“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Apartman lambasının bile fark etmediği insanlarla uğraşıyoruz.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Oýlanma..
 Täzeje
 ViolinisT [off]
 05.01.2024 / 18:05

Hiç garaşmadygyň bir günde, üstünden seneler geçirip garaşan bir habaryň geler:"Täzeden başlalymy?.."
Araňyzdaky boşluklary onsuz geçiren günleriň doldurýarka, garaşan habaryň geleninde hem indi seni täsirlendirmejegine ynanyp gün geçirýärkäň gelen bu habar ýüzüňde ýylgyryş,ýüregiňde ýylylyk döreder. Soňra oýlanarsyň, pikirleriň akylyň we ýüregiň arasynda belli bir karara getirmez. Akylyň bu habaryň ýalňyşdygyny,habary ýazanyň ýalňyş adamdygyny, ýalňyş adama ýazylandygyny, ýazgynyň ýalňyşdygyny aýdar, sebäbi gelip ýüzbe ýüz gürleşmek barka, her bir ýazylan habar ýalňyşlykdyr diýer. Akylyň oňa mümkinçilik bermezligi, sen ýaşan günleri, sen ýörän agyr,garaňky ýollary onuňam görmelidigini aýtsa, ýüregiň aklyň tonuna bütinleý ters sazy hiňlener. Sen öňem ýüregiňi diňläniň we kän ejir çekeniň üçin,aklyňa gulak asmalydygy barada karara gelersiň we ýüregiň her urgusy onuň ady bilen urýarka teklibini kabul etmekden ýüz öwürersiň we gün geçip ol seniň ýaşan günleriňi ýaşaýanyny, seniň ýörän agyr,kynçylykly,garaňky ýollaryňdan ýoreýänini bileniň üçin senem ol ýollardan täzeden ýöräp başlarsyň, kynçylyklary täzeden çekersiň, sebäbi onuň gynalmagyna sen sebäpçidigiň ruhyňy gynar.Gören kynçylyklaryňy onuňam görmegine dözmeýänligiň bir zada göz ýetirmegiňe elter:Aslynda şunça sene unutdym diýip ynanyp ýören ýalanlaň özüňi aldamakdan başga zat däl. Ol entägem ilkinji gezek göreniňdäki ýaly ýüregiňi tolgundyrýar. Entägem onuň aýdan sözleri kelläňde,sesi gulagyňda ýaňlanýar."Gelşikli görnüşi bardymy ýada gözlerim şeýle görýärdimi" diýen soragy özüňe beren bolubam ýatlaýaň keşbini. Gülüşini, gaharlanyşyny, gürleýşini, dymyşyny her ýagdaýyny söýýäniňi duýýaň we ahyrynda bir zada göz ýetirýäň we özüňe şeýle diýýäň: "Ýene-de ol ýeňdi"

Abat Aşyrgeldiýewa


87

20

9

4

1

0

3
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perman [42s]
  ▪ Ýylgyr, gussalarñy unut bir sellem◀
 05.01.2024 / 18:11

+3

Ol entägem ilkinji gezek göreniňdäki ýaly ýüregiňi tolgundyrýar. Entägem onuň aýdan sözleri kelläňde,sesi gulagyňda ýaňlanýar.

 Özümiziňki
 halmyradov [off]
  #Singer
 08.01.2024 / 16:00

+1

Awtor meň durmusymdan alp yazypdyr😏

 Täzeje
 HAKYKAT [off]
  Beygeldim diyip owunme peseldim diyip gynanma...?
 13.01.2024 / 00:47

+1

Gelşikli görnüşi bardymy ýada gözlerim şeýle görýärdimi" diýen soragy özüňe beren bolubam ýatlaýaň keşbini. Gülüşini, gaharlanyşyny, gürleýşini, dymyşyny her ýagdaýyny söýýäniňi duýýaň we ahyrynda bir zada göz ýetirýäň we özüňe şeýle diýýäň: "Ýene-de ol ýeňdi"
👏👍

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 18.01.2024 / 21:18

+1

ýa-da meň nämämi söýdükä dp sorag berýäň özüňe sebäbi ol seň gözüňde gaty gelişikli bagtly duýýaň özüňi şolar ýaly söýülýäniň üçin bagt guşy gonan ýaly emma hemme zat başdakysy ýaly bolup galaýanokda

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 18.01.2024 / 21:20

+1

özüňi durmuşda utdum dp hasaplaýaň emma habaryň ýok başyňa geljeklerden aslynda sen durmuşdan bir eýýäm utulupdyň...

 Öwreniji
 EpifiZ [off]
  "Hello Everybody, My Name İs..."
 03.02.2024 / 06:29

+0

gelen bu habar ýüzüňde ýylgyryş,ýüregiňde ýylylyk döreder

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 05.04.2024 / 06:44

+0

Ol entägem ilkinji gezek göreniňdäki ýaly ýüregiňi tolgundyrýar. Entägem onuň aýdan sözleri kelläňde,sesi gulagyňda ýaňlanýar."Gelşikli görnüşi bardymy ýada gözlerim şeýle görýärdimi" diýen soragy özüňe beren bolubam ýatlaýaň keşbini. Gülüşini, gaharlanyşyny, gürleýşini, dymyşyny her ýagdaýyny söýýäniňi duýýaň we ahyrynda bir zada göz ýetirýäň we özüňe şeýle diýýäň: "Ýene-de ol ýeňdi"

 Premium
 BAYOGUL [3s]
  ,,Daş" kä bir adamlaryñ ýüreginden ýümşakdyr !
 01.05.2024 / 17:43

+0

Gowy

 Täzeje
 10asevdali [11s]
  Жизнь-это не игра #
 02.05.2024 / 23:25

+0

Gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

soygi we dostluk


bolup bilya yione dostlukda haysam bolsa biri soyya...dowamy...
Erkin mowzuklar | soygi we dostluk
YekeMen (Şugün, 00:42)

Kerim Gurbannepesow - Wesýetler boýunça


Kerim aganyň wesýetlerinden Her bir hoş sözi ýerine düşürip, başaryp aýdyp bilmegiň ullakan ähmiýeti bar. Şeýdilse, kän-kän adamlaryň saglygyny...dowamy...

Kerim Gurbannepesow - Wesýetler boýunça


Mlds...dowamy...

Bilýäňmi?


Govken👍💚...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilýäňmi?
rexha (Düýn, 23:08)

Ýatlamalar bilen saralan ýaram..


Yene biri menden...dowamy...

Ýatlamalar bilen saralan ýaram..


Mlds bir like menden...dowamy...

Bilýäňmi?


Aydymmy bu...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilýäňmi?
Росия (Düýn, 22:17)

Yatdan cykardym


Yöne bilyämiñ sen šo-ol gara gözleñ, Bu oglanlañ birindenem tapamok. ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yatdan cykardym
Yekejelai (Düýn, 21:29)

Diñe seniñ üçin!


...dowamy...

Ahwal


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
Kicxikge (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика