“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
"Durmuşda herkim birini tapar, emma bir-biriňi tapmak örän az adama miýesser eder" _zveezda

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bagt diledim – yşk berdiler
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 09.02.2024 / 11:24
 #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek

Sabrym sagadyna kän bakýan boldy,
Salgym atýan boldy ömrüň sen taýy.
Şat günleň ýeňsesin el ýaly eden
Gussalar
Süňňüme siňýär demsaýy.

Eliň aýasynda ýer eden ýürek,
Ýarasyna, ýamasyna seretmän,
Urup dur,
Deňine urýan buduma.
Ykbal bizi sürgün etdimikä ýa
Bulut gabaklardan, diňmäni bilmän,
Sowuk ýagyşlaryň guýýan ýurduna?

Köz galypdyr ody alnan gözümde,
Köňlüň asfalt köçesinde yzym ýok.
Umyt diýip göge uçuran guşuň
Güneşiň öňüni tutdy,
Bileňok.
Bizden näme gitdi?
Gökden-ä – ýagty.

Wah…
Saýa salmady,
Kölege saldy,
Telleri ogşalan ynam daragty.

Her kim öz agyrýan ýerini tutýar,
Agyrýan ýerim – sen,
Tutaýyn nädip?..
Indi senden alyslara çagyrýar,
Ýama tutmaz ýürek,
Ýamaly ädik.
***

Ş

Ýeri, bagryň dilip şuwlaňda näme!
Sesiň nirä ýeter?
Ýelginiň nirä?
Derdiňe kim düşer, alnyňdan dirär?!

Derdiň – suw,
Hiç kesiň topugyndan däl,
Alsa-da jahany holtumna dolap.
Sen-ä towlanarsyň hasratdan ýaňa,
A olar el çarpyp bererler jogap.
Şonda saňa tans edýänsiň öýdenler
Agyňa-da düşünmezler hazanda…

Saňa aýdym aýdýarmykaň öýderler,
Goşgudyr öýderler meniň ýazanma.
***

T

Men bagtymy tapdym – ýatan ekeni.
Oýaryp bilmedim,
Oýarjak däldim,
(Ertiriň şerinden bolup hantama,
Gör, näçe agşamyň haýryndan galdym,
(Sogaby – sanana!)
Ýöne nämüçin,
yşk badasy gysymymda çat açýar?
Nämüçin aýralyk, namart aýralyk
sen ýanymda ýok mahalyň sataşýar?..)

Içimden gygyrdym.
Daşymdan dymdym.
Dymdygymça kalbym boldy set para.
Indi gaýdyp arzym aýtman Jepbara:

Bagt diledim – yşk berdiler,
Berdiler
düýşde çekip bilmejegmi huşumda,
Men bagtymy tapdym,
Ýatan ekeni,
Ötübilmän durun indi duşundan.

***
BAGYŞLA!

Goýsana,
Aýagym hiç haçan huma oýulmaz,
Gyzyl bolup çykmaz gum diýp garbanym.
Çyndygyny giç bilerin oýunlaň,
Ýaşlygymy söýget edip garraryn.

Hyýallardan aýňalaryn, tisginip
Jübimde uwlaýan itiň sesine.
Şonda gyş oýanar göreçleriňde:
Agy – saça,
Sowgy – ýürege siňer.

Maňlaýsyz bolsamam,
Maňlaýyma gözleň garasy ýokar.
Söz berip, soň berip bilmedik bagtym,
Garga döner,
Gelip gözümi çokar.
Çokar-da, açar ol meni körlükden…

Dyz çökmerin men!
Düzerin bagtymyň mozaikasyny
Wyždan aýnasynyň gyýçaklaryndan!

Mukam


50

5

2

2

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 xuliganka [off]
  la principessa di papà💚🌸
 09.02.2024 / 13:24

+1

Tasirli

 Täzeje
 baanu [off]
  beni anlamarsiniz siz daha kücüksiniz o yuzden
 09.02.2024 / 13:47

+0

Yene yetirip du sholor yaly goshgulary

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Basarmadym olmegi (sana bagyslayan biwepam)


Bravo...dowamy...

Ölmän galan oglanjyklar


Ozn duzznmi gowy bolpdr ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
Yekejelai (Şugün, 13:29)

Betbagyt gyz 5


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
Yekejelai (Şugün, 13:27)

Owadanlyk bagtmy?!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadanlyk bagtmy?!
Yekejelai (Şugün, 13:26)

Ajy hakykat!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Yekejelai (Şugün, 13:25)

Ajy hakykat!


mmmm bah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Мерет (Şugün, 11:25)

Ene yuregi


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
Kicxikge (Şugün, 11:11)

kakam barka


...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Kicxikge (Şugün, 11:10)

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 09:45)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика