“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Adamyň akyly goýalyşanda geplemesi azalýar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Iç agyrydan ölen ýok - soramana gelen ýok / Toçno Bolan Waka
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 05.12.2025 / 17:39
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

Bu wakany men dostumyň (Sähediň) gürrüň bermegi boýunça ýazga geçirdim.
      Sähet bazardan gerek-ýaragyny satyn alyp, paketleri maşynynyň yzky sidenýasyna ýerleşdirip, özi hem sürüjiniň sidenýasyna geçdi we maşyny otlap, ýola düşdi. Uly ýoluň çatrygyna ýetiberende,  swetofora ýetmäge ep-esli galanda, maşynlaryň ýoly dolduryp duranyny gördi. Ol çatrykda bir zadyň bolandygyna göz ýetirdi we probka sögünmäge durdy. Bir salymdan onuň maşynynyň yzyny başga maşynlar nobat bilen doldurdylar. Az wagtdan Sähet öz maşynyny bilen çatrykdan geçmäge garaşýan maşynlaryň edil ortasynda düşdi.
       
Ine şu wagt Sähet bedeninde bir oňaýsyzlyk duýdy. Maşynlar bolsa örän haýal hereket edýärdi. Çatrykdan geçmek üçin 5-10 minut dagy gerekdigini aňyp bolýardy. Sähet ýüreginiň bulanyp, birdenem içiniň towlap başlany duýdy. Sähet bu ýagdaýa alada edip, oturan ýerinde eýläk-beýläk gobsundy. Ýöne alada-nerw ony beter etdi. Içiniň towlamasy güýjäp başlady. Maşynyň gazyna basyp ýöräp ugranam şoldy welin, 5-10 metr geçmän maşynlar ýene saklandy. Probka açylarly däldi. Sähediň bolsa erbet içi towlaýardy.
      Nämeden beýle bolýarka diýip, Sähet oýlandy. Günortan iýen zatlaryny ýatlady. Ýumurtgaly okroşka iýipdi, yzyndanam düýnden galan palawy halallapdy.  Bar iýenine puşman etdirdi düşen ýagdaýy. Içi towlap, bir zatlar akaýjak bolýardy. (şu ýagdaýda siz nämederdiňiz?)
     
Sähet çydamady. Maşynyny taşlap gideýin diýse, öňi-yzy haýal ýöreýän maşynlardan doly, onda-da nirä gitjek. Ýörese dagy balagyna döküläýmegem ahmal göründi.
     Inede swetofor ýakynlady, Sähediň aýagy maşynyň gazyny kadaly basyp bilenokdy. Maşyny sidenýada bir tarapa gyşaryp, bir eli bilen içini tutup sürdi.  O barmana ine-de çatryk, Sähet tasdan bir maşynyň böwrüne urupdy, bir eli bilen sowlup ýetişdi, çatrykdan geçiberende, şeýle bir gaza basdy, göýä maşynyň göti towlanyp giden ýaly boldy. Şol wagtam, ol içinden bir zat syzylyp çykýan ýaly duýdy, gözi garaňkyrady, mundan beýläk çydam edip bilmejegine düşündi.
   Çatrykdan geçip-geçmänkä ulagy ýoluň gyrasynda ýuwaşragada saklady. Batly tormoz bermäge ýagdaý ýokdy. Ýöne indi näme etmeli? Otlugyň aňyrsyndaky trotuardan birlän-ikilän adamlar geçişýärdi. 10-15 metr öňde awtobus duralgasynda 3-4 adam bardy. Yzdada ýoluň çatrygy. Gidere ýer ýokdy. Sähet balaga goýbersemmikäm diýip oýlandy. Ýöne pikirlenip oturmaga wagt ýokdy. Ol hasyr-husur edip, bardaçogy dörmäge durdy. Bardaçokdaky salfetka paçkasyny aldy, dişi bilen ýyrtyp daşyndaky pakedi aýyrdy. Salfetkalaryň ýarysy aýak aşagyna pytrady. Ýöne Sähet muňa äwmedi. Soňra ol yzky sidenýada produkta salnan paketleriň ulurak birini çekdi. Produktalar döküldi.  Pakedi hasyrdadyp çekip aldy.
    Sähet salfetkalaryň ýarysyny gysymynda mynjyradyp, gapdalyndaky sidenýada goýdy. Pakedi bolsa agyz arapyny giň açyp, g*tüni galdyryp, öz oturan sidenýasyna ýerleşdirdi. Bir eli bilen sidenýanyň gyrasyna agram berip, balagyny aýagyna aşak düşürdi. Maşynyň daşyndan seretseň, onuň maşynda näme üçin hars urýany düşnüksizdi. Ýöne özüne seretýäniň bardygy ýa ýokdugy barada pikirlenmek Sähediň ýadyna düşenokdy.
     Aýylganç ses bilen birlikde, burnuňy gaňryp barýan ys maşynyň içini doldurdy. Her näçe agramyny götermek kyn bolsa-da, Sähet bu gezek elini sidenýa diräp, bäş minut dagy agramyny saklamagy başardy.
    Her nämede bolsa nejasat pakediň içine düşüpdi. Ýöne elbetde Sähediň eline syçran damjalar sidenýa we beýleki ýerlerede syçrantgy degendigini bildirýädi. Sähet bu ýagdaýda uzak saklandy. Boldum edensoň, ol ýan sidenýadaky salfetkalary gysymlap alyp, ulandy. Gysymyndaky ulanylan salfetkalary bir eli bilen pakede atyp, balagyny galdyrdy. Seresaplylyk bilen pakedi alyp, agzyny towlap daňdy we gapdaldaky sidenýanyň öňündäki aýak goýulýan ýere goýdy. Pakediň agramynyň 2 kile dagy bardygy bildirýärdi.
     Sähet, öýüne sürmedi. Göni şäheriň etegine guma tarap tutdurdy.Ol öýüne barmanka, arassaçylyk geçmekçidi...
      Elbetde araňyzda Sähedi görenler bolmagy mümkin. Maşynyň içinde, gobsunyp, hars urýan birini görüpmidiňiz. Şonuň Sähet bolmagy gaty ähtimal.

(Bolan wakanyň esasynda).



143

28

2

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bentner [off]
  Nokat ýaly bähbit üçin otur ýaly eglenlerden eýleme
 05.12.2025 / 19:40

+1

Häkk Sähet syçak diysänim

 Täzeje
 Bagana [off]
  Ertir-betinden hem gytyndan...
 06.12.2025 / 22:52

+0

Häk Sähet eder, postoýanna sluçide

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgümiziň synagy


A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka? Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry.....dowamy...

Ogry oglum / hekaýa


Asgyraymarsyña ogurlyga gideñde:D...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ogry oglum / hekaýa
афганка (Düýn, 22:28)

Söýgümiziň synagy


Onsoñ yarashdynmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgümiziň synagy
афганка (Düýn, 22:16)

Söýgümiziň synagy


Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...

Söýgümiziň synagy


äriňden aýrylyshdyňmy sen? . we inni ýarashdyňmy?...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...

Söýgümiziň synagy


Şu wagt ýaraşdyňmy...dowamy...

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...

Söýgümiziň synagy


Eliňe köp sms gelýämi şolar ýaly...dowamy...

Söýgümiziň synagy


"Mejnun bilen söýgi synpynda bile okadyk, ol hemiše 4-lik, men bolsa diñe 5-lik alardym." Diýýådimi Oraz.Ýagmyr))...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->