“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Alladin : Iň gowsy ýekelik,söýgüň sony name etsenem ikilik

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Aşyr aga bilen Witýa daýylar gerek bize ýa-da hünär boşlugy ýapmaly /
 Täzeje
 Basmacy [off]
 01.12.2025 / 11:20
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

Soňky döwür ýokary okuw jaýlara girip bilim almak durmuşyň uly bir aladasy boldy. Esasanam ene-atalar çagalaryň kellesini kän agyrtýalar. Meselem biznesmen(iş adamy) ýa-da Nebit-gaz ugrundan okuwa salaslary gelýä çagalaryny. We öz şahsy terjibämden aýtsam, köpüsi çagalar bilen maslahatlaşman salýalar şol okuwlara. Bunuň esasy sebäbi hem pul we abraý bolup biler. Käşgä okanyň bilen biznesmen bolup bolsady... Diýlişi ýaly küýkini gabyr düzeder.

Öňräk kondisionerymyz döwüldi, bir iki ýere jaň etdik. Aý - maý diýdiler, motory çalşmaly diýdiler... Garaz gymmat düşjege meňzeýädi. Soň bir tanyş üsti bilen bir ors adamy tapdyk. Ýüzüni görenimden begenip gitdim, birhili bejerjege meňzeýädi. Eşigi ýagly, elleri hapa, maşyny köneje. Şakyr-şukur açdy kondisionery, motoryny çykardy, bir günden habar tutarn diýdi. Ertesi gün jaňlaşdyk, ýaňky motory bejerdi we bahasy jaň eden ýerlerimizden iki esse arzan boldy.

/

Öňler menem hemmezady söküşdirip bejerjek bolup ýörerdim, antenamyzy bejeren wagtym ýadyma düşýä, soň dagy bütün goňşularymyz çagyrýady bejermäge. Şumat bolsa birzat çala döwülse birini çagyryp düzetdirýän. Ýöne erbet taraby şumatky ýaş ussalaryň köpüsi zat bejerip bilenok, şol detalyň täzesini zakaz edip goýup bilýäler. Bejerip bilýän Aşyr agalar we Witýa daýylar bolsa hemmesi 50 ýaşdan geçen adamlar. Olaryň işinde gaty gyzyklanma bolmansoň okuwçylaram (şägirtlerem) ýok. Bunuň sebäbi şu mesele bolup bilermikä diýip oýlanýan:

Elektrik ýada santehnik bolmak ýaşlaryň arasynda masgara bolmak bilen deň mana gelýä. Ýaltanmadyk söwda bilen bolýa. Oglan ene-atasyna men elektrik zatlary bejermäge gowy görýän, ýada agaç bilen işlemäge gowy görýän, plotnik bolasym gelýä diýse (Diýmeýä, ýöne diýse diýip kabul etsek) ene-ata göni negatiw reaksiýa berer. Bahanalaram taýýar, ýa puluň bolmaz, gyz tapmarsyň diýer, ýa goňşyň ogly Rossiýada biznes okaýa biziň nä kem ýerimiz bar diýer, ýada nebit-gaz pudagynda pul kän diňe şony okarsyň diýer. Şeýdibem çaga öz halaýan zadyndan utanyp ugraýa we başga ugurdan gidýä okamaga. Indi şol çagadan ne plotnik bolar nede biznesmen bolar, kösener ýörer. Şeýdibem proffesionalizm ýetmeýän adamlarymyz köpelýä. Beýleki tarapda bolsa moşennikler köpelýä. Özüne ussa diýip dünýäň puluny sypyrýalar. Ol puluň ýarysyna täze detal alyp dakyp goýberýäler, ýada gaty nekaçestwennyý iş edýäler.


///

Şeýlelik bilen jemgyýedimizde uly hünär boşlugy döreýä. Şol hünär boşlugy doldurmagyň ýeke çykalgasy bar men pikirimçe. Çagalararymyzyň isleýän zatlaryna hormat goýmaly. Bu santehnik/elektrik bilen baglanşykly negatiw stereotipleri ýok etmeli. Pul hem problema bolmaz, gyz hem. Şumat şol ors adamyň boş durýan wagty ýok, günde şeýdip 4 kondisioner bejerse jübüsinde 2mln manat bolýa. Yzyny siz hasaplaberiň. Bir görseň özüne masterskoýjagaz açynar we hälki islemän biznes okan oglandan näçe esse bagtly we üstünlikli bolar. Dostlarymyzyň arasynda elektrik enjamlary bejermegi halaýanlar bar bolsa biz goldamaly, sebäbi soňunda bize hem peýdasy bolýa. Döwletimiz Bangladeşden, Hytaýdan şonça işgär getirýä, bulaň barsy dünýäň puluny alýalar. Biziňkiler bolsa biznes okap ýörler, okabam bir firmada ýada hökümetde maşennik bolup ýetişýäler.

///

Elbetde biznes bilen meşgullanýan adamlaram gerek, ýöne biznese gyzýan/gyzyklanýan adam meşgullansyn. Deň agramly jemgyýet gerek, diňe biznesmen we adwokat bilen bu iş bolmaz. Aşyr agalara we Witýa daýylarada biraz goldaw berilmeli, biznes okaýanlar şolar bilen gepleşip masterskoý açmaly, okuwçy okatmaly. Bulaň hemmesi bu uly boşlugy ýapmaga azda kände kömek edermikä diýýän.

////

Bilmedim, aýtjak bolan zadymy aýdyp bildimmi. Siziň pikirleriňize garaşýan!


117

26

5

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Fantom [off]
  Göwnüňdäki ýaly bolmagyny isleseň, özüň etmeli...
 01.12.2025 / 12:04

+0

Pikirlere garaşsaň ýazars. näme ýazman, baýam ýazars... )

Men birini tanaýan, kiçilikden has dogrysy altynjy klasdan maşyn ussosynyň ýanda kömekçi. häzirki dille aýdamyzda possobnik. Garaz, ana şol oglan seň aýdyşyň ýaly hor bolanok. ýöne indi bir zady belläp geçmegimiz gerek. her seň ýazan ussalaň şo ýaş oglanjyklary ýanda kömekçi edip alaýasy gelenok. çünki tölemäne harçlary ýok. onsaň daýhan görgilä şunýaly sowukdada gitýär şugundyr köwleýär, pagta ýygýar, garaz iş gyt dälä...
Seň aýtýan elektriklaryňam biriniň togyny ýa başga bir işini biriniň edip oturanyny görseler derrow arzy şikaýat. onsaň häkärä ştraf eýlekem kliýentli bolupjyk galaýýar. onsaň kim kärini öwredesi geler? Dogry, bardyr birdir ýarymdyr adamlar, ýöne häkidä...
Sen çakkylyja dos düşwijesiňlaý, näme diýjek bolýanyma düşinensiňä. ))

Wyy, gürrüň o

 Premium
 Belki [off]
  Alladan dilänim -- bu gün ol meñki!
 01.12.2025 / 15:15

+0

Grammatikan zaya ken-ay, Nutdy!

 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 01.12.2025 / 20:16

+0

"Biziň döwürimizde enjam döwülse bejerilýärdi. A bu döwürde adam döwülse hajathanadan çykarýalar ola enjam ekeni"

 Täzeje
 Orhideya [off]
 01.12.2025 / 22:48

+0

siziňem aýdýanyňyz dogry welin , ýöne näme üçin şol elektrik , montýor ýa-da tikinçileri alamyzda şonça pul gazansalarda pullanyp baý bolup gidýäni ýok?
Meniň pikirimçe ýaňky ýokarda siziň yazgarýan biznes okuwlarynda berilýän maglumatlary bilenoklar yagny pullaryny nädip köpeltmeli baradaky pikirleri ýok.


Täzeje
Dark_Wolf  (02.12.2025 / 09:16) 

Orhideya, 5 ýyl portfelini süýräp okuwa gatnanlaryň hany özbaşdak biznesi barmy?

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 02.12.2025 / 09:52

+0

Dogry bizde bolsa hemme doktor etmekçi çagalarnyny ýylyna milýon milýon kontrakt tölabem bolsa oglyn ýa gyzyň nirde okaýa meditsinada okaýar diyip buysanýalar bularyň kopçüligi okuwy gutaranson başga işlerde işläp ýörler

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Çyn dost, ýalan dost we sh,m-lar hakda soraglara jogaplar


Edilen ýagshylygyñ gadyryny bilmeýänler kim? - Edilen ýagshylygñ gadyryny bilmeýänler, samsyklar hem ýaramaz gylykly adamlar. Gaty dogry...dowamy...

Ýasama Gurhan


Awtor - Rahman Zülfikarow Makalany awtoryň rugsady bolmazdan paýlaşmaň!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýasama Gurhan
Perhatsabirovv (Şugün, 19:31)

Ol meni aldady (oýlanma)


Awtor - Rahman Zülfikarow Makalany awtoryň rugsady bolmazdan paýlaşmaň!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ol meni aldady (oýlanma)
Perhatsabirovv (Şugün, 19:30)

Gyz paýlanşygy


Awtor - Rahman Zülfikarow Makalany awtoryň rugsady bolmazdan paýlaşmaň! Men hem rugsat alyp paýlaşýardym eserlerini......dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyz paýlanşygy
Perhatsabirovv (Şugün, 19:27)

Gyz paýlanşygy


awtory nabelli ekn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyz paýlanşygy
Prinsessa (Şugün, 18:05)

2 agyz gepim ba suni okap geçin


Mekdepde sapak okamaga baran bolsañ we şol sapaklaryñ ýada şu temalar barada öz pikirleriñi beýan eden bolsañ hemä özüñ begenerdiñ (reala, çata s...dowamy...

2 agyz gepim ba suni okap geçin


Goýýan mowzuklaryň köpüsinde awtorlary ýok. Onsoňam, kitapcy.ru saýtyndan alýanyňy admini bilýämikä?...dowamy...

Matallar


Bilseniz manada aydyn menem bilemok bulary...dowamy...
Erkin mowzuklar | Matallar
Minigim (Şugün, 14:57)

Ol meni aldady (oýlanma)


Ähli zat diňe bir zat üçin, ol gyza seň ýüregiňden baky ýer bermek üçin.- şul sözlemine goşulamok sebäbi Allah bizi synagdan geçirýär, egerde biz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ol meni aldady (oýlanma)
Minigim (Şugün, 14:46)

Ol meni aldady (oýlanma)


Awtor kim ozun yazan dalsina...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ol meni aldady (oýlanma)
Minigim (Şugün, 14:43)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->