“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Admin : Näzik zatlar özüni goramaga has ukyply bolýarlar.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

GÖRÜNDI...
 Öwreniji
 Suray [off]
 07.12.2025 / 00:32

Daňdan saýran guşlar meni,
Oýarýan ýaly göründi,
Ybadata azan sesi,
Çagyrýan ýaly göründi.

Çökdi bulut zemin üste,
Garlar ýagyp buzlar örtse,
Ümsüm ýatan oba kentde,
Ruhumyň haly göründi.

Çyndyr toba edenligim,
Ger artmasa gedemligim,
Göwne düwen päk niýetim,
Hak ýola sary göründi.

Hergiz ismin ýad edenim,
Özüne ygtybar edenim,
Rahmeti nyýaz edenim,
Sözünde many göründi.

Bu pelegi barmy utan,
Her kalpda bir arman ýatan,
Din-imansyz mundan öten,
Dowzahyň nary göründi.

Bir Ol eşder nalyşymy,
Kalpdan yşgyň agyşyny,
Köne derde ýaş başymy,
Salanym ýaly göründi.

Suraý AMANAKOWA


171

22

10

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Enel2 [off]
  Cehennemin dibindeyim” dese yanına gidecek kadar çok sevdik bazılarını.
 07.12.2025 / 01:24

+0

Görindi

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 07.12.2025 / 01:51

+1

MashaAllah din bn baglanshykly gosgulary gowy gorýän

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:35

+1

Surayyñ goshgysy oran tasirli cykypdyr. Shahyr ynamyñ, has dogrysy, ymaniñ kalba siñishini, koñul sandygyny eÿeleÿshini oñat beyan edyar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:37

+1

Imansyz, etmishli adamlariñ ahyryet pursatlary dowzah narynda

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:39

+1

dowzah narynda ( odunda) yanjagyny yanjayar, siññitli dushunduryar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:41

+1

Shahyryñ bu goshgysynda pushmanyñ ÿelgini hem calarak ÿelpenip gidyar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:43

+1

Muny ,, cyndyr toba edenligim" diyen sozler bilen anyk tassyklap bolar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:50

+1

Hawa, Pelegi utup bolmayar. Utdurmayaram. Ol ynsanyñ ykbalynda gara tegmil goymaga dalashyar. Ynsan kysmaty Pelegiñ oyun-oynjagy. Ol gara gilyjyny bulaylap ustuñden ÿol salsa seniñ soyenjiñ, dayanjyñ, arkadagyñ Beyik Allatagala bolup duryar. Shondan dalda isleyañ, Biribara yalbaryañ. Shonda kalbyñ ynjalyk tapyar.


Öwreniji
Suray  (07.12.2025 / 12:52) 

Abdylla22, üns berip okanyňyz we teswirleriňiz üçin sag boluň. Minnetdar.


Täzeje
Abdylla22  (07.12.2025 / 14:12) 

Sag bol

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:52

+1

Beyik Yaradandan nalysh eylap gazanan haÿryñ seni ahli bela-beterden aman saklayar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 12:54

+2

Umuman, shygyr Suraÿyñ kalbynyñ hakyky zer danesi bolupdyr. Berekella!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->