Ýürekdeş sözler!
Bulary bilyadinizmi
Orazik [off]
07.12.2025 / 23:16
,,Gaty arkayyn Buba"
Ilkinji telewizor 1907-nji ýylda Maks Dikman tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Onuň ekranynyň ululygy 3х3 santimetr eken. Onuň ekranyndan her sekuntda 10 kadr geçipdir. XIX asyryň ahyrynda hem telewizor ýasamaga ilkinji synanyşyklaryň edilendigini aýtmak gerek.
***
1931-nji ýylda telewizor önümçiliginde öňegidişlikler peýda bolupdyr. Elektron trubka arkaly şekilleriň görkezilip başlamagy bilen has ýokary hilli telewizor öndürmäge mümkinçilik döräpdir.
***
GDA-nyň giňişligindäki ilkinji telewizor 1949-njy ýylda öndürilipdir. Ol çykan ýyly we oýlap tapan adamlaryň familiýalarynyň baş harplary boýunça «KWN-49» diýlip atlandyrylypdyr. Bu telewizory döredenleriň Kenigson, Warşawskiý we Nikolaýewskiý dagylardygyny ýatladýarys. Şol telewizorlaryň jemi 2,5 million töweregi önümçilige goýberilipdir.
***
Beýik Britaniýada telewizora tomaşa etmek üçin salgyt tölenilýär. Her telewizor satyn alan adamyň ady hasaba alnyp, ol ýylda döwlete 150 funt tölemäge borçly edilýär. Şol serişdeler ВВС teleýaýlymynyň harajatlary üçin sarp edilýär. Muny ady agzalan teleýaýlymda hiç haçan mahabat arkaly gazanç edilmeýändigi bilen düşündirýärler.
***
Telewizora iň köp tomaşa edýän halkyň ýaponiýalylardygy aýan edilipdir. Bu babatda ýörite geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça Ýaponiýada adamlaryň bir gije-gündiziň 3-den bir bölegini telewizora tomaşa etmek bilen geçirýändigi ýüze çykarylypdyr.
***
Lukmanlar nahar iýýän mahalyň telewizora seretmegiň zyýanlydygyny aýdýarlar. Telewizora ünsüni sowmak bilen ynsan bedeniniň iýmit siňdiriş agzalarynda näsazlyk ýüze çykýandygy mälim eidlipdir. Şeýle-de, telewizora tomaşa edýän mahalyň nahar iýmek bilen artykmaç agramyň peýda bolmagyna hem mümkinçilik berýändigimizi unutmaly däldiris
Turkmenportal.com
151 |
26 |
1 |
8 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)