Ýürekdeş sözler!
DOSTLAR BILEN ÜÝŞÜLENDE...
Daniel [off]
02.12.2025 / 09:20
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
Göwün kosmos deýin uçar,
Dostlar bilen üýşülende.
Ýüzlermizi şatlyk guçar,
Dostlar bilen üýşülende.
Gürrüñ gyzar goşgy hakda,
Kerim, Halyl başga hakda,
Bir aşygyñ yşgy hakda...
Dostlar bilen üýşülende.
Köz üstüne düzler çişlik,
Towuk soýlar, bişer daşlyk.
Ýaşlygmyza goşar ýaşlyk,
Dostlar bilen üýşülende.
Demläp tanka çaýyñ gögün,
Degşip (saklap dostluk çägin).
Gurarys toý (kiçirägin)
Dostlar bilen üýşülende.
Paýlanyşar derdu-gamlar,
Çözgüt tapyp, üsti gömler.
Bir pursatlyk bagta çümler,
Dostlar bilen üýşülende.
Gazal aýdyp, tar kakylar,
Ýönekeý däl, zor kakylar.
Çilimsizem keýp çekiler,
Dostlar bilen üýşülende.
Beýik Lukman Hekim ýaly,
Şat gün goşsak ömre sany,
Görmek bolar müñ ýaşany,
Dostlar bilen üýşülende.
179 |
14 |
1 |
3 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Abdylla19 [off]
02.12.2025 / 10:51
+2
,, Gowun kosmos deyin ucar" diylip bashlanyan shygyrda shahyr agzybirligiñ gadyr-gymmatyny wasp edyar. Aram-aram gowun soyen dostlaryñ bilen sohbetleship oturmak dunyañ aladasyny mydama bashy gamly kishiniñ bir dem bolsa-da bashyndan sowyar. Shygyr akgynly hem yazylan. Berekella!
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
