“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Belki : Seni görenler göwnüñe laýygyny tapypsyñ diýdiler. Diýdim göwnüm neneñ owadan eken #Belki

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Hakykatyň ýükün gerdenme ýükläp
 Özümiziňki
 Vector_Pro [off]
 01.12.2025 / 07:10
 Köçe Mekdebi. Ynam däl, kynçylyk öwretdi.

Hakykatyň ýükün gerdenme ýükläp,
Güýjüm ýetmän arkamdaky gülbere.
Lütüm çykdy,Lut deý Hakyň sözüni,
Adamlara aýda-aýda,ýalbara.

Menem adam,ahyrsoňy ýadadym,
Daş zyňanyň garşysyna gül bere.
Dogry sözüm iblis ýüpün kertmänsoň,
Näme bolsa şol bolsun-a ýol bere.

Mundan beýläk çyrpynmagmy beş edip,
Arkamdaky ýagşyzada gol bere.
Men dynçlyk küýsedim öli deňziniň,
Sarsman ýatyşy deý, öwsen ýellere.

Gyzylgül Annagylyjowa


144

15

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Abdylla18 [off]
 02.12.2025 / 00:40

+1

Men Gyzylgul uyamyzyñ kan goshgylaryny okadym we dush gelen yerinde sypdyrman okayan. Onuñ goshgylarynda, has dogrysy ozalky shygyrlarynda shahyryñ pikirleri ynsanyñ ruhyýet alemine okyjyny gönükdirýärdi. Ynsanyñ añyndaky magnawyÿet taglymaty ylahy taglymatyñ bir synasy hokminde suratlandyryan şahyr icki hyjywynyñ guyji bilen ylahy aleme telwas uryardy.


Özümiziňki
Daniel  (02.12.2025 / 09:36) 

Abdylla18, WOW...

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 02.12.2025 / 09:38

+1

Gowy yazlypdyr

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->