýän metbugat organlary azdy. Poeziýa ol çaklar «Edebiýat we sungat» gazetine, «Sowet
edebiýaty» žurnalyna daýanýardy. Ýaşlaryň poeziýasy bolsa esasan
«Ýaş kommunist» gazetine daýanýardy. Ýokarda agzalan iki neşirde
ýaş şahyryň goşgularynyň peýda bolmagy, ol awtor üçin uly hadysady.
xxi
Okyjylar üçin bolsa bu ýaş şahyryň ulular tarapyndan ykrar edilip ugralmagynyň alamatydy. Üstesine-de edebiýata üns berýän metbugat
organlarynyň poeziýa bölümleriniň sakasynda ýanyna ýaramaz şygyr
bilen baryp bolmaýan, gaty talapkär adamlar oturýardy: «Edebiýat
we sungatda» Gurbannazar Ezizow, «Sowet edebiýatyn-da» Mämmet
Seýidow, «Ýaş kommunistde» bolsa Baýramjan Gurbanmuhammedow.
Baýramjany hemmeleriň tanamaýan bolmagy mümkin. Ýöne ol altymyşynjy ýyllarda tanalýan ýigitdi. Ony ol döwürler umytly ýaş şahyr hem
terjimeçi hökmünde tanaýardylar. Baýramjan Gurbanmuhammedow
gowy goşgular ýazmak bilen, Resul Gamzatowyň käbir goşgularyny
oňat terjime etmek bilen özüni ykrar etdiripdi. Üstesine-de ol sowatly,
talapkär, halal işleýän oglandy. Baýramjanyň edebi dörejiligini dowam
etdirmänligi hakynda pikirlenenimde: dörediji adam bolmak üçin diňe
zehindir sowat hem ýeterlik däl borly. Onuň üçin ylhamly hüwdüleýän ykbal hem gerek diýip, pikirlenýärin. Elbetde, raýy gaýtmaýan
yhlasam gerek.
...Gurbannazar Ezizow iň köp okaýan şahyrlaryň biridi. Ol şahsy
kitaphana edinmekde-de köp adamlara görelde bolandyr öýdýärin.
Bizde bedeni terbiýelemek hakynda köp gürrüň edilýär. Emma aňy
terbiýelemek hem türgenleşdirmek hakynda, şunuň ugurlary barada
az gürrüň edilýär. Soňka diňe okamak arkaly ýetip bolmaýar. Beýnini
hem terbiýelemek, türgenleşdirmek gerek. Gurbannazar bu işi okamak,
dürli krosswordlary, tapmaçalary çözmek hem öz bilýän, täze eşden
zatlaryny ýoldaşlaryna gürrüň bermek arkaly amala aşyrardy. Gürrüň
edende wakany bolşy-bolşy ýaly gürrüň etmän, oňa öz fantaziýasyny
goşardy, mümkingadar ýumoristik äheň goşmaga çalyşardy. Umuman ol döredijilik fantaziýasyny yzygiderli işletmäge çalyşardy. Şu
zatlar aňyňy, pikirini terbiýelemek isleýänlere gerekli zatlardyr diýip,
hasap edýärin. Men Gurbannazardan: nämeleri okamaklygy maslahat
berýändigini sorardym. Ol:
— Eliňe düşen zady — diýip, jogap bererdi. Eýýäm onýyllyk mekdebi tamamlan döwründe dünýä edebiýatynyň klassyklarynyň esasy
bilen tanyş, uniwersitetde hem munuň üstüni ýetiren adam üçin munuň dogry bolmagy hem mümkin. Emma men bu zatlaryň yzyndan
soň kowup ýetmeli boldum. Şonuň üçinem saýlabyrak okamalydygyma, wagty iň öwrenmeli zatlarym üçin sarp etmelidigime düşünýärdim.
Şol döwürde «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy häzirki
Prezident köşgüniň gapdalynda ýerleşerdi. «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleri Sowet (häzirki Sahy Jepbarow) köçesiniň ugrundaky
Poligrafkombinata gelip gazet çykarardylar, onuň gaýra ýüzünde ýerxxii
leşýän Birleşen neşirýatdan galam haklaryny almak üçin her aýyň on
birine, ýigrimi altysyna öýleden soň gelerdiler. Karl Marks köçesinden
Sowet köçesne gönügeniňden soň maňlaýyňy güne tutup gaýtmalydy.
Sowet köçesinde-de bag seýrekdi, bir gapdalyňam haýat bolansoň, gyzan haýatyň ugruny syryp, gyzgyn jöwzada maňlaýyňy güne tutup
gaýtmak kyn bolansoň Gurbannazar dagy bu aralyga «Sahara» (Sahara
çöli manysynda) diýip, atlandyrardylar. Bir gezek men oňa Saharanyň
ortaragynda gabat geldim. Howa yssy däldi, megerem, ýaz aýynyň
aýaklarydy. Gurbannazar ýöräp gelşine, «Smena» žurnalyny okap
gelýärdi. Gepiň gerdişine görä aýtsam, ýolugra okamak häsýetine
Gurbannazar bilen Saýlaw Myradowda köp duşardym. Bular ýeke
barýan çaglary ellerindäki gazeti, ýa-da žurnaly okar gelerdiler.
Gurbannazaryň golaýda «Edebiýat we sungatda» goşgulary çap
edilipdi. Şol goşgularyň arasynda duşan bir pikirim meni iňkise goýýardy. Göwnüme bolmasa, onuň aýdýan zady ata-baba aýdylyp gelinýän zada — ykrar edilen zada ters gelýän ýalydy. Ine, ol:
«Biziň kärimizde ýagşy niýetiň
Ýarym döwlet däldigini» bilsem-de,
Niýetsiz ýaşamak çetin, ah çetin,
Ýagşy niýet edýän wagty il senden.
Her niçigem bolsa, örän sylaýan şahyrymyň ýazan bu setirlerinde
aýdylýan pikiriň nädogry bolup biljegine şübhelenýärdim. Gazetde
ýalňyşlyk gitdimikä, ýa-da men düşünmeýärmikäm diýip, içimi gürledýärdim. Gurbannazary görenimden şuny soramak meýli döredi.
Özem bu meniň onuň bilen ilkinji gürleşjek bolşumdy. Ilkinji gürrüňdeşlikde salamdan soňky berlen bu sowal mortaragam bolsa, garaz,
sowal berdim. Ol hiç hili aýyp-syn etmän, çabga ýagýan ýaly çalt-çalt
gürläp, öz pikiriniň dogrulygyny düşündirmäge durdy.
— Ýagşy niýet edeniň bilen goşgy gowlananok. «Parahatçylyk bolsun», «Hasyl köp bolsun», «Biz hakykatyň tarapdary»... diýeniň bilen
şygyr kalby gozganok. Biz şu zatlaryň bolmagyny hakykatdanam isleýäris. Ýöne ony nähilidir başga ýollar bilen, okyjynyň kalbynyň gozganyp kabul ederi ýaly derejede aýtmaly. Şonuň üçinem biziň kärimizde
ýagny, şahyrçylykda ýagşy niýet edeniň bilen goşgyň gowulananok,
çeperleşenok, diýmekçi boldum.
Örän çalt aýdylan bu pikirleri bada-bat kabul edip bilmedimmi,
ýa-da, aňa galyp bolan: «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen halk
nakylynyň şahyrçylyk babatda aýdylanda juda gönümel bolýandygyny
duýup ýetişmedimmi — garaz, jogap göwnüme jaýlaşmady. Şeýle-de
xxiii
bolsa, ilkinji söhbetdeşlik-de, ýol ugrunda bu meseläni çintgäp durmagy birhiliräk görüp, göýäki düşünýän deý ýylgyryp başymy atdym-da:
— Hä-ä, şeýle diýse-ne — diýdim.
— Meniň pikirimçe-hä şeýle — diýip, ol ullakan mawumtyk gözleri
bilen maňa seredýärdi. Soňra bolsa, ol meniň ikirjiňleýändigimi duýan
deý: — Näme redaksiýa baraňok, (ol «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasyny göz öňünde tutýardy) bar, goşgularyňy elt. Öýe gezmäge bar.
Oturyşarys, gürleşeris, — diýdi.
Ine, biz ilkinji söhbetdeşlikde şeýle gürleşip, soňra bolsa hoşlaşyp,
herimiz öz ugrumyza gitdik. Gurbannazar «Smenasyny» okap ilerligine, menem gaýralygyna gitdim.
Gozgalan gürrüň düşnükli bolary ýaly, altmyşynjy ýyllaryň başlaryndaky poeziýada ýoň bolan bir ýagdaýy belläp geçmeli. Şol döwürde
şahyrlar otuzynjy ýyllardaky gönümellikden, ýagny öz termini bilen
aýtsak, deklaratiwlikden daşlaşmak isleýärdiler. Şonuň üçinem täze
beýan ediş usullaryny gözleýärdiler. Bu gözleglerem esasan şeýleräk
ýagdaýlara syrygýardy. Mysal üçin haýsydyr bir şahyr çeşme hakypda
goşgy goşmakçy bolsa: ilki çeşmäni suratlandyrýardy. Ol dag daşlarynyň astyndan syzylyp çykýardy-da sähra tarap gönügýärdi. Baran
ýerini gülzarlyga öwürýärdi. Soňra şahyr pikirini şeýleräk jemleýär:
«Menem çeşme ýaly baran ýerimi gülzarlyga öwürsemdim».
Beýle manyly goşgy bir ýa iki bolanlygynda oňuşsa-da bolardy. Emma bular köpdi. Gurbannazar aýtmyşlaýyn şeýle goşgulary düzýän
şahyrlar hakykatdanam ýagşy arzuw, niýet edýärdiler. Emma şeýle arzuwlaryň birsyhly gaýtalanyp durmagy poeziýany garyplaşdyrýardy.
Poeziýada ýagşy niýetiň ýarym döwlet däldigi, ynha şu ýagdaýlardan gelip çykýardy.
...Soňra bu ilkinji söhbetdeşlik dostluk gatnaşyklaryna ýazyp gitdi.


49

14

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 xuliganka [off]
  la principessa di papà💚🌸
 08.02.2024 / 06:26

+1

👍👍👍👍👍

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 08.02.2024 / 09:48

+0

güzel

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ayal dogan


Mldess...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
Prenses (Şugün, 07:56)

ayal dogan


...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
Kicxikge (Şugün, 05:54)

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
Kicxikge (Şugün, 05:53)

Ölmän galan oglanjyklar


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 02:01)

Ene yuregi


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 01:59)

kakam barka


Başdaky sorag ýaly dünýäde manysyz sorag ýokdur. Muny bir üýtgeşik, täsin zat ýaly birsyhly soraýan düşünjesi kämilleşmedik, köplenç gybatçy bolu...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Muawiye (Şugün, 01:34)

ayal dogan


Men birinji like...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
BAYOGUL (Şugün, 01:22)

kakam barka


Mlds birinji like menden...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
BAYOGUL (Şugün, 00:50)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


Dogry...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


Like...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика