“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Agrasdy, yone agraslygy bilen meni eretmani basharyardy. #Yekejelai

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

GÖRÜNDI♥️
 Özümiziňki
 Daniel [off]
 07.12.2025 / 03:33
 Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!



Daňdan saýran guşlar meni,
Oýarýan ýaly göründi,
Ybadata azan sesi,
Çagyrýan ýaly göründi.

Çökdi bulut zemin üste,
Garlar ýagyp buzlar örtse,
Ümsüm ýatan oba kentde,
Ruhumyň haly göründi.

Çyndyr toba edenligim,
Ger artmasa gedemligim,
Göwne düwen päk niýetim,
Hak ýola sary göründi.

Hergiz ismin ýad edenim,
Özüne ygtybar edenim,
Rahmeti nyýaz edenim,
Sözünde many göründi.

Bu pelegi barmy utan,
Her kalpda bir arman ýatan,
Din-imansyz mundan öten,
Dowzahyň nary göründi.

Bir Ol eşder nalyşymy,
Kalpdan yşgyň agyşyny,
Köne derde ýaş başymy,
Salanym ýaly göründi.

Awtor: Suraý AMANAKOWA


Bu pany dünýä, aldady
Köpçülik wagtyn, çaglady
Ýürekler gatap, galdymy?
Kyýamat ýakyn, göründi

Namazy goydular kaza
Kemeldi, tutýan oraza !
Hulklar bozuldy, bimaza.
Dinsizlik çaky , göründi

Näme boldy? Özgerdimi döwür
Wagtymyzda, galmady höwür
Altmyş, ýetmiş ýyllyk ömür
Göwnüme baky, göründi.

Namaza edeli yhlas .
Hiçkim otdan etmez halas !
Ybadatlar döreder şans,
Umytlañ pägi, göründi .

Allahym! Özüñ medet ber!
Ömrümize, bereket ber!
Entek ýürek, hereketde .
Birgün oñ, çägi görüner ...


Awtor: DayançKasym



Awtoryň başga mowzuklaryny okamak üçin aşakdaky ssylka bilen geçin!
Ahli mowzuklary


190

22

2

8

1

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 07.12.2025 / 08:35

+2

Dogrysy Dawut pyýgammeriň dögründe adamlar 700 800 ýyl ýaşanmyşlar, indi gör, 70 80. Ýöne her dögür bir dögür diýlenidä häki plonetaň adam sanyna işsizliklere seretseňä onça ýaş hökmanymyka diýen soragy orta atýar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 10:28

+2

Tasirli goşgylar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->