Ýürekdeş sözler!
Şugün doglanlar
minze_18 (123-ýaş), Felaket (110-ýaş), Aya (126-ýaş), Menem (5-ýaş), betjee (18-ýaş), ------- (17-ýaş), Yegen (125-ýaş), Simba (123-ýaş), Shapak (34-ýaş)Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
Sanly bilim ugamynyñ ähmiyeti
+6Biziň häzirki döwrümizi tehnikanyň we tehnologiýanyň zamanasy diýmek bolar. Sebäbi her bir işde tehnikanyň tehnologýanyň bolmagy alynyp barylýan işiň depginini artdyrýar, çalt we önjeýli işlemäge mümkinçilik döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda tehnikanyň tehnologiýanyň mümkinçilikleri artdyrylýar. Öňki bar bolan tehniklaryň durky täzelenýär, bu bolsa öz gezeginde önümçi... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 06:57) Okaldy: 97 | Teswir:
Emeli aň tehnologiýasy indi beýni öýjüklerine gözegçilik edip bilýär!
+4Indiana uniwersitetiniň gözlegçiler topary tarapyndan işlenip düzülen ulgam neýronlardan alnan maglumatlary emeli aň bilen seljerýär.
Adamzadyň geljegine uly täsir edýän bu emeli aň tehnologiýasy ylmy jemgyýeti haýran galdyrdy.
Gözleg topary tarapyndan gönüden-göni beýni öýjüklerini ulanyp döredilen çip prototipi dürli adamlaryň seslerini duýmak we tapawutlandyrmak we dürli esasy matematiki meseleleri çözmek ukybyna eýe... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 06:50) Okaldy: 132 | Teswir:
Kompýuterlere degýän iň meşhur wiruslar kesgitlendi
+4ABŞ-nyň kiberhowpsuzlygy we infrastrukturany goramak gullugy (CISA) we Awstraliýanyň kiberhowpsuzlyk merkezi (ACSC) 2023-nji ýylda iň köp ýaýran zyýanly programma üpjünçiliginiň sanawyny çap etdiler.
Hünärmenler, iň meşhur wiruslaryň köp sanlysynyň bäş ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýandygyny we olaryň kodlarynyň ösýändigini düşündirdiler. Zyýanly programma üpjünçiligini iň işjeň ulanýanlar kiber jenaýatçylardyr. Olaryň k... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 06:49) Okaldy: 85 | Teswir:
ABŞ-da aşpezi bolmadyk restoran açylar
+4ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Pasadena şäherinde ýakyn wagtda açyljak täze restoranda aşpez bolmaz. Iýmitlerini ekrandan sargyt eden müşderiler panjara we frýerde robotlaryň işleýşine tomaşa ederler.
“New Altas” neşiriniň habaryna görä, bu desga geljekdäki robot restoranynyň boljakdygyny aňladýar. Miso Robotics tarapyndan işlenip düzülen Flippy robotynyň “gollary” adaty adamyň ýerine ýetirilýän işleri ýerine ýetirip bilýä... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 06:46) Okaldy: 95 | Teswir:
Türkmenistanda GPON tehnologiýasy ornaşdyrylýar
+4Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek üçin GPON (Gigabit passive optical network – gigabit passiw optiki tor ýa-da «müşderä çenli optika») tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça netijeli iş alyp barýar.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde GPON tehnologiýa ulgamynyň 17 941 nokady işleýär. GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň çäklerinde Arkadag şäherinde 20 müň telefon belgisi oturdyldy. Mu... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 06:41) Okaldy: 105 | Teswir:
Abu Aly Ibn Sina
+3Al-Hüseýin ibn Abdallah ibn Al-Hasan ibn Aly ibn Sina 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçen dünýä belli alymdyr. «Sina» sözi «dür deşiji» diýmegi aňladýar. Gündogar ýurtlarynda «Lukman Hekim» ady bilen tanalýar. Günbatarda onuň adynyň ahyrky «ibn Sina» bölegi ýoýlup, «Awensina» — «Awisenna» öwrülipdir.
Buharanyň Afşana obasynda doglan Ibn Sina çagalykdan ýatkeş, düşbi, başarjaň, zehinli bolupdyr. Ibn Sina kakasyna diňe kitap... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 04:57) Okaldy: 94 | Teswir:
Sere gelen setirler
+5Ýazyşyňdaky ýaly ýaşamasaň ýa-da ýaşaýşyň ýaly ýazmasaň, ýazýanyň çöl üstünden ösýän gury ýel ýaly gurak bolar.
* * *
Günüň kuýaş-nury bilen jümle-jahany ýagtylandyryşy ýaly, ýürekden çykýan, mylakatly aýdylan hoş söz we güler ýüz hem ähli köňülleri ýagtylandyrýar.
* * *
Diňlemekde öňde bol, geplemekde — soňda. Ine, şonda sen gowy adam bolup ýetişersiň.
* * *
Doň suwy gyzyl köz eredýär, doň ýüregi — gyzyla ga... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 04:54) Okaldy: 83 | Teswir:
Söýgi hakynda
+4Söýgi adamy döredijilige iterýär, täze-täze arzuwlara ýetmäge ganatlandyrýar.
Ýüregiň söýgä näçe baý bolsa, şonça-da ýaşaýşa höwesiň artýar.
Söýüp bagtly bolýana öýkünme, söýlüp bagtly bolmaga çalyş!
Zenanda mähir bolmasa, onda söýgi uzaga gitmez.
Söýmek — bu birek-birege däl-de, bilelikde bir ugra seretmekdir.
Men seni biziň kimdigimiz üçin däl-de, men seniň ýanyňda kimdigim üçin söýýärin.
Söýmek — diýmek adamy Allanyň ý... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 04:51) Okaldy: 97 | Teswir:
Ýürek namasy
+4Eje … seniň durmuşdaky ornuňy, perzentleriň kalbyndaky saňa söýgini dünýäde hiç zat bilen deňär ýaly däl. Sen biziň öýümizi gyşda bahar edip bilýän, gussalansak göwnümize şatlyk getirýän gudrat. Biz saňa söýgimizi kän dile almasak-da seni biçak söýýäris. Durmuşyň çarkandak ýollarynda başagaýsyrap ýörşümize daşymyzdan bakyp belki käteler bizden närazy bolýan bolmagyňam ahmal. Garşyňda oturyp bu sözleri aýdyp bilmedigim üçi... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 04:46) Okaldy: 83 | Teswir:
Iň gymmat metal altyn barada
+3Alymlaryň çaklamalary esasynda gelnen netijelere görä altyn ýer ýüzüne kosmosdan gelip düşen madda hasaplanýar. Kosmosdan ýa-da älem giňişliginden Ýer planetasyna gelip düşen asteroidleriň düzümi öwrenilende onuň düzüminde altynyň barlygy anyklanyldy. Arassa görnüşdäki altyn örän ýumşak material bolup ony el bilen hem deformirläp bolýar. Altynyň ýene-de bir aýratynlygy ony iýmit hökmünde peýdalanmak mümkindir. Altynyň teb... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 04:41) Okaldy: 84 | Teswir:
Tasinlikler
+3Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.
Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.
Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.
Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard to... dowamy »
xuliganka (07.02.2024 / 04:36) Okaldy: 85 | Teswir:
Ýoldan tapylan ýüzlük
+1Haramy,halaly saýgarmaýarkam,
Entek bilmeýärkäm,näme ol ynsap?
Tapypdym köçeden bir gökje ýüzlük,
Barýarkam dükana çalaja ylgap.
Hiç zat bolmadykdek ýola rowana,
Tapylan ýüzlügi alyp elime.
O puluñ meniñki däldigne welin,
Öýmüze gelemsoñ düşündim diñe
Dolanyp geldim-de giden ýerimden,
Kakama görkezdim gökje ýüzlügi.
Ol hem gaharlandy,gyzardy çenden,
Şo ýerden başlady "Edep sözlügi"
Gygyrdyňmy "bu pul kimiñki" diýip?
-ý... dowamy »
Aypipijik (06.02.2024 / 20:17) Okaldy: 100 | Teswir:
Söýenime beriň meni jan Eje?!
+4Meni salma, sen öz düşen günüñe,
Baý bolsañam,duşduñ kynlañ müñüne.
Mugt geleniñ kän basdylar ýüzüñe,
Baý durmuşly pikiriñden dän eje,
Söýenime beriñ meni jan eje?!
Kemsitme sen,goý bolsunlar obaly,
Obalylar ýalñyşsa-da tobaly.
Pula satmak "dessuryndan" galaly,
Garyp bilen iýjek gaty nan eje,
Söýenime beriñ meni jan eje?!
Mañlaý derden çykan çörek süýji bor,
Ana şolam çyn söýginiñ güýji bor.
Şu wagt oýlan,Arman etmek aj... dowamy »
Aypipijik (06.02.2024 / 20:09) Okaldy: 98 | Teswir:
Döwrüň ritoriki sowallary
+3Gulundan däl, Hakdan edip dilegi,
Özümizi kyna dözsek näderkä.
Agyr dälmi barlylaryñ küregi,
Garyp gämimizde ýüzsek näderkä.
Maşa bolsañ düşnükliräk ýalydyr,
Adyñ Maýa,saçyñ neçün sarydyr?
Türkmenligñi gizlemändir barybir,
Maýajan,şol reñki pozsak näderkä
"Namys"diýlen täsin ýazgy barmyşyn,
Ýazdyraýsañ gepden goraýarmyşyn.
Döwrüñ erkeklerne uly haýyşym,
Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä
Öwen bolup syryñ ýaýar Äleme,
I... dowamy »
Aypipijik (06.02.2024 / 19:45) Okaldy: 95 | Teswir:
men ulakan ulakan adamlar bn dostlasasym gelyada
0Salam arkandaslar onatmyn men ulakan adamlar bn dostlasasym gelya diyadim yone indi gerekdalow gerekdal ona gerekli zatlar sulardan duzulyar ekeni
1 pulyn kop bolsa
2 masyn mersi yada bwe
3 ejen kakan bolmaly
4 ulakanam gapjygyn bolmaly
5 sol gapjykda hem pul bolmaly
Gapjygyn gowrumam kamersant sunka yaly bolmaly egnina dal arka asylyan sumkamysyn!?
Mena doslajagam dalow sagbolunow diyip gaytdymay ay name kone dostlamdan... dowamy »
Akademik2 (06.02.2024 / 19:31) Okaldy: 75 | Teswir:
Arakkeşiň Ejesiniň nalasy
+8Dumanlap dur mydam öýümiñ içi,
Tüsse ýok edipdir,külbäniñ nurun.
Keç pelegi satyn alyp başyña,
Satypsyñ arassa ýollaryñ ugrun
Käseler çaý küýsäp,çatlap başlady,
Jaýryldy ýürekler küýsäp mähriñi.
Eneñ hiç,ylaýym eneñ gurasyn...,
Gorasañ bes gelne beren ähdiñi
Haýsy günäm üçin beýle dogduñ sen,
Il ýaly geýdirdik, iýdirdik il deý.
Guwanyp göz ýaşlar dökjekdik welin,
Nalalardan ýaña ajy ýaş sil deý.
Çagalañ islänok senden... dowamy »
Aypipijik (06.02.2024 / 11:39) Okaldy: 112 | Teswir:
..
+8Käbir aýallara melek diýýäňiz
Perişde diýýäňiz göçme manyda.
Düşünýän, wah ýöne meňzetmelerňiz,
Baranok olaryň golaý ýanyna.
Göçme manydaky meňzetmäňizden,
Kellejigi göçen käbir melekler.
Özlerini şeýle elýetmez öýder,
Soň özüne, boluşyna seretmez.
Onsaň şulaň bary ýadyma düşse,
Iki baka çarp urýaryn telbe dek.
Siz aýdyň, aýal niçik bir melek.
Mysal üçin Ezraýylam bir melek.
Siziň melek diýýän zenanlaryňyz,
Sözüň do... dowamy »
zveezda (06.02.2024 / 11:33) Okaldy: 127 | Teswir:
Arzuw hyýallarymyň, hyýallary we nalalary
+2Zöwwetdin diýsänim,gurasyn boýuñ,
Ýoklaý bu adam däl,duranja goýun
Goýunda bolsagam barardyk başa,
Ýazdan,güýze geçip galmazdyk gyşa.
Bitirip bilenok, bu hiç bir işin,
Synlap ýadadyga ýaltanyñ düýşün.
Ýatyp barymyzy uka siñdirýär,
Beýnini öçürýä, bizi diñdirýär
Onsañ nädip beýle amala aşjak,
Halkyñ bähbidine goşandyñ goşjak?
Iki setir ýazyp, dünýä syganok,
Ýazanlarnyñ ýary şaýa degenok
Biz ýasajak bolýas,bu boşdan beýik,... dowamy »
Aypipijik (06.02.2024 / 11:30) Okaldy: 82 | Teswir:
Jyda etmegeý?!
+3Erkekdeý geleni,erkekdeý ýaşap,
Erkekdeý ölmekden jyda etmegeý!
Musulmançylykda jesedi ýaslap,
Hormatlap gömmekden jyda etmegeý?!
Ýogsa ýitip barýar ýasyñ agysy,
Mertsirän bolup dur süýtdeş agasy,
Galjak miras,ýitiripdir namysy,...
Ynsaba dönmekden jyda etmegeý?!
Bir-birekden görüp perzentsizligi,
Unutdylar"Ýazgyt"diýen düzgüni,
Sabyr berip Allam,dünýäñ düz güni,
Ynsany önmekden jyda etmegeý?!
Diñe mert ynsanlar derdi... dowamy »
Aypipijik (06.02.2024 / 11:24) Okaldy: 109 | Teswir:
Töhmet
+5Şeýtan öz oglunyñ golundan tutup,
Alyp çykdy zemin tanyşlygyna.
Elini uzadyp asmana,ýere,
Göz aýlatdy dünýän giñişligine.
-Oglum ol görýäniñçerkezdir, sazak,
Ýanmaklyk ukyby bardyr olaryñ.
Bu görýäniñ bolsa gulandyr, atdyr,
Ýüwrüklik ukyby bardyr bularyñ
Hanha ol kiçijek akja derili,
Zyýansyz haýwandyr ady hem Towşan.
Kän zat hem iýenok öz garny üçin,
Gözläp ýör mydama käşirdir,ýowşan
Garaz tanyşdyrdy sygyr, it bilen,... dowamy »
Aypipijik (06.02.2024 / 11:19) Okaldy: 84 | Teswir:
Jemi mowzuk: 1596
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta




