Basmacy [off]
06.12.2025 / 23:12
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Şahyr Gurabannazar Ezizowyň
"Entäk sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogluňyz hem gyzyňyz"
- diýen ajaýyp goşgusyndaky "sadalyk" hakynda häzirki , döwürdeş şahyrlaň biri "bu döwürde sada bolsaň näme etjekleri belli däl" diýen ýalyrak jogap ýazypdyr. [Ol goşgynyň ady we awtoryny bilemok, kim bilse goýaýsyn]. Tipo "şahyrym, sen ýalňyşypsyň öýdýän, bu döwürde sadalara gün ýok, sada bolsaň adamlar depäňe çykýar" diýen ýalyrak äheňde ýazylypdyr. Bu hakykatdanam şeýlemi?!
Geliň, şu gün şol sadalyk diýilýän [sada kim?, sadalyk näme?] düşünjäni derňäp göreliň....
Sadalyk diýilse häzirki adamlaň düşünýän zady -
lapuh;
gulagyny sallap ýören;
Oýnatgyrak;
Ynanjaň;
- biri şekillenýär...
Sadalyk aslynda her bir ynsanda bolmaly häsiýet. Ynsany ynsan edýän aslynda şol - Sadalyk. Ony ýitirse, ynsanylygynda nogsanlyk bar diýip hasaplap bolar.
Gynansagam, häzirki döwürde sadalyk - ejizlik bilen çalşyrylýar.
Özümden mysal alsam - tanyş bolsun, nätanyş bolsun hemme kişi bilen bir bolşumy saklaýan. Emma, sadalygymdan peýdalanýanyny bilenimden soňra, hiç zady düşündirmän, sesimi çykarman gidýän.
Adalat bolsun diýýän, adalat üçin göreşýänlerem sadalardyr. Sebäbi olar diňe özüni bilenok. Hemişe gowluk bolsun diýýä, hemmäniň gowy adam bolmagyny isleýär.
Adalat üçin göreşýänlere hemişede kyn bolupdyr.
Emma bizem adam, hemişe daş b.n urýanlary aş bilen urup bilemizok. Muny geçmişde öwlüýäler, pirler eden bolmagy mümkin. Emma biz öwlüýä däl. Käwagt boýnuňa çykjak bolýanlary ýykyp, düňdermelem bolýar.
Häzirki döwürde mähriban bolmak, sada bolmak - uly güýç. Edepsiz we gödek bolmak itiň aňsady. Muny hemme başarýar (oňa hemme şertler bar).
Çynyň bilen içiňden ýagşylyk etmek, ýagşylyk islemek her kimiň başarjak zady däl. Bu öz-özünden bolonok.
Soňabaka şeýdip aramyzdan ýagşylygam ýitip gidýär. Sebäbi bu dowürde ýagşylyk edýänlerem sada hasaplanýar.
Tak çhto - Sadalyk ejizlik däl.
158 |
22 |
4 |
5 |
0 |
0 |
1 |
TäzejeBEGENJOVNA [off]
07.12.2025 / 00:36
+0
Durmushda nahili gowy adam bolsañyzam, bir gun adamlañ ozi yaly bolmaga mejbur bolarsyñyz.
Basmacy (07.12.2025 / 07:30)
BEGENJOVNA, Mysal üçin?!
TäzejeBEGENJOVNA (07.12.2025 / 13:09)
Basmacy, hemme zady bagyslap bolanok ony durmush owretya.
Good [off]
07.12.2025 / 12:24
+1
Sadalyk — göwni gözellik. Şahyryň aýdanyny häzirki döwür bilen deňeşdirip dogry getirip bilmeýänler köp elbetde. Ýöne şahyryň aýdýan, düşünýän sadalygy ol hakyky sadalyk. Sada adam hatda göwnüne degiji sözi, hereketi hem göwnüne degjek bolup diýýändir, edýändir öýdenok. Hemişe diňe gowy taraplary görýär. Gowy niýetde, gowy düşünjede, göwnüni hapalaman gezýär. Adam bolmagyň esasy sypatam şu aslynda. Köp adam bolsa @Basmacy agzaň aýdyşy ýaly sadalyga nädogry düşünýäler. Şeýdibem durmuşda hemme biri-birine şübheli seredýär. Aýdan, aýdýan gepiňi, edýän hereketiňi nädogry tarapa çekýäler düşünjäňe döneýinler... Tanyş-bilişlerimiziň arasynda seýrek bolsa-da, sada, göwni arassa adamlaryň barlygyna şükür.
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Belki (26.07.2026 / 10:12)