“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Duşman syryñy ogurlar, dost ýalñyşyñy dogurlar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Caga terbiyesi hakynda gurrundeshlik
Premium
 Dreamfull [2m]
 12.02.2024 / 17:46
 Цамие лутшие сказки живут наших сердцах

Ilki bilen'Salam!'eziz saytdashlar,sizi gorenime oran shad,hemmejanizin yagdaylarynyz gowydyr diyip umyd edyan we munan beylakde janynyzyn sag bolmagny seyle hem bagtly masgala ojagynyzda ocmejek mahir muhabbet arzuwlamak bilen bugunki gurrin berjek temama bashlamakcy.Bizin bilshimiz yaly herbir turkmen ilmizin masgalasynda ,masgalany has hem guwandyryan,begendiryan caga gulkisi bardyr yone menin size yetirmekci bolyan sowallam su cagajyklaryn geljegi hakynda yagny olara nahili terbiye bermeli?'
1)Bilshimiz yaly gaty kan masgala yash gaty yashlykdan durmush guryalar we olaryn ozleri caga bolupdurka cagajyklarna nahili terbiye berip bilerler?
2)Oz gayynene-atasy bn yashayan hojalyklarda caga iki terbiye bm onup osyar ,bu yagday caga juda zyyan berya ahmal onun laliksiremegne ya psihologiyasynada tasiri degip biler.
3)Ene-atasy ayrylshan cagalar,hazirki dowurdeha sany sajagyda yok,olar ejesindenem kakasyndanam gecip bilman ikisinin arasynda kokenek bolyar okuwa ady hem agzalanok bir gunlik ene-ata mahrine zar
4)Caga eneke tutup bakdyryalar,eyse bu halda o caga oz ejesinden mahir alyp bilermi?!Onun gylyk hasyeti nahilek bolar?
5)Kop oba ya shaherlerde ar-ayal sowishende cagasynyn yanynda sowishyaler,duybinen bolmajak zad bu,oglanjyk ya gyzjagaz seyle adamlardanmy gorelde almaly bolya?!
Bular durmushdan alynan mysallar we sowallar,eger garshy bolmasanyz her bir agza'Bizin geljegmiz bolan cagalara nahili terbiye bermelidigni'oz pikirine durmush tejribesine layklykda kommentarya bellap gecse juda hoshal bolardym.!!!


168

21

13

4

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 Belki [off]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 12.02.2024 / 18:28

+0

Salam. 1-nji, 2-nji, 3-njiñ umumy garalyp bolmajak sowalmyka diýýän. Pylanyñ maşgalasy diýip sorasañ, şol maşgalañam içinde bolup öwrenip jogaplaýmasam.
4. Eneke belli bir wagt araçäginde çaga bilen gyzyklansa, ene-atada galan wagty çaga bilen wagt geçirse. Eneke has talapkär çemeleşse, ene-ata-da oña garañdä mähirli çemeleşse mesele bolmaz.
5-njiñem sowal däl-de öz pikriñi aýdypsyñ. Oña-da ýalñyş diýjek ýok bolsak gerek.

 Özümiziňki
 Belki [off]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 12.02.2024 / 18:32

+0

Aslynda çaga terbiýesinde ene-atañ öñünde duran iñ esasy sowal şu. Çaga nähili çemeleşmeli.
a ) Mähirli
b) talapkär.
ç) ýerine we wagtyna görä.

Mähirli çemeleşseñ çaga lälik bolmagy mümkin, talapkär bolsañ söýgä, mähre mätäç bolup ulaljak, ýeri we wagtyna görä diýseñ, çaga iki dürlem täsir etmegi mümkin. Haýsy tarapa ýykgyn etjegini bilip bolmaz.


Premium
Dreamfull  (12.02.2024 / 18:38) 

Belki, Seylelikde nama salgylanmak mumkin?!Haysy ugurdan cemeleshmeli


Özümiziňki
Belki  (12.02.2024 / 18:43) 

Dreamfull, ol soragyñ jogabyny men bilemok. Her ene-atañ öz saýlawy. Şonda-da bilýändigine ynanýanlar jogaplasa begenerdim


Premium
Dreamfull  (12.02.2024 / 18:52) 

Belki, Menem su maksad bn acypdym oza mowzugy.

 Özümiziňki
 Belki [off]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 12.02.2024 / 18:47

+1

Şu ýerde öz eden bir açyşymy paýlaşaýyn.Belki, arañyzdaky ata-enelere, pedagogik işgärlere peýdasy deger:
Çaga ses gataltmak asla işe ýaramaýan usuldyr. Tersine pyşyrdap diýen ýaly ýuwaş tonda geplemek täsirli bolýar. Sebäbi, çaga seni juda möhüm, hiç kim eşitmesiz syry özüne aýdýan ýaly kabul edýär.


Premium
Dreamfull  (12.02.2024 / 18:53) 

Belki, Sol sanda tayak bilen hem terbiyani yola goymak asla mumkindalmika diyyan dogrymy?(kopler urupdushindirya kici diman kan goryen)


Özümiziňki
Belki  (12.02.2024 / 20:00) 

Dreamfull, çagada söýüp sylamak diýlen düşünje ýokmyka diýýän. Şonuñ üçinem terbiýe meselesinde çekindirmek gerek diýeniñi etdirip bilmek üçin. Men häzir 28 sany çaga ideg edýän. Olaram hemmesini bilelikde öz agzyma seretdirjek bolsam, hökman şol ýoly ulanýan. Eger meniñ öz iş wagtymyñ dowamynda häli-şindi çaga bilen gyzyklanmak ýaly mümkinçiligim bar bolsady,onda beýtmesemem etmezdim. Emma bu mümkin bolanok. Meselem 6 sany çagany säherlige tansa taýýarlamaly, galan 22 sany çaga şol wagtd


Premium
Dreamfull  (12.02.2024 / 22:10) 

Belki, Ahmal

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 12.02.2024 / 19:33

+0

awtora sorag beresim gelýä mowzugada göz gezdirdim, siz nähili terbiýe aldyňyz, nähili maşgalada önüp ösdüňiz? Hiç-hili ejeňiz-kakaňyz käýäp gygyrmadymy (urmadymy)? Türkmeniň maşgalasynda has hem biziň çaga bolan ýyllarmyzda (bu wagda çagasyny urýan, gygyrýan az) urlup ulanmadyk çaga ýokmyka diýýän, sen öz alan terbiýäňe nähili garaýaň? Ejeň-kakaň beren terbiýesine nähili baha berýäňiz?


Premium
Dreamfull  (12.02.2024 / 19:52) 

Arzuw, Men dayzamdan we oz gyzdoganymdan terbiye aldym oz ene atamdan almandym ,hawo senki dogry urulubam ,sowilibem terbiye berlen yermizem boly esasy @Belki agzan belleyshi yaly yuwash cemeleshen kan bolupdy buda shetdatlyga dal beter sadalyga getirdi bu sozim bn men ozimkileri gunakarlap bilmezmikam diyyan.Bir terbiyede halamayan zadmy bellap geceyin oda(oba yerlerinde kan bolian zad)gyzlary yeke shahere ya bayramlara yygy_yygyean goyberlenok otunide kapasa edyan kan onsan cagalykdan b


Özümiziňki
Arzuw  (12.02.2024 / 20:35) 

Dreamfull, seň bu diýýäniň şäher gyzlarynada degişli, menä muňa garşy däl ,,Gyz gyzyldan gymmat" diýilen söz bar. Ene-ata çagasyny goramak üçin edýä, bu wagt her-hili zat eşidýän, ejemiň kakamyň beren terbiýesindenem närazy däl


Premium
Dreamfull  (12.02.2024 / 22:08) 

Arzuw, Ol men pikirimdi elbetde.

 Özümiziňki
 Belki [off]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 12.02.2024 / 20:03

+0

Dreamfull[/b], Meselem 6 sany çagany säherlige tansa taýýarlamaly, galan 22 sany çaga şol wagtda boş. Olary saklajak bolsam hökman olar menden çekinmeli. Ýa-da hiç bolmanda gatnaşyk depdere geleni gelmedigi bellemeli, irdenki menýuny ýazyp, toparyñ burçundan asmaly. Şolary edip oturkañ çagany ümsüm saklamagam başarmaly.
Ýöne bu zatlar topara görä üýtgeýär. Geçen ýylky toparymda temmi bermek ýoly gowy täsir edýärdi. Akylly bolmadyk çagalaryñ adyny belläp, sapakdan soñky oýunlaryma gatnaşdyramokdym. Şol usul bu ýyl o derejede işe ýaramady.
Emma ene-atanyñ işiniñ ýeñil tarapy, olar biz ýaly 25-30 çaga ideg edenok. Ortaça 4-5 çaga. Olar bilen belki diñe temmi ýoly bilenem işleşip bolýandyr.
(ýañky teswiriñ dowamy)


Premium
Dreamfull  (13.02.2024 / 08:13) 

Belki, Dogry

 Özümiziňki
 Unknown_ [4m]
 13.02.2024 / 00:42

+1

Masaru Ibuka~Üçden soň... giç _ şu kitapy okap göräýiň. Mümkin peýdalanyp bilersiňiz diýip umyt edýän.

 Täzeje
 Maksat [off]
  Saglyk Baylyk galany indiki Aylyk
 13.02.2024 / 04:57

+1

Biza sadigada gatnamadyk enem atam terbiyesi sadikdan guycli cykdy tuweleme galanam cagan terbiyesini ene ata bolanyzda bilersiniz nesip bolsa cagany yasdan terbiyelemeli caga sen gozuni gorende sen name diyjek bolyanyna dusunmeli on un urup yencmegem gerek dal esasy erbet endikleri hapa soguncleri cagan yanynda etmeli dal we ar ayal birek biregi kemsitmeli dal cagan yanynda sen arine sogsen arinem seni ursa sogse caganam ulalanson sonyaly etyan eken gore gore gelinyan hakykat ozem zandynda edep bolmasa caga edepli bolmazmyka diyan men pikirim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Basarmadym olmegi (sana bagyslayan biwepam)


Bravo...dowamy...

Ölmän galan oglanjyklar


Ozn duzznmi gowy bolpdr ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
Yekejelai (Şugün, 13:29)

Betbagyt gyz 5


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
Yekejelai (Şugün, 13:27)

Owadanlyk bagtmy?!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadanlyk bagtmy?!
Yekejelai (Şugün, 13:26)

Ajy hakykat!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Yekejelai (Şugün, 13:25)

Ajy hakykat!


mmmm bah...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Мерет (Şugün, 11:25)

Ene yuregi


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
Kicxikge (Şugün, 11:11)

kakam barka


...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Kicxikge (Şugün, 11:10)

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 09:45)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика