“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Hemmämiziň barýan ýolumyz bir: Pellehana. Men maşynly sen pyýada diýip gomparmak gereklilik däl

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ejem hakda hekaýa
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 08.02.2024 / 11:03
 #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek

Mekdebi tamamlanymyza ýigrimi ýyl bolupdy, «Duşuşalyň, geçeni ýatlaşalyň» diýişdik. Ol wagtlar ýaşymyzam kyrka ýetip barýardy. Indi ondan bärem telim ýyl geçip gidipdir. Islendik ýaşda-da geçenleri göz öňüne getirip, şol günleri seniň bilen bile ýaşanlary görmek, halaýan kinoňy gaýtadan görenden has gyzykly. Ýogsa «gahrymanlaram» tanyş, hatda her wakaň näme bilen gutarjagyna çenli belli. Filmem däl-de, ol sendäki üýtgeşik, ilde ýok kitap. Onda söýlen ýerleriňem, döşüňden itilen gezekleriňem, Görogla öýkünip dostuňa dogan okaşaly diýen, bir günem onuň bilen gyzyl ýumruga girip, soň ýene ýaraşan ýerleriňem bar. Ol kitap oglanlykdan, ýigitlikden saýlananyňdan soňam ýapylanok. Has çökder, has gyzgyn, has sowuk… sahypalar, oňa ýazylyp gidip otyr. Ömrüň iň gyzykly ýyllaryny bile geçiren synpdaşlaryň bilen görüşmegem şol kitaby eliňe almak ýaly.

Garaz, şol gezegem duşuşdygam, geçenlerem ýatlaşdyk. Ýöne ýatlamalardanam kimiň kim bolup ýetişeni has gyzykly bolup çykdy. Näçe çagaň bar, nirede işleýäň… garaz, soraşylmadyk zat galmady. Mende welin ol wagtlar maksat başgady. Ömre däl, kagyza ýazara hekaýa üçin edebi gahryman, gyzykly waka gözleýärdim.

Şol duşuşykdan ýadymda galan ýeke zat, olam, garryja edebiýat mugallymymyzyň öýüne gitdik. Ýaşy mazaly gaýdyşan mugallymymyz bizi görüp, çaga ýaly begendi. Turmakçy bolanymyzda, ol könäni ýatlap: «Okuwçylar, kimiň näme soragy bar?» diýdi. Hemmämiz gülüşdik. Birden kelläme bir pikir geldi. Durdum-da: «Mende sorag bar, mugallym» diýdim. «Sora, sen aňsad-a soragsyz gitmeli dälsiň» diýip ýylgyrdy. «Mugallym, siz häzir ýazyjy bolsaňyz, näme hakynda ýazardyňyz?» diýip, oňa seretdim.

Mugallymymyza jogap bermek birbada aňsat düşmedi. Ol: «Menmi?.. Ýazyjy bolsammy…» diýip ýaýdandy. Soňam: «Ejem hakynda ýazardym» diýdi. Bu jogap ýanymdakylara has ýiti täsir etdi. Meniň jogap bilen o diýen kanagatlanmandygymy gören mugallym: «Näme üçin?» diýip sorajak bolýarmyň» diýdi. «Dogrudanam, näme üçin?» diýýän ýaly, hemmämiz oňa ünsli seretdik. «Üçini, ol meň ejem-dä» diýip, mugallym sadaja düşündirdi. Iň ýakyn gatnaşýan synpdaşym Nurgeldi: «Eşitdiňmi näme hakda ýazmalydygyny» diýip, egnime kakdy.

Şol gezek mugallymymyzyň «Eje» diýen söze basym berip aýdany esli wagtlap aňymda gaýtalandy durdy. «Adam garrap, haldan gidensoňam, ýene «Ejem» diýýär. Ýogsa ol mugallymymyzyň ejesi, kim bilýär, gör, haçan dünýäsini täzeländir. Meniňki welin diri» diýip, öz ýanymdan pikir edip oturyşym häzirki ýaly ýadymda. «Şol barada ýazaýynmy?». Geljekde ýazaýsam diýýän zatlarymy bellik edýän depderçämi açyp, öňki belliklerimi okap ugradym:

«Hemmeler umumylykda, bir pasylda bolsalaram, her adam öz paslynda ýaşaýar. Kimiň başyna gar ýagyp dur, kimiň ýazy gelip, gül açypdyr. Kimiň howasy çygly, ýapraklary dökülýär, kimi bolsa jöwzaly tomus gysyp gowrup dur. Penjireden seretseňem, dury asmandaky Gün hemmeleri deň çoýup duran ýaly. Emma her kim öz gününi ýaşaýar…».

— Ýaş janyň bar, ýatsaň bolmaýarmy?

— Ukym tutanok, eje. A sen näme ýataňok?

— Mendirin-dä. Çagalaň ýatyrmy? Ýatandyr-la. Ýadandyrlar. Senem gündiz köp ýatýaň, şondan ukyň tutmaýany.

— Sen hakda bir zatlar ýazaýsam diýýän.

— Goý, ile peçan etjek bolma.

Ejemiň sözüne gülüp goýberdim.

— Näme üçin peçan edeýin?! Gowy diýip ýazaryn-a.

Ejem özi hakynda ýazylyp barylýan ýaly janykdy.

— Goý diýdim, goý. Men bolubilsem il ýalydyryn-da.

Ejem soňky sözlemini aýdanda bogazy dolan ýaly etdi. Onuň ýüzüne içgin seretdim. Ähli dilewarlygymy jemläp, ony gepledesim geldi.

— Biz-ä saňa ilde ýok eje diýip ýörüs. Hiç kimden kem etmän ulaltdyň. Kakamyzyňam ýerini tutduň.

Bu gezek ejemiň sesi tutuk çykdy:

— Aý, hawa. Ulaldyňyz, adam bolduňyz. Alla jana döneýin. Il-günüme döneýin. Soňkuja bäş günümde-de biabraý etmesin-dä…

— O nämäň biabraýçylygy, eje, tapýan gürrüňiňi.

«Sen oňa düşünmersiň» diýýän ýaly, ejem düýpden başga gürrüň tapdy.

— Çörek bişirýänim ýadyňa düşýämi?

Gelinleriniň çörek bişirmeýäninden zeýrenjekdir öýdüp, göwünsiz «Hawa» diýdim.

— Demir legenimiz bardy. Häzirkiler ýaly däl.

Ejeme düşünmesemem, demir legeni ýatlamaga çalyşdym.

— Ony nämeden soraýaň, eje?

Ejem soragyma jogap bermäge derek, legeni meniň ýadyma saljak bolýardy.

— Ýadyňa düşenokmy? Hamyr aldyrardym çörek bişiremde.

— Ýadyma düşýär. Tamdyrdan çykaryp, bize köke-de paýlaýadyň.

— Diliňe döneýin, sen bilmel-ä. Legenimiziň bir gulpy ak, beýlekisem sary misdendi.

Ony ýatlap bilmedim. Ýöne «Hawa, hawa» diýen boldum.

— Şol amanatdy-da… Bikeden alypdym. Yzyna eltip ýetişmedim. Ilk-ä ol: «Özüňe alynýançaň ulanyber» diýensoň, nädeýin, eli ýukalyk sebäpli, wagty bilen gaýtarybilmedim. Wah, çörek bişirip satamsoň, legensizem oňup boljakgäl-dä. Şeýdip, «Inhä-inhä» bilen wagt geçdi. Bikelerem uzak etraplaryň birine ilk-ä wagtlaýyn diýip, soňam hemişelik göçüp gitdiler. Soňky gezek, hoşlaşmaga gelende ony görübem bilmedim. Şeýdibem legen gaýtarylman galdy.

Ejem uludan demini aldy.

— Käte gara çynym bilen onuň nirede ýaşaýanyny idäp görýän. Ýöne onuň ýaşaýan etrabyndan başga bilibilen zadym bolmady. Nesip bolsa, ýaza ýetsek, ýene-de bir ugruna çykyb-a görjek. Bärde garyndaşlary-beýlekilerem ýok-da.

«Bu gürrüňi ulaltmasak nädýär» diýýän ýaly edip:

— Indiden soň şeýdip, gözläp ýörjekmi? — diýdim.

— Bergidar bolup galmaýyn-da, oglum.

— Bike daýza ony ýadyndanam çykarandyr.

— Wah, onda-da, gaýtararyn diýip alan zadym-da. Amanady gaýtaran ýagşy-da…

— Legen-ä, mazaly, aýap saklapsyň-la welin… Ýöne… Bike daýzaň aýatdadygy…

Ejem sözümi soňlaryma garaşman:

— O taýda men näme jogap bererin? — diýdi.

Ejeme göni seredip bilmän, ýüzümi sowdum. Bir seretsem ol öz otagyna tarap barýar. Yzyndan ýetip, ony sakladym.

— Bike daýzanam taparys, legenem gaýtaryp bereris.

Ejemi köşeşdirdim edip, düşegime geçdim.

Hyýalymda ýene hekaýa. Ýumşajyk saz eşidilýän ýaly. Garaňky ekran. Birdenem onuň ýüzüne adym, familiýam ýazylýar. Dogrusy, familiýa däl-de, «Pylanyň ogly» diýlip ýazylypdyr. Uly agam ejem ikimizi bäbekhanadan çykaryp ýör. Aňyrdan lukman aýal gelýär. Elinde meniň dogluş şahadatnamam. Adymy, familiýamy, doglan günümi, aýymy, ýylymy okaýar. Agam oňa gül berýär. Lukman şahadatnamamy ejeme berýär. Biz agamyň ulagyna tarap ýöräp ugraýarys…

Gözümi açdym. Düýşümdir diýsem, oýadygymy bilýän, ýatlamadyr diýsem, bäbekligiňi nädip ýatlajak?! Göz öňüne getirme ýaly bir zatmyka? Ýazjak bolup kösenip, akylym üýtgemese-de biri. Kellämde diňe hekaýanyň pikiri: «Şeýdip geçen günlerini görüp bilýän gahryman. Onuň diňe gowy zatlary göresi gelýär… Ol diňe ýatlasy gelenini däl, ýatlamajak bolýan zatlarynam ýatlaýar… Belki-de, gahrymanym ýatlamalaryna dolanyp, olary gaýtadan «düzedip» ýaşar. Öz pikirlerime bulaşyp, uklap galypdyryn.

Bu gezek hekaýamyň gahrymanyna derek özüm ekranyň öňünde otyryn. Meni — arlykda ýatan bäbejigi her kim gelip ýüzüne sylýar. Ejemiň owadan ýylgyryşy bar eken.

Gözümi açdym. Ýazyp ugradym.

«Hemmeler bir dünýede ýaşap ýören ýaly. Emma her kimiň öz dünýesi bar. Bir uly dünýäň içinde birgiden ownukly-irili dünýeler… Meni dünýä getiren ejemiň dünýesem oglunyňkydan başga… Özem şeýle tapawutly dünýe. Ejem ikimiziň dünýämiziň arasynda kyrk ýyla golaý wagt ýatyr. Ol meniň dünýämden şeýle daşda, menem onuňkydan. Ýaňy ejemiň geçen ýolunyň ýarsyna ýetipdirin. Dünýäm gözüme ownuk görünýär. Ol şeýle bir kiçi, onda başgalara ýer ýok, özüm zordan ýerleşýän. Birgiden kiçijik dünýäler. Mümkin, olar kiçem däldir. Arasynda dünýäň özündenem ululary bardyr, kim bilýär».

Depderçämi ýapdym. Synpdaşlary ýatladym. Düýnki görenlerim bilen mekdep ýyllaryndan aňymda galanlary deňeşdirdim. Başga-başga keşpler.

…Birinji synp bolsa gerek. Birgiden çaga bolup mekdebiň jaýyndan ylgap çykyp barýarys. Elimdäki torbajygym agyrmy ýa özüm ejiz, haýal ýörämsoň, deň-duşlarym deňimden geçip gidip dur. Soňuna galyp barýanymy duýýan. Deňimden ylgap geçip barýan synpdaşlarymyň biri ýüzinligine ýykylyp gitdi. Hiç zat bolmadyk ýaly deňinden geçip gitdim. Ony kimdir biri ýerinden galdyrdy.

— Özüň ýykylybam aglaýaňm-aý?

— Özüm ýykylmadym, Rüstem ýykdy.

— Rüstem-ä seň ýykylanyňam görenok. Tursan-aý. Öňüňe seredip ylgarlar.

— Rüstem ýykdy, Rüstem ýykdy…

Men adymyň tutulýanyny eşitsemem, yzyma gaňrylman gidip barýaryn…

Ýaz çykanda ejeme şol legenli gürrüňi ýatlatdym.

— Eje, ýör. Haý, ýöne olary tapsak diý.

— Näme tapman! Sorap Käbäni tapypdyrlar. Sorap, idäp taparys…

Içimden: «Günlerem şeýder geçer durar, ýazan zadymam bolmaz» diýip pikir etdim. …Ondan bäri telim ýyl geçipdir. Men ýene-de iş stolumyň başynda. Bir wagtlarky, ýazara zat tapman bolup ýörşümi ýadyma salyp başymy ýaýkadym-da, halallygy baýdak edinip ýaşan ejem hakyndaky hekaýamyň ilkinji setirlerini kagyza geçirdim.


46

10

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 xuliganka [off]
  la principessa di papà💚🌸
 09.02.2024 / 07:45

+0

👍👍👍👍👍👍

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ajy hakykat!


mmmm bah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Мерет (Şugün, 11:25)

Ene yuregi


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
Kicxikge (Şugün, 11:11)

kakam barka


...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Kicxikge (Şugün, 11:10)

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 09:45)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


...dowamy...

Ene yuregi


Gowe eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 09:43)

ayal dogan


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
BAYOGUL (Şugün, 09:42)

ayal dogan


Mldess...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
Prenses (Şugün, 07:56)

ayal dogan


...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
Kicxikge (Şugün, 05:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика