“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Geçici insanlar kalıcı dersler verir. #Yekejelai

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

EJEM
 Öwreniji
 Suray [off]
 07.12.2025 / 14:16

Gara başyň gara dagyň,
Da:şyndan gatydyr ejem!
Bu günlere gelen halyň,
Maňlaýyň hatydyr ejem!

Gyş gijelerniň tümligi,
Ýatladar geçen ömrüňi,
Megerem saňa bergili,
Pelegiň çarhydyr ejem!

Haka aýan kalbyň pägi,
Gany:mlaryň azmyş gäwi,
Ah, olaryň düşen güni,
Ýaradan gahrydyr ejem!

Ýalan dünýä edip höküm,
Ýazdyrsa-da sende ýükün,
Bolmadyň hiç boýny bükük,
Bükülen bagyrdyr ejem!

Geýmän, gören görgüleriň,
Iýmän, üzen bergileriň,
Goşga niçik sygdyraryn,
Ýazardan agyrdyr ejem!

Işlediň döküp derleriň,
Agyr geçse-de günleriň,
Il-güne güldi ýüzleriň,
Sözleriň süýjidir ejem!

Gözden nije ýaşlar dökdüň,
Ýagyr bolduň, ajy gepden,
Gör, sapaly güne ýetdiň,
Allanyň güýjidir ejem!

Suraý Amanakowa


190

23

12

13

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 14:21

+2

Suraydan yene bir ajayyp, saldamly mazmunly joshgy

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 07.12.2025 / 14:33

+2

Berekella! Suray gyz galamyñ ujy ýiti bolsun!

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 07.12.2025 / 14:35

+1

Eje hakdaky goshgular ýürege ýakyn
Ejeleri ýanynda bolanlar bagtly

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 14:54

+1

Shygryñ birinji bendinde şahyr durmush-yashayysh zerarly
enaniñ yashlykda goren gorguleri,mashgalasy, bala-cagalary ucin ceken azaplary, indi bolsa enaniñ rahatlygyñ hözurini goryanligi beyan edilyar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 14:58

+1

2-bent. Gysh gijeleriniñ garañky tumligi enaniñ hasratly, aladaly dowruniñ obrazly teswiri bolupdyr.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 15:03

+1

3-4 bentler. Bu bentlerde enaniñ gara kalp eyeleri tarapyndan bolan gapma-garshylyklar sebapli ceken hupbatlarynyñ beyany ceper berilipdir.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 15:05

+1

5-bentde shahyr perzendiñ ena bolan borc-bergileriniñ ummasyzlygyny ayan edyar.

 Täzeje
 Abdylla22 [off]
 07.12.2025 / 15:07

+2

Soñky iki bent shahyryñ ene baradaky yurek gyÿylmalarynyñ tolgundyryjy beyanyny beryar.

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 07.12.2025 / 16:18

+1

Abdylla22, agam goşgyny lezzet bilen okadyñ öýdýän.
Sag boluñ teswirler üçin!!!

 Täzeje
 Zuleyha [off]
 07.12.2025 / 19:50

+2

Gowy gosgy. Berekella

 Öwreniji
 Orazik [off]
  ,,Gaty arkayyn Buba"
 07.12.2025 / 23:06

+2

Tuweleme možny goshgy bolupdyr

 Täzeje
 MaksatH [off]
 09.12.2025 / 16:29

+0

Mähriban käbelermiziñ ömürleri uzak, janlary sag bolsun!
Minnetdar ýetiren ajap goşgyñyza. Galamyñyzyñ ujynyñ ýiti bolmagyny dileg etýän.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->