“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Kadir : Soygulim yatlayan gollarym baglap

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sen düşýärsiň ýadyma
 Öwreniji
 yurekdesh [off]
 06.12.2025 / 21:20

Sen düşýärsiň ýadyma

Güýz sowulyp, gyşlar garyn sepende,
Arman bolup, sen düşýärsiň ýadyma.
Guşlar ýurdun taşlap, uçup gidende
Kalbym boşap, sen düşýärsiň ýadyma.

Arzuwlam durna deý uçup gidipdir,
Ýazlar bilen bile göçüp gidipdir,
Umytlam topragy guçup gidipdir,
Düýne dönsem, sen düşýärsiň ýadyma.

Gadyryny bilmän bagtly günleriň,
Sülleripdir ekip giden gülleriň,
Kä günleri, arka daňyp gülberim,
Ýola çyksam, sen düşýärsiň ýadyma.

Toý tomaşa bolsa, üýşse dost ýarlar,
"Arkaç Aýnam" aýdyp, çekilse tarlar,
Arşdan arman bolup, ýaganda garlar,
Ýüzüm ýuwup, sen düşýärsiň ýadyma.

●Amangeldiýewa Aýna
06.12.2025


160

20

5

8

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Bezzat [off]
  soyguli.unaux.com
 06.12.2025 / 21:33

+0

Like


Öwreniji
yurekdesh  (06.12.2025 / 22:23) 

Bezzat, thanks

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 06.12.2025 / 21:45

+0

Gowja goşgy bolupdyr :roza:


Öwreniji
yurekdesh  (06.12.2025 / 22:23) 

Gulmahrem, minnetdar

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 07.12.2025 / 12:12

+0

Tuweleme, Ayna gyz!


Öwreniji
yurekdesh  (07.12.2025 / 13:02) 

Daniel, 🙂

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 08.12.2025 / 00:10

+0

Ayna şahyryñ ,, Sen duşyarsiñ yadyma" diyen goşgusy gyz kalbynyñ ahmyrly yurek owazydyr. Her setiriñ arasynda koyen arzuwyñ ÿañy ÿañlanyar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 08.12.2025 / 00:18

+0

,, Sulleripdir ekip giden gullerñ" setirine garasañ aşykdan ayralyk umyt-tamalaryñ çygryndan çykyar. Şahyr gyz yhlasyñ hem wepadarlygyñ syrtmagynda jöwlan uryar. Gaygi-gamyñ icinde yaşap yoren gyz ucin oturmaga ÿer gaty, turmaga gök ÿakyn. Gowy goşgi.


Öwreniji
yurekdesh  (08.12.2025 / 10:21) 

Abdylla22, minnetdar kop kop

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->