Ýürekdeş sözler!
Bolmagyn uýam
rexha [off]
24.02.2024 / 12:44
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Saç ýaýradyp, gysga köýnegiñ geýip
Özüñi görkezip ýörmegin uýam.
Gyza gelişmejek sözleri diýip
Il içinde gep-söz bolmagyn uýam.
Ar-namysyñ gorap saklagyn hökman,
Erkek gujagy däl, derdiñe lukman,
Gelin bolup tar-tar saçlaryñ bukman,
Abraýñy gaçyryp ýörmegin uýam.
Gitmegin her ýigdiñ aldow sözüne,
Çalmagyn her hili reñki gözüñe,
Üns bergin her bir aýtjak sözüñe,
Hiçem biparhlardan bolmagyn uýam.
Mydama diniñe ynamly seret,
Bolmagyn her ýigdìñ keýpine belet,
Asyl bolup sen, öz durmuşyñ gül et,
Dar köýnekde gözden düşmegin uýam.
Söhbet diýr, arassa türkmeniñ gyzy
Diýdirgin, ýerinde edebi-sözi,
Mähirli alçakdyr ol gara gözi,
Bu oglandan gaty görmegin uýam.
Awtory: Söhbet Dowletow
124 |
16 |
2 |
10 |
0 |
0 |
6 |
Teswirler:
BAY-HAN [off]
Ýüregi ýüregime syrdaş...
24.02.2024 / 14:00
+1
minnetdar, ýetirip dur
афганка (24.02.2024 / 14:04)
BAY-HAN, bolýa)
baanu [off]
Aglamadym diysem gowudur öýütýäler
25.02.2024 / 22:20
+1
Goshy goshgy eken tuweleme
Soňky teswirler
Minigim gyz
Men poctama ugraday aydyma ugradyp bolyan bolsa dinlasim geldi profilimde electron poctam bar...dowamy...
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Okap barýarkaň hakyky diýip geçen ýerim az däl okanlaň hersi bolmanda her ýerinde diýsede şul-a dogry diýendir. Hersi üçin ýazyp başlasam mowzukd...dowamy...
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Öňem bir tanyşlaň biri, maşgalasynyň gaşyna çenli elletmeýän aňryk gidip täze pikirde: türkleňki ýaly daňynsaň (hijap hem däl sözüň doly manysynd...dowamy...
Söýgümiziň synagy
Ylhamy getirýän diri aýralyk oguşýa. Kakalykam "kakasyzlygyň yzasy" maňada az ýazdyrmandy......dowamy...
Söýgümiziň synagy
A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka? Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry.....dowamy...
Söýgümiziň synagy
Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...