“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Bee your own boss

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Söhbet Döwletow "Özüň günäkär"
Premium
 Sohbet_Dowletow [off]
 01.04.2024 / 11:25

ÖZÜŇ GÜNÄKÄR.

Haýran men, menden soň gelen nätanyş
Kesekiň söýgüsin etmediň inkär.
Utulan men, unudan sen söýgide,
Bu zatlaň barsyna özüm günäkär.

Erkim aldyň elden, aldandym menem,
Belki, özgelerden aldandyň senem,
Näçe ýyllar geçdi, ýatlandyň ýene,
Ýürekde ýitmedik yzyň günäkär.

Dogrusy, sowadym, emma ýatlaýan,
Tozan basan suratlarňy ýakmaýan.
Indi gürlemäge gurby çatmaýan,
“Seni söýýän” diýen, dilim günäkär.

Uzyn saçyň bardy, eliň mylaýym,
Seniň-ä ýaryň bar, meňem hyýalym,
Boljakdyň birwagt mährem aýalym,
Özgä oýun bolduň, özüň günäkär.

Halaşypdyk, jandan, tenden, ýürekden,
Beterleşdi indi halym harapdan,
Hiç kime bakmadyk söýgi tarapdan
Saňa bakan iki gözüm günäkär.

Bu göwnümiň ähli zatdan geçmegne,
Ýürekde söýginiň orny öçmegne,
Bagtlylykdan, bu ahwala düşmegme,
Ýyllar ozal söýen gyzym günäkär.

Söhbet Döwletow
11.03.2024ý.


68

19

6

5

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 01.04.2024 / 11:48

+2

Indi gürlemäge gurby çatmaýan,
“Seni söýýän” diýen, dilim günäkär.

Täsirli

 Täzeje
 baanu [off]
  beni anlamarsiniz siz daha kücüksiniz o yuzden
 01.04.2024 / 13:50

+3

Senem gowy shahyr tuweleme

 Täzeje
 Росия [off]
  Arzuwlaram arzuw bolup galdy
 01.04.2024 / 15:25

+2

Uzyn saçyň bardy, eliň mylaýym,
Seniň-ä ýaryň bar, meňem hyýalym,
Boljakdyň birwagt mährem aýalym,
Özgä oýun bolduň, özüň günäkär.
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍

 Täzeje
 Madmazel [off]
  Maýda şaýlygam sesli bolya edl maýda adamlar yaly
 01.04.2024 / 23:29

+1

jana gowy bolpdyr

 Täzeje
 Yegen [off]
  Geýani jinsi, belli däl jynsy
 01.04.2024 / 23:48

+1

Das edipsin agam galamyn ujy yiti bolsun

 Täzeje
 Firuza [2s]
 02.04.2024 / 23:28

+1

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Betbagyt gyz 5


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
BAYOGUL (Şugün, 23:04)

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


bir zatlary başarmak üçin hiç wagt giç däl. ☝...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


Men birinji like...dowamy...

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


Men birinji like...dowamy...

Ajy hakykat!


Paýlaşmaga birini tap onda, bolmasa-da "dertlerim içime syganok" diýip, tukat bolmagyň manysy ýok....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
Muawiye (Şugün, 22:35)

Toýy guni oli jesedi geldi. Bolan waka...


Bah myn bolupdyr...dowamy...

Toýy guni oli jesedi geldi. Bolan waka...


Toyy goybolsun edipdirler dami onsan?...dowamy...

Millioner


mlds dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Millioner
YekeMen (Şugün, 21:11)

“Söýgi satylmaýar”


okamany yaltanyan...dowamy...

“Söýgi satylmaýar”


"Boldy-geçdi", hakykatdan juda uzak hekaýajyklaryň biri....dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика